Mekdep diňe bir bilim ojaklarynyň biri bolman, eýsem her bir ynsanyň durmuşynda öçmejek yz galdyrýan, ony şahsyýet hökmünde kemala getirýän uly bir dünýädir. Ilkinji gezek parta geçip, elimize galam alan günümizden başlap, tä şol mukaddes ojagy tamamlaýançaň geçýän döwür adam ömrüniň iň gyzykly, iň şadyýan we iň jogapkärli döwri hasaplanýar. Halkymyzda “okan ozar, okamadyk tozar” diýilşi ýaly, mekdep ýyllary diňe bir dersler we synaglar bilen çäklenmän, eýsem durmuşyň ilkinji sapaklaryny, hakyky dostlugy we jemgyýetde öz ornuňy tapmagy öwredýän mekdepdir. Her bir ynsanyň gursagynda mekdep durmuşy diýilende, ilki bilen, şadyýan goh-galmagally arakesmeler, synpdaşlar bilen geçirilen gyzykly pursatlar we mähriban mugallymlaryň beren gymmatly nesihatlary janlanýar. Mekdep partasynda başlanýan dostluklar köplenç bütin ömre dowam edýär. Şol ýyllarda biz diňe bir ylymlaryň syrlaryny däl, eýsem birek-birege kömek etmegi, agzybirligi we kynçylyklary bilelikde ýeňip geçmegi hem öwrenýäris. Synpdaşlaryň bilen paýlaşylan bir bölek çörek ýa-da bilelikde taýýarlanylan baýramçylyk çäreleri ýyllar geçse-de kalbymyzda iň eziz ýatlama bolup galyşy ýaly, mekdep durmuşynyň her bir güni aýratyn bir taryha örülýär. Häzirki zaman mekdep durmuşyny sanly bilim ulgamyndan aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Häzirki wagtda synp otaglarynda oturdylan interaktiw tagtalar, elektron okuw gollanmalaryny we sanly ulgamlar okuwçylaryň dünýägaraýyşyny has-da giňeldýär. Okuwçylar diňe bir kitap sahypalary bilen çäklenmän, eýsem internet arkaly iň täze ylymly maglumatlary tiz wagtda tapyp, öz taslamalaryny taýýarlaýarlar. Matematika, fizika, ene dili, edebiýat we taryh ýaly dersler kompýuter tehnologiýalary bilen utgaşyp, okuw sapaklaryny has-da gyzykly hem-de täsirli edýär. Bu bolsa ýaşlaryň geljekde dünýä derejesinde bäsleşip biljek kämil hünärmenler bolup ýetişmegine ýol açýar. Mekdep durmuşynyň aýrylmaz bölekleriniň biri hem sport üstünlikleridir. Mekdep diňe bir zehinleri däl eýsem sagdyn we gurbatly ýaşlary hem kemala getirýär. Okuwçylaryň arasynda geçirilýän futbol, woleýbol, şahmat we beýleki sport ýaryşlary olarda toparda agzybir işlemegi, maksada okgunlylygy we dözümliligi terbiýeleýär. Mekdep sport gurnaklarynda taplanan gyzlar we oglanlar etrap, şäher hem-de döwlet derejesindäki ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp öz bilim ojaklarynyň buysanjyna öwrülýärler. Çünki sport bäsleşiklerindäki her bir ýeňiş okuçylara öz güýjine bolan ynamyny hasda artdyrmaga kömek edýär. Bu uly gadamda okuwçylaryň iň ýakyn goldawçysy, ýol görkezijisi we olara egsilmez mahrini siňdirýän ynsan elbetde mugallymlarymyzdyr. Mugallym diňe bir kitapdaky bilimi bermän, eýsem okuwçylaryň ahlak taýdan kämil, watansöýüji we ynsanperwer bolup ýetişmekleri üçin öz kalbynyň mährini siňdirýär. Mugallymyň aýdan her bir öwüdi, gaharlanman düşündiren kyn meselesi okuwçynyň durmuş ýolunda uly goldawa öwrülýär. Mugallyma bolan gyzgyn söýgüsini we hormatyny şeýle setirler bilen beýan etmek bolar: -Bu ýollarda ajaýyp belent käriň bar Okuwçylaryň ylmyndan paýyň bar Her bir öýde, törde gadyr jaýyň bar Göreldäm, ýörelgäm eziz mugallym! Gyzykly pursatlardan ybarat däl, ol uly jogapkärçiligi we zähmeti hem talap edýär. Ertir bilen ir turmak, öý işlerini wagtynda ýerine ýetirmek, synplarda tertip-düzgüni saklamak okuwça tertiplilige we jogapkärçiligi öwredýär. Şol sebäpli, mekdepde öwrenen endiklerimiz biziň geljekki zähmet we talyplyk durmuşymyzda iň uly kömekçimiz bolup hyzmat edýär. Halkymyz biderek ýere “Ýaşlykda alnan bilim-daşa ýazylan nagyş ýalydyr” diýmändir. Bu ýerde kemala gelen häsýetler ynsanyň bütin durmuşyna täsir edýär. Wagt bolsa bir ýerde durmaýar. Duýdurman geçen ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek mekdep gapysyndan gorkan gözleri bilen ätlän çagalar, eýýäm özbaşdak durmuşa gadam basmaga taýýyn bolan uly ýaşly gyzlar we oglanlar bolup ýetişýärler. Soňky jaňyň kakylmagy bilen mekdep durmuşynyň bir tapgyry tamamlanýar we täze, has uly durmuşyň gapysy açylýar. Ýöne nirede bolsalarda, haýsy hünärde işleselerde, mekdep ýyllarynyň galdyran ýakymly ýatlamalary kalbymyzda hemişelik ýaşar. Mekdep durmuşy-bu durmuş kitabynyň iň owadan, iň arassa we iň manyly sahypalarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň, her bir ýaş nesliniň ylymly-bilimli, watansöýüji bolup ýetişmegi biz mugallymlara baglydyr. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bize berýän uly mümkinçilikleri üçin çäksiz minnetdarlyk bildirýäris! “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly-at myradyň mekany” ýylynyň bagtyýar okuwçylaryna diňe şowluluk we üstünlik arzuw edýäris. Eziz okuwçylar! Siz geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, Watana wepaly, kämil we ylymly şahsyýetler bolup ýetişmelisiňiz! Bize şu mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun! Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň mugallymy Orazbibi Hojalyýewa

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→