Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabara geçirildi

Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda her ýyl 24-nji oktýabrda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje giren gününiň hormatyna bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişel...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkiýede kömür şahtasynda partlama boldy

Türkiýäniň Zoňguldak ülkesindäki kömür şahtasynda güýçli partlama bolup, azyndan iki adam gurban boldy, bäş adam ýaralandy.
Ýerli teleýaýlymyň habar bermegine görä, ejir çekenler hassahana ýerleşdirildi. Betbagtçylygyň bolan ýerinde halas edijiler we dessin gulluklar işleýärler. Partlamanyň anyk sebäbi öwrenilýär.

Dowamy »

73 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Dünýäniň Merkezi banklary altyn pul ätiýaçlyklaryny ABŞ-dan çykarýarlar

Dünýä ýurtlarynyň Merkezi banklary altyn pul gorlaryny gyssagly artdyryp başladylar. Şu ýyl her aýda ýurtlar 80 tonna altyn satyn alýarlar, bu 2022-nji ýyldakydan dört esse köpdür diýip, «news.by» habar berýär.
Galyberse-de, döwlet we hususy banklar özleriniň gymmatly metalyny ABŞ-daky saklawhanalardan çykarýarlar.
Bu ýagdaý häzirki ç...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, 2 weeks ago


«Turkish Airlines» 26-njy oktýabrdan başlap Aşgabat bilen Stambul arasynda hepdede 18 uçuş amala aşyrar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabryndan başlap Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça hepdede 18 uçuş amala aşyryp başlar. Bu barada awiakompaniýa habar berdi.
Tertip 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 27-nji martyna çenli hereket eder. Her tarapa her gün iki uçuş amala aşyrylýar.
Stambul...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Ýazyjy Hudaýberdi Diwangulyýewiň ömür-döredijiligine bagyşlanan çäre geçirildi

Erkin döredijilik mekanynyň dabaralar zalynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýewiň ömür-döredijiligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ony Türkmen döwlet neşirýat gullugy, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Aşgabat şäher Geňeşi bilelikde gurady....

Dowamy »

54 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Gutlag hatynda döwlet Baştutany BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady

Ozal habar berşimiz ýaly, 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni ýurtda Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini, türkmen alabaýynyň merdana tü...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Prezident raýat awiasiýasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy tabşyrdy

Prezident raýat awiasiýasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy tabşyrdy. Bu baradaky degişli tabşyryk şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annaýewe berildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň raýat awiasiýasy pudagynda halkara kadalaryna laýyk gelýän döw...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Tatarystanyň Baştutany Türkmenbaşyda geçirilen «Tatar gyzy — 2026» bäsleşigi üçin hoşallyk bildirdi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Liderini Tatarystan Respublikasynyň adyndan hem-de hut öz adyndan türkmen tarapynyň işjeň gatnaşmagy hem-de goldaw bermegi bilen, myhmansöýer Türkmenbaşy şäherinde «Tatar gyzy — 2026» atly halkara bäsleşigiň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hindi dili mugallymy wezipesine boş iş ornuny yglan etdi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hindi dili mugallymy wezipesine işe kabul edýändigini yglan etdi. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi bildirişinde habar berilýär.
Bu wezipä Türkmenistanyň raýatlary dalaş edip bilerler. Saýlanan dalaşgär bilen bir ýyllyk zähmet şertnamasy baglaşylar.
Dalaşgär hindi dilini we edebiýatyny çuň...

Dowamy »

71 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa milli kanunçylygy berkitmek boýunça alnyp ba...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Standartlaşdyrmak ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk ösdüriler

Türkmenistanda standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk ösdüriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda bu ulgamy kämilleşdirmek we...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 2 weeks ago


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döw...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanyň gurluşyk we senagat pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan halkara sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar geple...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanyň dokma kärhanalary Polşadaky «Fast Textile – 2026» halkara sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň dokma kärhanalary Polşa Respublikasynyň Žguw şäherinde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçiriljek «Fast Textile – 2026» halkara sergisine gatnaşar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirk...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyny geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin d...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanda kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuna bagyşlanan halkara maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahata hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumyny geçirmek meýille...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 2 weeks ago


«Aşgabat – Daşoguz» awtomobil ýolunyň gurluşygy üçin şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda awtomobil ýollaryny we köprülerini gurmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, Awtomob...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Tramp özüni gartaşan adam hasaplamaýandygyny aýtdy

Iýunda 80 ýaşy dolan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüni gartaşan adam hasaplamaýandygyny aýtdy, onuň çykyşy «C-Span» portalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» habar berdi.
«Men garry däl, ýok, ýaşym 40-dan geçdi. Men özümi şeýle-de (kyrk ýaşymdaky ýaly) duýýaryn» diýip, Tramp aýtdy.
Tramp akyl ukyplary boýunça eýýäm üç gezek lukmanç...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, 2 weeks ago


GAR-ly ýazyjy zenan EA-nyň kömegi bilen 371 kitap ýazdy

Günorta Afrikada ýaşaýan Koral Hart edebi lakamly ýazyjy zenan soňky 20 aýda 371 kitabyny çap etdirdi, olary emeli aňyň kömegi bilen ýazdy diýip, ýerli EWN radioýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi.
2025-nji ýylyň fewralynda Hart emeli aňyň kömegi bilen kitap ýazmaga başlady. Ondan öň 14 ýyl neşirýatda işledi we nusgawy usulda birnäçe çaga...

Dowamy »

85 0
Tehnologiýa, 2 weeks ago


Hytaýda güýçli ýertitreme boldy

Ýewropa-Ortaýer seýsmologik merkezi (EMSC) Hytaýyň günbataryndaky Tibet özbaşdak etrabynda güýji 7,1 bala deň bolan ýertitremäni hasaba aldy. Bu barada «MIR 24» habar berdi.
Seýsmiki işjeňlik ýerli wagt bilen sagat 14:33-de hasaba alyndy. Onuň merkezi Nagçu şäher okrugyndan 200 kilometr demirgazyk-gündogarda ýerleşdi. Ýerasty sarsgynlaryň bo...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 16,2 milliard manatdan geçdi

2026-njy ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 16 milliard 275 million 645 müň manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň «Bank habarlary» elektron žurnalynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, ýanwar — iýul aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan...

Dowamy »

62 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Ýewropada şu ýylyň tomsunda heläk bolanlaryň sany belli edildi

Bu ýyl Ýewropada jokrama yssyda azyndan 50 müň adam pida boldy. Alymlar 850 sany ýewropa şäherleriniň statistiki hasabatlaryny seljerip, şeýle netijä geldiler. Hünärmenler eger obalardaky ýagdaý hasaba alynsa, hakyky sanyň has köp bolmagynyň mümkindigini belleýärler.
Alymlaryň sözlerine görä, geçen tomus öňki ölümlilik rekordlaryndan geçip,...

Dowamy »

63 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Hindistandaky festiwalda bir adam heläk boldy, ýüzlerçe adam ýaralandy

Hindistanyň Andhra-Pradeş ştatynda her ýyl geçirilýän Banni festiwalynda bir adam pida boldy, ýüzlerçe adam ýaralandy diýip, «news.by» habar berdi.
Däp bolşy ýaly, bu baýramçylyk Şiwa taňrynyň gara güýçleri ýeňşine bagyşlanandyr. Gadymy dessura eýerilip, festiwala gatnaşyjylar bir-birlerini bambuk taýaklary bilen ýençýärler.
Ýerli häk...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabara geçirildi

Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda her ýyl 24-nji oktýabrda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje giren gününiň hormatyna bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişel...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, 2 weeks ago