Türkmenistanda «Onkologiýa» we «Rentgenologiýa» atly täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Onkologiýa» we «Rentgenologiýa» atly iki sany täze okuw kitaby neşir edildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, M. Jumaýew, H. Hydyrow we J. Hojamyradow tarapyndan taýýarlanan «Onkolo...
BMG-de garyplyk şertlerinde ýaşaýan adamlaryň artýandygy habar berildi
Köpölçegli garyplygyň ählumumy indeksi 2010-njy ýylda işe girizileninden bäri ilkinji gezek artdy diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasyna salgylanýan TASS habar berdi.
Indekse laýyklykda, häzir dünýäde 1,2 milliard adam garyplyk şertlerinde ýaşaýar. Netijede, bu görkeziji öňküden 51,5 million artykdyr.
Garyplyk şertl...
Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde 240 orunlyk täze çagalar bagy gurlup, ulanyşa berildi
Daşoguz şäherinde häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän, 240 orunlyk täze çagalar bagy guruldy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, täze desganyň umumy meýdany takmynan 2,5 gektara barabardyr. Bu ýerde çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmegi, hereketli oýunlar bilen meşgullanma...
Türkmen-hytaý işewürlik forumy Şanhaýda geçiriler
2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabrynda Şanhaý şäherinde (Hytaý Halk Respublikasy) iki ýurduň döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň we hususy pudagynyň wekillerini bir ýere jemlejek Türkmen-hytaý işewürlik forumy geçiriler.
Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek, senagat we oba hojalyk hyzmatdaşlygy, gurluşyk, häzirki zaman tehnologi...
Aşgabatda italýan diliniň hepdeligi geçirilýär
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde italýan diliniň hepdeligi geçirilýär. Bu çäräniň esasy temasy «Zehinli dil: italýan dili arkaly pikirlenmek, taslamak we döretmek» diýlip atlandyrylýar. Italýan dilini we medeniýetini giňden wagyz etmek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, her ýyl oktýabr aýynda dü...
Türkmen konserwatoriýasynda «Täze tolkun» toparynyň konserti geçiriler
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda konserwatoriýanyň uçurymlaryndan düzülen «Täze tolkun» toparynyň konserti geçiriler.
Konsertiň maksatnamasyna dünýäniň dürli dillerinde ýerine ýetirilýän meşhur aýdymlaryň häzirki zaman äheňindäki täzeçe sazlaşdyrylan görnüşleri girizildi.
Konsert 20-nji oktýabrda sa...
Türkmen küştçüleri mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda 10 medal gazandylar
Türkmenistanyň ýaş türgenleri 2–10-njy oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tula oblastynda geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň küşt sportunyň taryhynda iň ýokary netijäni görkezdiler.
11 türgenden düzülen Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 10 medal — 2 altyn, 5 küm...
Ýerewanda Frunzik Mkrtçýanyň ýadygärligi oturdyldy
Ermenistanyň paýtagtynyň Stepan Şaumýan adyndaky seýilgähinde tanymal kino we teatr artisti Mger (Frunzik) Mkrtçýanyň ýadygärligini açdylar. Heýkeliň açylyşyna artistiň adyny göterýän Ýerewan artistik teatrynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, şeýle hem muşdaklary gatnaşdylar diýip, «MIR 24» habar berdi.
Dabara gatnaşyjylar bu wakanyň artistiň mir...
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny Milli baýramy mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkin...
Prezident lukmanlaryň ençemesini sylaglady
Türkmenistanyň raýatlarynyň bir topary «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy hem-de olaryň birnäçesine Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş işini ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri, ilatyň s...
Türkmenistanyň günbatarynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Balkanabat şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, Merkeziň 4 we 5 gatly binalardan ybarat toplumy ene-atalar we çagalar üçin 305 orna niýetlenend...
Aşgabatda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýuriý Sarkisowyň 80 ýaş ýubileýi bellenildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda bu ýokary okuw mekdebiň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy, dosent, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýuriý Gurgenowiç Sarkisowyň 80 ýaş ýubileýi bellenildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ýubileýe bagyşlanan döredijilik a...
Aşgabatda BSGG-niň wekili bilen duşuşyk geçirildi
10-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Korinn Kapuanonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, M.Bäşimowa myhmana «Awaza» milli syýahat...
Gurbanguly Berdimuhamedow germaniýaly lukmanlar bilen duşuşyk geçirdi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin gelen ýurda gelen Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, professor lukmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen du...
Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin gelen «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz, «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig, Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy K...
Türkiýede ýol-ulag hadysasynda 11 adam heläk boldy
Türkiýede ýük ulagy bilen ýolagçy awtobusynyň çakyşmagy netijesinde 11 adam pida boldy, 27 adam şikes aldy. Bu barada wakanyň bolan ýeri Manisa ülkesiniň gubernatorynyň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda awtobusdaky ýolagçylaryň ählisiniň ýurduň öz raýatlarydygy, ejir çekenleriň golaýdaky hassahana ýerleşdirilendigi aýdylýar.
Ýol-u...
Parižiň Monmartr etrabynda üzüm ýygmak festiwaly geçdi
Fransiýanyň paýtagtynda, Monmartrda 7-nji oktýabrda badalga alan 93-nji üzüm ýygmak festiwaly geçdi. Özüne uly ýörişi, aýdym-sazly çykyşlary we beýleki çäreleri jemlän festiwal düýn – 11-nji oktýabrda tamamlandy.
Parižiň Monmartr etrabynda üzüm ýygmak festiwaly geçdi
Bu barada Hytaýyň «Sinhua» habarlar agentligi habar berdi.
Birža söwdalarynda 145 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 13 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan we Azerbaýjandan gelen işewürler türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen pagta süýümini, arass...
Amerika Russiýa bilen geleşik baglaşdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Russiýa bilen dizel ýangyjyny satyn almak babatda geleşik baglaşdy. Bu barada «Axios» neşirine salgylanýan «news.by» habar berdi.
Öňküsi gün Ak tamyň hojaýyny RF-niň döwlet Baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soňra Russiýanyň amerikan we dünýä bazaryna 300 müň, biraz soň birnäçe milli...
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýagyş ýagar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda bellenilişi ýaly, şu hepde ýurtda howa az-kem ýagyşly bolar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäni...