Çaganyň kemally şahsyýet bolup ýetişmeginde sözleýiş diliniň ähmiýeti örän uludyr. Sözleýiş dili çaganyň daşky dünýä bilen aragatnaşyk saklamagynyň, öz pikirlerini beýan etmegiň, duýgularyny w isleglerini düşündirmegiň esasy serişdesidir. Çaganyň söz baýlygynyň artmagy, dogry we düşnükli geplemegi onuň akyl, pikirleniş we döredijilik ukyplarynyň ösmegine oňyn täsir edýär. Şonuň hem mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek terbiýeçilik we bilim işleriniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde terbiýeçiniň we mugallymyň orny örän uludyr. Çaga ulularyň gepleýşine öýkünýär, olaryň aýdýan sözlerini gaýtalaýar we kem-kemden özbaşdak sözlemegi öwrenýär. Şonuň üçin ulular çagalar bilen arassa, düşnükli, dogry we täsirli dilde gepleşmelidirler. Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde şu aşakdaky ugurlara aýratyn çns bermek zerurdyr: Söz baýlygyny artdyrmak: Çagalara täze sözleri öwretmek, olaryň manysyny düşündirmek şol sözlerigündelik gepleşikde ulanmagy öwretmek möhümdir. Suratlar, oýunjaklar, tebigy zatlar we dürli görkezme esbaplary çagalaryň söz baýlygyny artdyryp bolýar. Dogry ses aýdylyşyny ösdürmek: Çagalaryň sesleri dogry aýtmagy, sözleri aýdyň we düşnükli geplemegi üçin dürli artikulýasiýa maşlaryny geçirmek peýdalydyr. Şeýle hem sesleri tapawutlandyrmak, sözleri gaýtalamak we dil maşklaryny ýerine ýetirmek çaganyň sözleýiş endiklerini ösdürýär. Sözlemleri dogry düzmegi öwretmek: Çagalara iki-üç sözden ybarat sözlemleri düzmegi öwretmek gerek. Mugallym çaganyň beren jogaplaryny üns bilen diňläp, onuň pikirini doly sözlem bilen beýan etmegine ýardam bermelidir. Baglanyşykly sözleýişi ösdürmek: Çagalara gören zatlaryny, başdan geçiren wakalaryny, suratlarda şekillendirilen ýagdaýlary gürrüň bermegi öwretmek zerurdyr. Ertekileri gürrüň bermek, hekaýajyklary düzmek, goşgulary aýtmak we wakalary yzygiderli beýan etmek baglanyşyklu sözleýişi ösdürýär. Çeper edebiýat bilen tanyşdyrmak: Ertekiler, goşgular matallar, nakyllar we çagalar üçin niýetlenen hekaýalar çagalaryň dil baýlygyny artdyrýar. Çeper eserleri diňlemek çagalaryň ünsüni, ýadyny, hyýalyny we pikirleniş ukybyny ösdürýär. Sözleýiş dilini ösdürmekde ulanylýan oýunlar möhümdir. Sebäbi oýunlar çaganyň esasy işjeňligidir. Şonuň üçin sözleýiş dilini ösdürmekde didaktiki we hereketli oýunlardan peýdalanmak örän netijelidir. “Bu näme?” oýny- okuwçylar görkezilen predmedleriň atlaryny aňladýarlar. “Haýsy ses bilen başlanýar?” oýny – sözleriň ilkinji sesini kesgitleýärler. “Surata seret we gürrüň ber” oýny – çagalar surat boýunça öz pikirlerini beýan edýärler/ “Sözi dowam et” oýny - mugallymyň başlan sözlerini okuwçylar dowam etdirýärler. “Ertekini dowam etdir” oýny – okuwçylar ertekiniň soňuny özbaşdak oýlap tapýarlar. Şeýle oýunlar çagalaryň özbaşdak pikirlenmegine, erkin geplemegine we aragatnaşyk endikleriniň ösmegine ýardam edýär. Jemläp aýdanymyzda, okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmekde üznüksiz we yzygiderli alnyp barylmaly işleriň biridir. Çagalar bilen geçirilýän söhbetdeşlikler, didaktiki oýunlar, ertekiler, goşgular suratlar boýunça gürrüňler olaryň söz baýlygyny artdyrmagynba we pikirlerini erkin beýan etmegine kömek edýär. Her bir mugallymyň we terbiýeçiniň esasy maksady çagalaryň arassa, dogry, düşnükli we manyly geplemegini gazanmakdan ybaratdyr. Çaganyň diliniň baý bolmagy onuň geljekde sowatly, özüne ynamly we giň dünýägaraýyşly şahsyýet bolup ýetşmegine uly goşant goşýar. Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň mugallymy Işannyýazowa Ogulkeýik

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→