Ýere tarap äpet asteroid ýakynlaşyp gelýär. NASA-nyň bu habaryna salgylanyp bu barada RIA Nowosti habar gullugy maglumat berýär. Asteroidiň ululygy 370-den 820 metre çenli, “gymmaty” bolsa 17,4 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Onuň düzüminde nikel, demir we kobalt bar. Bu barada maglumat, 600,000 asteroid hakda maglumatlary öz içine alýan Asterank maglumatlar bazasynda ýerleşdirildi.
Asteroidiň 29-njy noýabrda Moskwa wagty bilen ir sagat 8-de ýere iň ýakyn aralykda boljakdygy habar berildi. Bu aralyk ýerden Aýa çenli 11 esse gysga aralykdyr. Şeýlelik bilen, asteroidiň geçmegi ýeriň orbitasyndan geçýändigi sebäpli, howply bolup bilse-de, ýere howp salmaýar.

Täzelikler, yashalym tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir