Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň Milli Assambleýasynyň agzasy, Parlamentara Bileleşiginiň (IPU) Parahatçylyk we halkara howpsuzlyk meseleleri boýunça Hemişelik komitetiniň agzasy hanym Şarmila Faruki bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi, hususan-da, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara we köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýaňy-ýakynda geçirilen halkara çäreleriň netijelerine ýokary baha berdiler. Bu çäreleriň halkara dialogy ösdürmekde, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam bermekde möhüm orny nygtaldy. Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň Milli Assambleýasynyň agzasy bilen duşuşyk geçirdi Hanym Şarmila Faruki bu çäreleriň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň wajypdygyny belläp, aýratyn-da, «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşi gazanmakda zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň ähmiýetini nygtady. Ol bu başlangyjy tejribe alyşmak, pikirleri paýlaşmak, şeýle hem parahatçylygy berkitmekde, jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmekde we durnukly ösüşi ilerletmekde zenanlaryň goşandyny öňe sürmek üçin halkara meýdança hökmünde häsiýetlendirdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→