Arkadag şäheri ýurdumyzyň täze taryhynda ösüşiň, döwrebaplygyň we döredijiligiň aýdyň nyşany hökmünde aýratyn orun eýeleýär. Şäheriň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, bilim we terbiýeçilik ulgamynda hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bilim – jemgyýetiň ösüşiniň esasy güýjüdir. Şonuň üçin ýaş nesle döwrebap bilim bermek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmek okuw-terbiýeçilik işleriniň esasy maksadydyr. Arkadag şäheriniň bilim edaralarynda okuw işlerini döwrebap usullar bilen guramak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir. Sapaklarda interaktiw usullaryň, döredijilikli ýumuşlaryň we amaly işleriň ulanylmagy okuwçylaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrýar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler her bir mugallymdan ýokary hünär derejesini, döredijilikli çemeleşmäni we öňdebaryjy tehnologiýalary ussatlyk bilen ulanmagy talap edýär. Mugallymyň hünär derejesini kämilleşmegi – bu diňe bir ylym-bilim almak däl, eýsem, okuw-terbiýeçilik işini yzygiderli kämilleşdirýän, döwrebap pikirlenmäge ukyply hünärmen hökmünde kemala gelmelidir. Häzirki döwürde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça köp işler alnyp barylýar. Biziň mekdebimiziň mugallymlary birnäçe hünär kämilleşdiriş okuwlara gatnaşýarlar. Ýakynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda ýörite usuly-amaly okuw gurnaldy. Bu okuwy Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Milli bilim instituty tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Naberžnyý Çelny döwlet federal pedagogik uniwersitetiniň professor-mugallymlary bilen bilelikde guramaçylykly geçirildi. Bu usuly-amaly okuwlara ýurdumyzyň ähli mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Okuwlaryň maksatnamasy döwrebap bilim bermek ulgamynyň möhüm ugurlary öz içine alýar. Bu usuly-amaly okuw şu aşakdaky bölümlerden durýar: 1. Ynsanperwer we tebigy ylymlar ugury boýunça sapaklary nusgalaşdyrmakda funksional sowatlylygy nygtamak; 2. «Häzirki zaman şertlrinde ýaşaýyş-durmuş meýilleri» dersini okadýan mugallymlarynyň hünär başarjaňlyklarynyň derejesini ýokarlandyrmak; 3. Inklýuziw bilimde okuw-usulýet üpjünçiligi; 4. Mekdebe çenli bilimde häzirki zaman ösdüriji tehnologiýalar; 5. Bilimiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde okuw işini guramagyň netijeli usullary hem-de häzirki zaman meýillerini ulanmak atly okuwlar gurnaldy. Şeýle ýokary guramaçylykly geçirilen okuwlara biziň hem mekdebimiziň tejribeli mugallymlary gatnaşdylar. Halypa mugallymlar usuly-amaly okuwda alan tejribelerini öz işinde we kärdeşleri bilen bilelikde paýlaşýarlar. Mekdebimiziň mugallymlary özara açyk sapaklara yzygiderli gatnaşýar, iň kämil iş tejribelerini özara alyşýarlar. Sapak geçiş usullarynyň yzygiderli täzelenmegi mugallymdan ýokary metodiki taýýarlygy talap edýär. Mugalymlar okuwçylaryň ýaş we psihologiki aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, olaryň şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga we ösdürmäge ýardam berýän usullary gözläp tapýarlar. Mugallymlar okuwçylaryň diňe bir taýýar bilimleri almak däl, eýsem alynan maglumatlary derňemek, öz pikirini erkin beýan etmek endiklerini ösdürmegi çalyşýarlar. Diňe bir okatmak bilen çäklenmän, öz hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin ylmy-barlag işlerine hem aýratyn üns berýärler. Öz toplan tejribelerini, sapak beriş usullaryndaky täze tapyndylaryny ylmy-pedagoki žurnallarda we metbugatda yzygiderli çykyş etmek arkaly tejribelerini paýlaşýarlar. Mugallym diňe bir bilim beriji bolman, eýsem ýaş nesle görlde görkezýän, olaryň ukyp başarnyklaryny açmaga ýardam edýän terbiýeçidir. Şonuň üçin her bir mugallym öz işine döredijilikli çemeleşmeli, täze pedagogik usullary öwrenmeli we okuwçylaryň aýratynlyklaryny nazara almalydyr. Arkadag şäherinde bilim-terbiýeçilik ulgamynda alnyp barylýan işleriň esasy maksady diňe bir bilimli däl, eýsem giň dünýägaýyşly, ýokary ahlakly, watansöýüji we innowasion pikirlenmäge ukyply ýaş nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli biologiýa mugallymy: Aýbibi Hojamyradowa mugallymy: Hanalyýew Mekan

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→