yurekdesh.ru (ertir.tk) forum saýty ähtiýalanlyk bilen satlyga çykarylšy hakynda

yurekdesh.ru


Šu gün irden agzalar bilen gyzykly maglumatlary paýlašaýyn diýip šo ady agzalan yurekdesh.ru saýtyna girip gördüm welin saýt mahabatlandyrylyp satlyga çykarylan eken. Onda ine šu ýazgylar bar: '' Bellik!
Saýt satylýar. Saýt maglumatlary:Domen: Yurekdesh.Ru 05.01.2019 ýyla çenli aktiw edilenHostiň: 3gb lyk, tölegi 25.02.2019 ýyla çenli tölenenŞu wagtky agzalar sany 1004Forum: 1594 mowzuk, 9364 teswirSaýt reklama tarapdan doly edilen.Google, yandex gozleglerde birinji sahypada cykyar. Bahasy: +99363378129 sorap bilersiňiz wWw.Yurekdesh.Ru 2017-2018'' diýen ýazgy bar. Bu saýta öñki ertir.comyň agzalary girýärdi. Özleriniň gymmatly maglumatlaryny paýlašyp sayty baýlašdyrýardylar. Indi bolsa saýtyň (Aly) admini sylananokmyš. Gahary gelipmiš. Šeýdibem agzalaryň zähmet bilen saýtyň kerpijini örüšdirip bölümlerini baýlašdyran soňam saýty petikläp satlyga çykarýar. Bu bolsa ähdiýalanlyk we agzalaryň zähmedini pula satmak isleýär. Bu bolsa sylag-hormatsyzlyk we adminiň özüni alyp baršynyň dar düšünjeli hem harsydünýäligini, paýhassyzlygyny aňladýar. Ol satsyn satmasyn diýjekdäl ýöne forum saýty bir açyp goýmaly eken. Sessizje satyp sessiz adminem üýtgedip bolardy. Kim satyn alan bolsa. Beýdip mahabatlandyryp goýmak ikiýüzliligi aňladýar. Yurekdesh.ru saýtynyň admini okasyn we ýene bir sapar pikirlenip görsün. Meň pikirimçe saýt açyk dursun. Ol ýerde giden agzalar garašyp durlar. Gmail hasap bilen girip bilmeýän agzalar bar. Men šolaryň aladasyny göz öňüne tutup ýazdym bulary.

Ýazan: yurekdesh.ru forumyň kiçeňiräk agzasy: @Akrap,
Jeksparro
  • 36
  • 666
  • 13/01/2018 12:18
  • 1 minutda oka

Sunbule

1 hepde ozal

Bizem garasyas son acylanyna. gyzykly temalar okayadyk

Kucherov

1 hepde ozal

garashmakdan bashga alajym yok :)

Lunluchi

1 hepde ozal

Sunbule, sen haÿsy agzadyñ?)) Ÿa diñe myhmanmydyñ..

Enkam

1 hepde ozal

Gowy saytdy ýöne çyndanam admine sylaşyksyzlyklaryny goldaýan sebabi köp kişi akyl satýardy. Oñarýañmy özüñ saýt aç we özüñ ýaly akly kelteleriñ akyl satyşyna syn et... Ýöne admin hem sähelçe zady göwnüne alýardy açýan mowzuklaryndan hem statusyndan bilip bolýardy... Men hem saýtyñ açylmalydygyny goldaýan.

Sohle

1 hepde ozal

Açylmazmyka? Ylayta-da önki ertir.com açylsady...

UniqueMaster

1 hepde ozal

Bu saýta öñki ertir.comyň agzalary girýärdi.

— Bähhhh... Bilmändirin

Özleriniň gymmatly maglumatlaryny paýlašyp sayty baýlašdyrýardylar.

— Admin bir çetde oturyp synlapdyrmy, hiç zat etmän?

Indi bolsa saýtyň (Aly) admini sylananokmyš. Gahary gelipmiš.

— Myş-myş, şeýle tiz ýaýraýamy? Diýmek sizden sylag-hormaty dyza çökip ýalbaryp almalymy? Ýa şol käbir itçe ýoklaň gepin çekmelimi? Sizem öz ýeriňizde sylag hormaty biliň.

Šeýdibem agzalaryň zähmet bilen saýtyň kerpijini örüšdirip bölümlerini baýlašdyran soňam saýty petikläp satlyga çykarýar. Bu bolsa ähdiýalanlyk we agzalaryň zähmedini pula satmak isleýär.

— Admin saýt üçin gidiren wagty, agzalar saýtdan arkaýyn peýdalansyn diýip eden işleri biderekmi? Indi siziň şol iki minutda kopiýalap alyp, baryp mowzuk açanyňyz zähmet boldymy? Dogry käbir agzalar bar, olara sylagymam uly. Ýöne agzy boşlar, siz bir dymyň. Hem-de saýty satamda size agramy düşýämi, ýa güýmenere başga oýunjak tapmadyňyzmy? Ähtiýalanlyk diýýäňmi? Hany aýt sen maňa, men size borçlymy? Elbet-de ýok. Şoň üçin bilip-bilmän ýazma. Hem-de men agzalaryň zähmetin däl, öz zähmetim satýan.

Bu bolsa sylag-hormatsyzlyk we adminiň özüni alyp baršynyň dar düšünjeli hem harsydünýäligini, paýhassyzlygyny aňladýar.

— Men size sylag-hormatsyzlyk etýänmi ýa siz maňa? Şony pikirlenip göriň. Hem-de pikiriňizde näli adam bolýan bolsam şol pikiriňizde galyň.

Ol satsyn satmasyn diýjekdäl ýöne forum saýty bir açyp goýmaly eken. Sessizje satyp sessiz adminem üýtgedip bolardy.

— Sizden soraýanam ýok, satmak ýa satmazlygy. Näm üçin açaýyn, sebäp barmy açmana? Dogrusy satmak niýetim ýokdy, emma nä alaç şeýle bolaýdy.

Beýdip mahabatlandyryp goýmak ikiýüzliligi aňladýar.

— Indi men ikiýüzli boldummy? Siz dälmi ol?

Yurekdesh.ru saýtynyň admini okasyn we ýene bir sapar pikirlenip görsün.

— okadyk, pikirlendik we netijä geldik

Meň pikirimçe saýt açyk dursun.

— Buýruk berýäňizmi?

Ol ýerde giden agzalar garašyp durlar.

— Garaşmakda many barmy?

kapriizka

1 hepde ozal

yurekdesh.ru admini haýs edýäs açaý saýdy hemme agzaň garşýar açylmagyna

Lunluchi

1 hepde ozal

Gowy gepleshik bolupdyr

kapriizka

1 hepde ozal

hii admini (aly) okaýamyka bir ýazlan zatlary?

Sunbule

1 hepde ozal

açaýyňda saýty

barcam

1 hepde ozal

Sayt achylaysa gaty gowy bolardy

UniqueMaster

1 hepde ozal

Köp sanly agzalaryň haýyşy boýunça we jana-jan jigimiň doglan güni mynasybetli saýt 14.01.2017 00:00-da açylýar. Hem-de öz işini mundan beýläk dowam eder.

Hormatlamak b/n: Admin

barcam

1 hepde ozal

Sagbolun kop kop admin

Enkam

1 hepde ozal

Minnetdar!

kapriizka

1 hepde ozal

sag boluň kop kop

OrazM

1 hepde ozal

Admin gaty görme dost bízà how ýöne sheýle dawalaşaýyas bilgeshleyin gyzlaň gaharyny getiryan buda gülmäge sebàp.. Sylanşyksyz hereket bilinman edilyandir bilib-ä edemzok kä bir bidereklikler üçinem ötünç soraýan ;)

Lunluchi

1 hepde ozal

O_o
Indi açylÿarmy..
Geñ görmeli..

Nowcha90

1 hepde ozal

Jeksparro ,elinden gelýar,açaram sataram,ol na agzalryň azaby
Name ertir.com agzalaryň azaby ýokdymy nebir temalar gitdi ,nebela, şahyrlaryň ýazjyaryň mowzuklary, ggoşgylary, harda seniň.naçe mowzygyň gitdi name onyň uçin Agajanyň gunasi name, elinden gelenni edendira şoda
Yureksh.ru da şeýle, ol admin islese açyp biler,islese-de satyp,tazeden saýt açyp satypda biler,ol onyň başarjaňlygy
Aly, diňe öňe hiç hili ýöran ýolyňda çarkanlyklara üns berme,gep gywatdan gaçyp gutulmak ýok
Birde budurarsiň birde ýykyarsyň,hatda taýsaň hem ýeriňden turyp ust başyň kakyşdyryp ýorap dal ylgap gitgin öňe ,ahyr ýetmeli maksadyňa ýetersiň

OrazM

1 hepde ozal

Hany herkim özüniňkini götersinle diýerdi kerwenli ýöne Nowça saňa bolýa diyaymesem

Mogamed

1 hepde ozal

Shu wagt 14.01.2018.
0:56 achylmadyla sayt

Jeksparro

1 hepde ozal

@Unique Master, onda agzalar girmez yaly adminiň özi tema açyp, özi zähmet çekip, özi ýazgy etsin. Agzalar bilen dolansoň satlyga çykarmak türkçe aýdylšy ýaly ''kalleçlik''(gallaçlyk) bolýar. Bizden birugsat açylany sebäpli girip öz hakymyzy talap etmäge agzalaryň haky bar. @Nowça, saňa-da bir gadak ýarym gadak bir zatlar diýip ýazmasam barmaklarym ýerinde duranok. Ertir.com ertir.tk ýaly satlyga çykarylyp satylanok gallaçlyk ediliplaý. Ol bloklandy ýa-da puly tölenilmän galdy. Šolar ýaly ýagdaýda. Ol bolsa düšnükli. Indi bir özi bir göti bašy bir forum bolup onam petikläp satlyga çykarsalar bir hili bolýar!

Enkam

1 hepde ozal

@Mogamed, sayt 00.01 de açyldy

Jeksparro

1 hepde ozal

Çaý bašynyň söhbetdešligi ýaly bolaýdy bu-ýa!

— Bähhhh... Bilmändirin

ㅡ Bilmeseň bilde goýaý!

— Admin bir çetde oturyp synlapdyrmy, hiç zat etmän?

ㅡ Admin hakda gidenok gürrüň. Adminiň gelšiksiz eden iši hakda gidýär. Ol saýty açyp bize hödürläpdir han ogul. Biziň hyzmatymyzda bolmak üçin (Sag bolsun). Mowzugam açandyr elbetde oňa ''ýok'' diýjek däl.

— Myş-myş, şeýle tiz ýaýraýamy? Diýmek sizden sylag-hormaty dyza çökip ýalbaryp almalymy? Ýa şol käbir itçe ýoklaň gepin çekmelimi? Sizem öz ýeriňizde sylag hormaty biliň.

ㅡ Il aýdýan bolsa myš-myšyň bir sebäbi bardyr. Menden sylag-hormaty dyzyma ýalbaryp almaly diýemok. Hany nirede šeýle zat diýdim. Bu bolsa siziň töhmetçidigiňizi aňladýar. Maňa bolan sylag hormatyň bardygyny admin yurekdesh.ru da maňa sms ýazyp bildirmändir. Šonuň üçinem sylaýandyram öýdemok dogrusy.

— Admin saýt üçin gidiren wagty, agzalar saýtdan arkaýyn peýdalansyn diýip eden işleri biderekmi? Indi siziň şol iki minutda kopiýalap alyp, baryp mowzuk açanyňyz zähmet boldymy? Dogry käbir agzalar bar, olara sylagymam uly. Ýöne agzy boşlar, siz bir dymyň. Hem-de saýty satamda size agramy düşýämi, ýa güýmenere başga oýunjak tapmadyňyzmy? Ähtiýalanlyk diýýäňmi? Hany aýt sen maňa, men size borçlymy? Elbet-de ýok. Şoň üçin bilip-bilmän ýazma. Hem-de men agzalaryň zähmetin däl, öz zähmetim satýan.

ㅡ Siz biziň hyzmatymyzda bolmak üçin saýt açdyňyz han ogul!? Näme eden peýdaly išleriň bolsa šony biz üçin ačdyň diyyäň. Menem ''Biziň hyzmatymyzda açan saytyňy baýlašdyrdyk diyyän. Eger sen maňa kopyalap tema açyar diyyän bolsaň juda ýalňyšýaň. Maňa diymedik bolsaňam onda bolyar. Agzy bošlar diyip kime diydiň? Saýty sataňda agramy ýok. Dogry öz alyn-deriň. Sen biziň hyzmatymyzda durmakaňyz (yagny sayty hödürlemäkäňiz) bizden soradyňmy ''Açsam bolyarmy šular yaly (yurekdesh.ru) sayty. Soňam satjak hemme zat ful bolansoň'' diyip. Güymenere oýnara bašga zat tapmadyk. Saňa näme biz haysy hödürlenen sayta girip zat yazamyzda. Bize hödürlenen açyk saytymyza girmäge hakymyz bar ''Döwlet adam üçin diyyär. Sizem döwletli iš açynan bolsaňyz ýapmaly däl. Gaýrat edip hyzmatymyzda bolmaly. Hawa ähdiýalanlyk diyyän. Biziň närazylygymyzda hödürlenen sayt girilmän mahabatlandyrylyp dursa sen nähili görersiň? Borçly hawa sen bize. Sayty hödürläp soňam kesip ''Iti allap uran'' edildigi bolýar. Borjuňyz aslynda tamam bolan däldirä!? Agzalaryň zähmetleri baýam bar šol saytda. Açylyan temalar yazylyan pikirleri eysem agzalar siziň jübüňizdäki puldan internede girip yazyarlarmy? Ýok. Šoň üçin ogurlyk etdiňiz has dosgrusy ''Ogry'' diýen netijä gelsegem bolman duranok.

— Men size sylag-hormatsyzlyk etýänmi ýa siz maňa? Şony pikirlenip göriň. Hem-de pikiriňizde näli adam bolýan bolsam şol pikiriňizde galyň. 

ㅡ Sen bize sylag hormatly bolmany bašarjak bolmaly. Berilen soraglara, tankytlara, hat-da igençleri hem çekmäge taýýar hem taýyn bolmaly. Siz bašda oturan admin. Dünýägaraýšyňyz giň, düšünjäňiz sagdyn bolmaly. Sen meň pikirimde çaga ýaly adam. Bolýar šol pikirimde hem galaryn.

— Sizden soraýanam ýok, satmak ýa satmazlygy. Näm üçin açaýyn, sebäp barmy açmana? Dogrusy satmak niýetim ýokdy, emma nä alaç şeýle bolaýdy.

ㅡ Bizden sorarsyň. O näme üçin sorarsyň. Ýedi ölçäp bir kesmeli halyňa öz bašdak hereket etjek bolýaň. Eger özbašdak boljak bolsaň öz saýtyňy bize mahabatlandyryp agzany näme üçin çagyrdyň, üyšürdiň saytyňa! Bizden soradyňmy agzalar köpelende satjak diyip? Ýok. Šoň üçin açjak saytyň garantiýasy kepillikli bolmaly. Islän zadyň ýerinde edilýändigini unutma!? Satmak niýetiň alajyň ýokdugyny görkezýän bolsa onda näme üçin satman açyp goýduň? Bu bolsa seň oýlanšyksyz hereket edýäniňi aňladýar.

— Indi men ikiýüzli boldummy? Siz dälmi ol?

ㅡ Indi meni iki ýüzlem edip goýduňmy? Aý hawa ilkä töhmet at, soňam ikiýüzli et meni!?

— okadyk, pikirlendik we netijä geldik.

ㅡ Bolýar oýlanšykly hereket edipsiň!?

— Buýruk berýäňizmi?

ㅡ Ýok teklip edýän.

— Garaşmakda many barmy?

ㅡ Heý šundanam bir jogap bolarmy? Garašmakda kän zat bar. Sabyr etmek Rahmandan sen ýaly äwüp oýlanšyksyz hereketiň bolsa Šeytandandygyny ata-baba nakyllaram ýatladyp dur.

Mogamed

1 hepde ozal

Enkam
2019njy yyly aytyangmy

Fatality

1 hepde ozal

Sssssalowma

Mogamed

1 hepde ozal

Ачылайыпдыра догруданам

Jeksparro

1 hepde ozal

@Mogamed, il bir yana sen bir yanala. Men ašaky teswirimi yazamda yurekdesh.ru ny ačdylar. Nirelerde gezip ýörsüň sen? :-)

Mogamed

1 hepde ozal

Men yurekdesh.ru dip gozletdim ertir.tk dip gozletdim son

Jeksparro

1 hepde ozal

Soň näme boldy? :-D

Mogamed

6 gün ozal

Хич зат :(

Lunluchi

6 gün ozal

Gur shu linke
http://yurekdesh.ru/
Agza bol bas
Agza bol, aramyza goshul..
Boldy

Lunluchi

6 gün ozal

Linkini kopÿalap, google ÿazaÿmasañ...

Mogamed

6 gün ozal

Senin nikin name diyip dur ool saytda

Jeksparro

6 gün ozal

@Mogamed, meň nikim @Akrap,

Enkam

5 gün ozal

Moderatordyr ol saýtda-da :)

OrazM

5 gün ozal

Hymm bàh