Aşgabatdaky patyşa Sejong adyndaky merkezde «Sejong medeniýet akademiýasy – 2026» maksatnamasy geçirilýär
6–10-njy noýabr aralygynda Aşgabatdaky patyşa Sejong adyndaky merkezde «Sejong medeniýet akademiýasy – 2026» atly maksatnama geçirilýär. Onuň çäklerinde gatnaşyjylar koreý dilini we medeniýetini kinematografiýa hem-de koreý teleseriallarynyň (dorama) mysalynda öwrenýärler. Maksatnamany Koreýanyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň golda...
Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk-hukuk bölümi üçin işgär gözleýär
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk-hukuk bölümi üçin boş iş ornunyň bardygyny habar berdi. 2027-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda çaga seretmek üçin berilýän rugsat döwründe işde bolmajak kärdeşiniň ornuny wagtlaýyn eýelemek üçin işgär kabul edilýär.
Wezipesi boýunça esasy borçlar şulardan ybarat:
ilçi...
Türkiýedäki kärhanada partlamada üç adam pida boldy
Türkiýede kärhanada bolan güýçli partlama netijesinde üç adam heläk boldy, 14 adam ýaralandy, ýene 10 adam harabalygyň astynda galdy. Bu barada «A Haber» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«Biziň üç raýatymyz gurban boldy, 14 adam ýaralandy, olaryň üçüsiniň ýagdaýy agyr. Harabanyň aşagynda galan on adamy halas etmek işleri do...
BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär
Türkmenistanyň ähli ýerinden zenanlar we erkekler sanly başarnyklary güýçlendirmek, emeli intellekt (AI) we döwrebap tehnologiýalary öwrenmek, şeýle hem telekeçilik ukyplaryny ösdürmek üçin mümkinçilikleri hödürleýän täze maksatnama arza bermäge çagyrylýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we ABŞ-nyň Döwlet Departame...
Türkmenistanyň muzeýinde Margiananyň gadymy mozaika ýygyndysynyň dikeldiş işleri geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde 10–30-njy oktýabr aralygynda Margiananyň gadymy mozaika ýygyndysyny gorap saklamak maksady bilen giň gerimli rejeleýiş işleri geçirildi.
Çylşyrymly konserwasiýa işlerini ýerine ýetirmek üçin Russiýanyň Döwlet rejeleýiş ylmy-barlag institutynyň Ylmy rejeleýiş bölüminiň ýokary derejeli sura...
«Porsche» kärhanasyny esaslandyranyň agtygy aradan çykdy
Meşhur awtoulag toparyny döreden Ferdinand Porşeniň agtygy, awstriýaly telekeçi we seýrek awtoulaglaryň muzeýini esaslandyran Gerhard Porşe 88 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «absatz.ru» habar berdi.
Porşe Karintida taslamalary ösdürmek bilen meşgullandy. Ol 2010-njy ýylda Sankt-Salwatorde Porsche, Rolls-Royce we Bentley awtoulaglarynyň, ýar...
Türkmen kinofilmleri «Göwher kebelek» kinobaýragyna dalaşgärleriň sanawyndan orun aldy
Türkmen kinorežissýory S.Baýramowyň iki filmi «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragyna dalaşgärleriň sanawyna girdi.
Bu ýyl baýraga 19 ýurtdan 41 film dalaş edýär. Türkmenistan bäsleşige iki filmi hödürledi: «Gyzyl kürte» we «Ykbal daragty» (režissýory Sahysalyh Baýramow).
Kinobaýragyň saýtasynda habar berlişi ýaly, baýragyň...
Aşgabatda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak boýunça «tegelek stol» geçirildi
Aşgabatdaky BMG-niň binasynda howanyň üýtgemegi şertlerinde öri meýdan baýlyklaryny durnukly dolandyrmagy hukuk taýdan düzgünleşdirmek boýunça «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Global ekologiýa gaznasynyň (BMGÖM-GEG) Aral taslamasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde gura...
Nýu-Ýorkda baş Roždestwo arçasy dikildi
ABŞ-nyň esasy baýramçylyk nyşanlarynyň biri bolan Täze ýyl arçasy Nýu-Ýork şäheriniň merkezindäki Rokfeller-merkeziň öňünde dikildi.
Boýy 23 metrden geçýän norweg arçasyny ştatyň demirgazygyndan getirdiler. Ol Bäşinji hem-de Altynjy awenýunyň arasyndaky ady tutulan merkeziň meýdançasynda ýerleşdirildi.
Arçada yşyklary 2-nji dekabrda ý...
Alp Arslan Begenjow RAF ýaryşynda: türkmen türgeni Çimaýew hem Kowington bilen bir ýaryşdaky tutluşyga taýýarlyk görýär
Erkin göreş boýunça türkmen türgeni Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçiriljek «Real American Freestyle» (RAF) ýaryşyna işjeň taýýarlyk görýär. Ýaryşyň başlanmagyna sanlyja gün galdy. Türgen bolsa taýýarlygynyň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygyna ynam bildirýär.
Alp Arslan Begenjow RAF ýaryşynda: türkmen türgeni Çimaýew hem Kowington bi...
Türkmenistanda güýzki bag ekmek dabarasynyň dowamynda ýarym million düýpden gowrak bag nahaly oturdyldy
Ozal habar berşimiz ýaly, 7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ähli künjeginde badalga berlen ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy.
Ýurt boýunça geçirilen bu ekologik çäräniň dowamynda dürli görnüşli bag nahallarynyň jemi 537 müň 900 düýbi oturdyldy. Mundan başga-da, seýilgählerde we tokaý zolaklarynda abad...
«Belavia» awiakompaniýasy Minsk – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň tertibini 2027-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli täzeledi
Belarus Respublikasynyň «Belavia» awiakompaniýasy Minsk bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky 2026-njy ýylyň noýabr aýyndan 2027-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli döwür üçin howa gatnawlarynyň tertibini çap etdi. Uçar gatnawlary her ugur boýunça hepdede iki gezek amala aşyrylýar.
Minsk – Türkmenbaşy (B2 0745 belgili gatnaw)
Uçarlar ga...
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy 2026-njy ýylda geçirilen halkara çäreler barada ýerli KHBS-niň wekilleri üçin brifing geçirdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Duşuşyk 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen esasy halkara çärelere hem-de türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlandy.
Brifingiň dowamynda žurnalistlere Türkmenistanyň...
Aýdymçy A.Orazmämmedow «ABU TV Song Festival 2026» halkara aýdym-saz festiwalynyň baýragy bilen sylaglandy
Ýakynda Şri-Lanka Respublikasynyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU) 63-nji Baş Assambleýasyna, onuň çäklerinde birnäçe duşuşyklara, mejlislere, medeni çärelere Türkmenistanyň wekiliýeti wekiliýeti işjeň gatnaşdy. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, dünýäniň 66 ýurdundan 225 sany...
Türkmen kinosy TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy
Türki dünýäsiniň «Gorkut ata» atly VI halkara kinofestiwaly Stambulyň Atatürk Medeniýet merkezinde geçirilen ýapylyş we baýrak gowşuryş dabarasy bilen tamamlandy. Dabarada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew festiwalyň täze film taslamalarynyň döreýän we bilelikdäki önümçilikleriň ýola goýulýan meýdançasyna öwrülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Bu...
Birža söwdalarynda nebit önümleri, nah ýüplük uly islege eýe boldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 20 sanysy hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýeden, Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyz Respublikasyndan we Azerbaýjandan gelen işewürler türkmen telekeçileriniň öndüren dürl...
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy
Aşgabatda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Festiwalyň jemleýji güni ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Günüň birinji ýarymynda onuň myhmanlary Garagum derýasynyň kenarynda Hasyl toýy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çärelere gatnaş...
BSGG-de koronawirusyň täze görnüşi barada habar berdiler
Koronawirusyň täze PJ.2.1 ştammy adaty sowuklama ýa-da dümewe meňzeş bolup biler diýip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
«Diňe bir alamaty arkaly haýsy ýokançdygyny ynamly kesgitläp bolmaz» diýip, BSGG-de bellediler.
Guramada ýokanjy we bejergini takyk kesgitlemek we jemgyýetçilik saglygy goraýyş...
Hasyl toýy mynasybetli çagalara süýjülikler gowşuryldy
Türkmenistanda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagyň adyndan süýjülikler, ýörite baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Bu...
Türkmenistan bilen Özbegistanyň gümrük gulluklary üstaşyr ýük geçirimlerini artdyrmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň gümrük edaralarynyň başlyklarynyň orunbasarlary ýolbaşçylyk etdiler diýlip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň re...