Türkmenistana wekilçilik edýän «Ahal» futbol kluby 2026/27-nji möwsümdäki AFK-nyň Çagyryş ligasynda toparçalaýyn tapgyrdan çykyp bilmän, ýaryşdaky çykyşyny tamamlady. Türkmenistanyň wise-çempiony üç duşuşykda dört utuk toplap, Günbatar zolagynyň «A» toparçasynda üçünji orny eýeledi. Türkmen kluby ýaryşy Butanyň «Paro» topary bilen deňme-deň oýnamak bilen (2:2) başlady. Ikinji tapgyrda Eziz Annammuhammedowyň tälim berýän topary Siriýanyň «Al-Ittihad» klubyndan uly hasap bilen ýeňildi (1:5). Jemleýji duşuşykda bolsa Liwanyň «Al-Ansar» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, toparçanyň liderine ýaryşdaky ilkinji gezek ýeňilmeklige sezewar etdi. Ýeňiş gazanylan duşuşykda Begenç Mämiýew we Ýakupmuhammet Gowşudow tapawutlandylar. Üç tapgyryň netijeleri boýunça «Al-Ansar» bilen «Al-Ittihad» toparlarynyň hersi alty utuk toplady, «Paro» toparynyň hasabynda bolsa bir utuk bar. Günbatar zolagyndan çärýek finala toparçalaryň üç ýeňijisi we ikinji orny eýelän toparlaryň arasynda iň gowy netije görkezen klub çykýar. Şonuň üçin üçünji orny eýelän «Ahal» ýaryşdaky göreşini dowam etdirip bilmedi. «Ahaldan» başga-da Merkezi Aziýanyň ýene dört kluby ýaryşa gatnaşdy, emma olaryň hiç biri çärýek finala çykyp bilmedi. Gyrgyzystanyň «Dordoý» we «Muras Ýunaýted» toparlary saýlama tapgyrynda ýaryşdan çykdylar. «Dordoý» Siriýanyň «Homs Al-Fida» toparyndan penalti urgulary boýunça ýeňildi, «Muras Ýunaýted» bolsa Bangladeşiň «Fortis» klubundan 0:1 hasabynda asgyn geldi. Täjigistanyň «Istiklol» we «Regar-TadAZ» toparlary toparçalaýyn tapgyry üç utuk bilen tamamladylar. «Istiklol» «Homs Al-Fida» toparyndan 0:2 hasabynda ýeňildi, «Regar-TadAZ» bolsa «Fortis» toparyndan 1:3 hasabynda asgyn geldi. Şeýlelikde, «Ahal» sebit klublarynyň arasynda iň köp gol geçiren topar boldy. AFK-nyň Çagyryş ligasy Aziýanyň klub futbolyndaky ähmiýeti boýunça AFK-nyň Elita Çempionlar ligasyndan we AFK-2 Çempionlar ligasy ýaryşyndan soň üçünji orunda durýar. Bu ýaryş futboly ösüp barýan ýurtlaryň futbol birleşiklerine wekilçilik edýän klublar üçin döredildi. Ýaryşyň 2024/25-nji möwsümdäki ilkinji çempiony «Arkadag» kluby boldy. Ol Pnompen şäherinde geçirilen finalda Kambojanyň «Prea Han Riç Swai Rieng» toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňdi. 2025/26-njy möwsümde bolsa kubogy Kuweýtiň «Al-Kuweýt» kluby gazandy. Häzirki möwsümiň final duşuşygyny 2027-nji ýylyň 8-nji maýynda geçirmek meýilleşdirilýär.