Floridanyň gark bolan köçelerinde krokodiller we akulalar göründi

Floridada güýçli deňiz harasatyndan soňra suwa gark bolan köçelerde krokodiller we akulalar peýda boldy diýip, «uz.sputniknews.ru» habar berdi.
Ýerli ýaşaýjylar öýleriniň ýanynda ýüzüp ýören süýrenijileriň wideolaryny çap edýärler.
Tebigy hadysa çynlakaý netijelere getirdi: habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna laýyklykda, sil joş...

Dowamy »

22 0
Täzelikler, 3 days ago


Dünýäniň iň gowy restoranlary yglan edildi

Perunyň paýtagty Limada «The World’s 50 Best Restaurants» baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. 2026-njy ýyl üçin baýraga Ispaniýanyň Açondo şäherinde ýerleşýän Asador Etxebarri restorany mynasyp boldy. Onuň esasy aýratynlygy tagamlaryň diňe açyk otda taýýarlanýanlygydyr.
Ählumumy reýtingde ilkinji bäşlige Gaggan (Bangkok), Alchemist (Kopeng...

Dowamy »

27 0
Täzelikler, 3 days ago


Rubio işden aýryljakdygy baradaky habary ýalana çykardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary we Prezidentiň milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi Marko Rubio «The New York Times» gazeti bilen söhbetdeşlikde geljekki Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin taýýarlyk görmek bilen baglylykda, işden gitmekçidigi barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki habary ýalana çykardy.
Döwlet sekretary özüniň maksadyny...

Dowamy »

26 0
Täzelikler, 3 days ago


Argentinanyň ýaşaýjylary göýdüjege meňzeş jandary surata düşürdiler

Argentinanyň Tukuman ülkesiniň ýaşaýjylary göýdüjege (gnom) meňzeş geň jandara duşdular. Bu barada jandaryň wideosyny çap eden ýerli «Tucumán Noticias» portalyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Ýaşaýjylar göýdüjegi ösgün şekerçiňrik meýdanynyň ýanynda görüpdirler. Şaýat bolan ýoluň ýakasyny syryp barýan, soňra ösgün otlukda gizlenýän jandar...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, 3 days ago


Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Akaba prosessiniň sammitine gatnaşýar

Şu gün Astanada «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» temasy boýunça Akaba prosesiniň sammiti geçirilýär. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar diýip, akorda.kz habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanyndan başga-da, çärä Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bin Al...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, 4 days ago


Türkmenistanyň Prezidenti Astana sapar bilen bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana sapar bilen bardy. Bu barada zakon.kz saýty habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany saparyň dowamynda Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek «Akaba» prosesiniň sammitine gatnaşar.
«Akaba» prosesiniň sammiti 2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Astanada geçi...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, 4 days ago


Serdar Berdimuhamedow «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara gutlag iberdi. Medeni çäräniň dabaraly açylyşy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler. «Türkmeniatan» gazetinde ýerleşdirilen gutlagda şeýle bellenilýär:
«Ho...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, 4 days ago


Özbegistan Türkmenistan bilen serhetde täze köpri gurar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen serhetdäki Alat etrabynda täze köpri gurmak üçin öz gaznasyndan 25 milliard som bölüp bermegi tabşyrdy. Bu köprüniň gurulmagy Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýük akymyny artdyrmaga ýardam eder. Şeýle-de taraplar COVID-19 pandemiýasy döwründe girizilen ýük tirkeglerini çalşyp ti...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, 4 days ago


Türkiýäniň Dini işler müdirliginde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

«Arkadagyň ruhy metjidi» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Türkiýäniň dini işler müdirliginiň ýolbaşçysy, professor Safi Arpaguş bilen duşuşdy. Duşuşyga «Diyanet» müdürligiň daşary gatnaşyklar boýunça baş müdirliginiň baş müdiri Ensari Ýentürk hem gatnaşdy. Bu barada Türkiýäniň Dini işler müdirligi habar berdi.
Türkmenis...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, 4 days ago


Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ylmy-barlaghanasynda arheologik tapyndylary dikeldiş işleri geçirilýär

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň ylmy-barlaghanasynda hünärmenler, mugallymlardyr talyplar tarapyndan arheologik tapyndylary dikeldiş hem-de bejeriş işleri geçirilýär.
«Altyn asyr» elektron gazetinde berilýän habara görä, Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatar böleginde Parfiýa şa...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, 4 days ago


Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri BOMCA-nyň Almatydaky duşuşygyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri 4-5-nji noýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA) çäklerine Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýada resminamalaryň galplaşdyrylmagyna garşy göreşmek, sebitara hyzmatdaşlygyny we maglumat alşygyny güýçlendir...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, 4 days ago


Türkmenistandan bolan sazanda «Altyn dombyra» halkara bäsleşiginiň laureaty boldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Myrat Aşyrow Gazagystanyň Atyrau şäherinde 29–30-njy oktýabrda geçirilen «Altyn dombyra» atly VII halkara bäsleşiginde üçünji orna mynasyp boldy. Ol daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda baýrakly orna eýe bolan ýeke-täk sazanda boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron ne...

Dowamy »

38 0
Täzelikler, 4 days ago


Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebiniň rektory Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň maslahatyna gatnaşdylar

3–6-njy noýabr aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýolbaşçylary Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň «Emeli aň eýýamynda uniwersitetleriň ähmiýeti» atly şygar astynda geçirilen XVII umumy maslahatyna gatnaşdylar. Maslahat Awstraliýanyň P...

Dowamy »

35 0
Bilim, 4 days ago


Hindistanyň günortasynda gaýyk agdarylyp, 11 halas ediji dereksiz ýitdi

Hindistanyň günortasyndaky Telangan ştatynda çarşenbe agşamy iki gaýyk agdarylyp, 11 sany halas ediji dereksiz ýitdi. Bu barada ýerli ýolbaşçylara salgylanýan «Sinhua» agentligi habar berdi.
Halas edijileri alyp barýan gaýyklar ştatyň merkezi Haýdarabat şäherinden 247 kilometr gündogardaky Betupalli kölünde gaý wagty agdaryldy. Ýolbaşçylary...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, 4 days ago


BSGG-niň we ÝUNISEF-iň bilermenleri Türkmenistanda sanjym işini dolandyrmagyň netijeliligine baha berýärler

Türkmenistanda 2–20-nji noýabr aralygynda sanjymlary dolandyrmagyň netijeliligine baha bermek boýunça işler geçirilýär. Bu baha beriş işi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar...

Dowamy »

38 0
Täzelikler, 4 days ago


«Google» bäş ýurtdaky işgärlerine meýletin işden çykmagy teklip etdi

«Google» amerikan kompaniýasy Germaniýadaky, Kanadadaky, Fransiýadaky, Şweýsariýadaky we Ýaponiýadaky işgärlerine çykdajylary azaltmak maksatnamasynyň çäklerinde meýletin işden çykmagy teklip etdi. Bu barada «Reuters» agentligi çeşmelere salgylanmak bilen habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Kompaniýa şeýle etmek bilen, tygşytlanan maliýe serişde...

Dowamy »

36 0
Tehnologiýa, 4 days ago


Türkmenistanyň «Expo 2030 Riyadh» sergisine taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen «Expo 2030 Riyadh» sergisiniň halkara gatnaşyjylar departamentiniň direktory, öňde boljak Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň ýurt boýunça utgaşdyryjysy bolup durýan Muhammet bin Garadyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenist...

Dowamy »

33 0
Täzelikler, 4 days ago


Aşgabatda çagalar üçin «Blender-de» 3D-modirleme okuwlaryna kabul edişlik başlandy

Çagalar üçin halkara programmirleme we dizaýn mekdebi «CODDY» «Blender» boýunça okuwlaryň başlanandygyny yglan etdi. Sapaklar 16-njy noýabrda başlanar, ýazylyşyk eýýäm açykdyr.
«Blender» näme?
«Blender» üç ölçegli grafikleri döretmek professional okuw maksatnamasydyr. Onuň kömegi bilen göwrümli modeller işlenip düzülýär, animasiýalar...

Dowamy »

36 0
Bilim, 4 days ago


Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň täze bellenen daşary işler ministri bilen duşuşdy

Rumyniýanyň DIM-inde täze bellenen daşary işler ministri Sebastian-Danut Nekulesku bilen Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew hem gatnaşdy. Duşuşykda Rumyniýanyň Daşary işler ministri ähli diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylaryny mähirli garşylady...

Dowamy »

33 0
Täzelikler, 4 days ago


Aşgabatda 35-den gowrak hünärmen metan syzmalaryny hemra arkaly ýüze çykarmak boýunça bilimlerini kämilleşdirdi

4–5-nji noýabrda Aşgabatda nebitgaz pudagynda metan zyňyndylaryny ýüze çykarmak we seljermek üçin hemra maglumatlaryny düşündirmek hem-de ulanmak boýunça iki günlük amaly okuw geçirildi.
Çäräni Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýasynyň (IMEO) üsti bilen «Carbo...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, 4 days ago


Lukman garramagyň ilkinji howsalaly alamatlaryny agzady

Haýal we ynamsyz ýöremek, agramyň azalmagy, şeýle hem huşuň, görüşiň we eşidişiň gowşamagy bedeniň garramagynyň alamatlary bolup durýar. Bu barada Russiýanyň Pirogow unuwersitetiniň Gerontologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktory, Russiýanyň Gerontologlar we geriatrlar assosiasiýasynyň prezidenti Olga Tkaçýewa gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar...

Dowamy »

31 0
Täzelikler, 4 days ago


«Turkmenportal» žurnalistleri işe alýandygyny yglan edýär

«Turkmenportal» internet neşiri öz redaksiýasyna žurnalistleri işe alýandygyny yglan edýär. Neşire köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (KHBS) iş tejribesi bolan, türkmen we rus dillerini gowy bilýän işgärler gerek.
Ýerine ýetirmeli işler:
wajyp habarlary gözlemek we yzarlamak;
täze habarlary ýazmak we press-relizler boýunç...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, 4 days ago


Ýaponiýa Türkmenistana serişdeleri gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy hödürledi

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 5-nji noýabrda Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlamentdäki orunbasary Akiko Ikuina tarapyndan kabul edildi.
Türkmen diplomaty hanym Ikuinany täze wezipä bellenmegi bilen gutlady. Ol iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň işjeň alşylýandygyny belläp, dostlukly gatnaşyklary...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, 4 days ago


Altynyň bahasy 22-nji oktýabrdan bäri 4100 dollardan geçdi

Nýu-Ýork haryt biržasynyň şahamçasy bolan «Comex» biržasynda 2026-njy ýylyň dekabrynda eltilmeli altynyň fýuçersiniň bahasy üstümizdäki ýylyň 22-nji oktýabryndan bäri ilkinji gezek üçlük unsiýa üçin 4100 dollardan geçdi. Bu barada söwda meýdançasynyň maglumatlaryna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Moskwa wagty bilen sagat 03:30-de (Aşgab...

Dowamy »

38 0
Täzelikler, 4 days ago


Türkmenistanly we pakistanly gümrükçiler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tejribe alyşdylar

3-4-nji noýabrda Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyň bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük işgärleriniň arasynda tejribe alyşmak maksady bilen okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Çäräniň dowamynda pakistanly gümrük işgärlerine Hazarýaka sebiti...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, 4 days ago