Zenan diýmegiň özünde bir üýtgeşik gudratlylyk bar. Türkmen Zenanlaryň asyllylygy, mylaýymlygy, mertebeliligi, päkizeligi, sabyrlylygy, nuranalygy, şirin sözlüligi, özboluşly mekdepdir. Aslynda türkmen maşgalasynda zenana bolan hormat, sarpa çäksizdir. Durmuşdaky hiç bir ýagdaý, jemgyýetdäki hiç bir hadysa zenan dünýäsinden sowa geçmeýär. Durmuşda maşgalanyň aglaba bölegini zenanlarymyzyň gerdenine düşýändigini aýtmak bilen, öýüň arassaçylygy, nahar-suwy, tertip-düzgüni zenan maşgalanyň gerdenindedir. Ene-mamalarymyzdan galan söz bar, enesini görde, gyzyny al, gyrasyny görde bizini al diýilipdir. Ol söz ýöne ýere aýdylmandyr. Gyz maşgala enesine görä baha berlipdir. Ýa bolmasa gyzym bar, gyzylym bar diýip aýdylmagyda ýöne ýere däldir. Baýdak ýaly gelinlerimiz öý-ojagyň eýesidir, baran öýüni mähri bilen ýyladýan mähir ummanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym“ atly ajaýyp kitabynyň “Öý ojagyň gelşigi” atly bölüminde: “Maşgalada zenan öý-ojagyň gelşigi, söýesi hasaplanýar. “Çagalarynyň enesiniň“ öýdedigine göz ýetiren öý eýesi hemişe arkaýyn bolýar. Çünki perzentleri üçin ganatyny gerýän mähriban ynsan öýde, ol ogul-gyzyny ünsdir mähir bilen gurşaýar. Şol mähribanlygy, duýup kemala gelen çagalaryň sypaýy, rehimdar, işeňňir, adalatly, merdana bolup kemala gelýändigi hakyndaky täsin maglumatlar özüne çekýär“ diýip belleýär. Merdana gerçekleri dünýä inderýän käbelerimize näçe guwansak azdyr. Olaryň öwüt-ündewleri, edep-ekramlylygy bagtly ýaşaýşa ruhlandyrýar. Asylly enäniň terbiýesini alan gelin gaýyn enesiniň ýürekdeş hereketlerine dogry düşünýändir. Gaýyn-gelin gatnaşygy maşgalada agzybir, asuda, bagtyýarlykda özara baglanşykda alynyp barylýandyr. Maşgala – döwletlilikden, bagtyýarlykdan, agzybirlikden nyşandyr. Hormatly Prezidentimiz maşgala binýadynyň berk bolmagyny gazanmagy dowlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda goýýar. Durmuşda ata-ene we perzentlik borjunyň özara sazlaşmagy sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Maşgalada çaganyň ilkinji gözüni açyp görýäni Mähriban ejesi. Eje-mähriban enedir. Ene –keramat. Ene-gudrat. Ene-döwletli ojak. Ene-beýik ýaşaýyş. Ene hakda söhbet etseň, adamzadyň sag salamatly göz öňüňe gelýär. Çünki ene öz ýüregini, ömrüni perzentlerine bagyşlamaga taýýar ynsan. Ene maşgalanyň örki, diregi bolmak bilen, çaga terbiýesiniň ilkinji mugallymydyr. Enäniň ornuny hiç kim tutup bilmez. Bize her bir sözi mekdep bolan, kalpda ebedi orun alan eneler üýtgeşik gudratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp kitabynda mähriban käbelerimize, zenanlarymyza goýulýan hormaty, öz mähriban käbesi Ogulabat ejä bagyşlanyp, onda ene ýüreginiň mähir çyragynyň şuglasy maşgala terbiýesinde Gün ýaly nuruny saçýar. Zenan maşgala ojagynyň daýanjydyr, ähli gözellikleriň seresidir. Görüm-göreldäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe sözleri bilen däl, eýsem, özleriniň asylly hereketleri, gylyk-häsiýetleri bilen hem nusgadyr. Aslynda, türkmen zenanynyň balasyny körpejeliginden apalaýşy, ony çagalyk, ýetginjeklik, ýaşlyk döwürlerinde terbiýeleýşi özboluşly bir mekdepdir. Gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asyllylyk, agraslylyk, edeplilik ýaly endiklerini gülden näzik gyzlarynyň aňyna ýaşlykdan guýýarlar. Pähimdar halkymyzyň ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýýan hormaty gadym zamanlardan bellidir. Merdana halkymyzda “Gyz edebi – il edebi”, “Gyzly öý – gyzylly öý”, “Gyzym – gyzylly halkam”, “Enem – käbäm, atam –kyblam”, “Ene eli em, dili melhem” ýaly ajaýyp pähimler bar. Her bir türkmen maşgalasynda ene-ata, Watana, topraga bolan hormat uludyr. Ene-ata öz perzentlerini mähir-muhabbet bilen gurşap alyp, olaryň edep-ekramly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Nesilden-nesle geçip gelýän terbiýe meselesinde zenan maşgalalara hormat goýmak üýtgewsiz berjaý edilýär. Zyýanly endiklerden daşda durmak, ýagşylygy ýaran edinmek halkymyzyň üýtgewsiz durmuş ýörelgesidir. Türkmen halky gelin-gyzlaryny ýüzüniň tuwagy, edebi, namys tugy hasaplaýar. Gyz maşgala enesinden öwüt-ündew alyp, ony nusga edinýär. Bir hakykata üns bereliň, täze nahaly haýsy tarapa ugrukdyrsaň, ol şol ugur boýunça-da ösüp ulalýandyr. Edil şol kysmy, enede gyzyna çagalykdan terbiýe sapagyny geçýär. Olara kiçilikden başlap, edep kadalaryny, öý-hojalyk işlerini, tikin-çatyn işlerini öwretmek bilen gyz çagany geljekki durmuşa taýýarlaýar. Türkmen zenanlarynyň el işleri olaryň gözellik dünýäsiniň aýyrylmaz bölegidir. Onda durmuş sapaklary, gözellige, halal zähmete bolan söýgi jemlenendir. Gelin-gyzlarymyzyň hünärli ellerinden çykan keşdeler, kürtedir çyrpylary, türkmen halylary hakynda türkmeniň geçmiş taryhyna bagyşlanan kitaplarda hem suratlandyrylypdyr. Şeýle-de gelin-gyzlarymyzyň edebi, ekramy, mylaýymlygy, hüý-häsiýeti bilen taryhda yz goýmagy başarypdyrlar. Ene-mamalarymyz ir döwürlerde-de gyzlarydyr gelinlerine edepli bolmak hakynda, olaryň geýýän köýnekleriniň ýeňleriniň bileklerini ýapyp durmaklygyny, owadan nagyş bilen nagyşlanan köýneginiň ýakasynyň iňňebagjykdyr kümüşden ýasalan gülýakalar bilen bokurdakdan berkidilmegini, geýýän köýnekleriniň topugyny ýapmagyny ündäpdirler. Şeýle-de gelin-gyzlarymyzyň edepli-ekramly bolmagy üçin olaryň eýýäm çagalygyndan saç timarlamak, saçy örmek hakyndaky däp-dessurlary hem ene-mamalarymyz gyzjagazlara çagalykdan öwredipdirler. Garry enelerimiz ýaňy gulpakdan saýlananja gyzlara saçy daramak hem örmek edebini öwredende, öýüň içine saç tarlarynyň pytrap gitmezligi üçin ullakan ýaglygy ýazyp, gyzjagazlaryň saçlaryny agaçdan ýasalan darak bilen darapdyrlar. Saç daralyp bolnansoň, ýaglygyň üstüne gaçan tarlaryny ellerini suw bilen çyglap, ýygnapdyrlar. Çünki saç tarlarynyň ýaşalýan otagyň içinde seçelenip ýatmagyny halamandyrlar. Şeýle bolansoň, ene-mamalarymyz ýagşy dilegler edip, gyzjagazyň özüne üçburçluk edip daşyna alaja ýüp aýlanan saç bukjasyny tikip berip, gyzjagazlar saç daralanda düşen saç tarlaryny şol bukja salyp ýygnapdyrlar. Ony bolsa her gurbanlykda adam aýagy düşmedik ýerde ýagşy niýet bilen gömüpdirler. Türkmençilikde saç bilen bagly yrymlaryň ýene biri şol daralan saçyň tary daşarda guş çüňküne düşmeli däl, düşäýse-de ol şol saçyň ösmegine zyýan diýip yrym edipdirler. Ene-mamalarymyz gyzlara öwüt-nesihat berende, ýigidiň uýasyna sargytlary hökmünde: « Gyz- gulplyja sandyk ýaly bolmaly. Märekäniň üýşen ýerlerine baranyňda gyz edebiňi sakla. Iliň gözi ýitidir. Ädimiňden tanar. Sözläňde sözüň, güleňde gülkiň çasly çykmasyn. Sen sebäpli erkek doganyň ýüzüni sallamaly bolmasyn. Üstüňe ganatyny gerip duran gyzyl ýüzli erkek doganlaryň ary-namysy, iliň öňüne düşüp ýören ataň hakydaňdan gitmesin» diýip aýdypdyrlar. Pähimdar ata-babalarymyz terbiýeli çagany miweli baga meňzedipdirler. Terbiýeli perzent göýä miweli daragt ýaly, ile-güne hemaýat saýasyny salýar. Onuň nesil ulgamy ösüp-örňäp, şaha ýaýyp, dowamat-dowam bolýar. Mähriban zenanlarymyz, enelerimiz jemgyýetçilik durmuşymyzyň bezegidir. Zenan - asuda ýurdumyzyň tugudyr, tugrasydyr. Mähriban zenanlarymyzyň, enelerimiziň, baýdak ýaly gelinlerimize hormat, sarpa goýýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ili abat, ömürleri uzak bolsun! Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň mugallymy Şemşat Berdiýewa

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→