«Mançester Ýunaýted» topary baş tälimçi Ruben Amorimiň wezipesinden gidýändigini resmi taýdan yglan etdi. Portugaliýaly hünärmen 14 aýlyk işinden soňra wezipesinden çykaryldy. Ol topary Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 20 tapgyryndan soňra ýaryş jedwelinde altynjy orunda galdyrdy. Tälimçiniň klubuň başynda geçiren iň soňky duşuşygy 4-nji ýanwarda «Lids» bilen bolan oýun (1:1) boldy. Wagtlaýynça toparyň başyna ozal ýetginjekler topary bilen işlän Darren Fletçer bellendi. Futbolçylar onuň ýolbaşçylygynda 7-nji ýanwarda geçiriljek «Býornlä» garşy oýna çykarlar. Amorim 2024-nji ýylyň noýabryndan bäri klubda bolan döwründe 63 oýun geçirip, olarda 25 ýeňiş, 15 deňme-deňlik we 23 ýeňliş görkezdi. Onuň dolandyrmagynda topar Ýewropa ligasynyň finalyna çykmagy başardy, ýöne finalda «Tottenhemden» 0:1 hasabynda asgyn geldiler. Geçen möwsümi «MÝ» milli çempionatda 15-nji orunda tamamlapdy. The Athletic neşiriniň berýän maglumatyna görä, klub hünärmene 2027-nji ýyla çenli niýetlenen şertnamasynyň galan döwri üçin öwez tölegini tölemeli bolar. Daily Mail-iň anyklamagyna görä, tälimçiniň özüne tölenjek puluň mukdary 12 million funt-sterlinge (13,8 million ýewro) barabar bolar, onuň kömekçiler toparyna bolsa aýratyn töleg berler. Iňlis çempionatyna gelmezden ozal Amorim Lissabonyň «Sporting» toparyna ýolbaşçylyk edip, Portugaliýanyň çempiony bolupdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→