Bezzat haýýarlykdan olupdyr töre,
Beg ogullar aýak uja barypdyr:
Haýran oldum, Aklym çasdy her ýere,
Garga bilbil bolup, gülle gonupdyr.

Bedasyldan hergiz döwran ötmedi,
Namardyñ minneti basdan gitmedi,
Her ýerde pul diýse, möhüm bitmedi,
Dünýä nirde deñsiz galba bolupdyr.

Bedasylyñ bitohum tebri-tebäri,
Men bijaý gep urman köñle geleri,
$al-atlazdan özün tutdy ileri,
Hormat nirde ýogyn gyla barypdyr.

Kyn boldy owkatlar, kyn boldy jaýlar,
Ötüpdir älemden haýyrly baýlar,
Beg ogly geýdiren hülle serpaýlar,
Añ etseñiz murdar kele barypdyr.

Jomardyñ nobaty bahyla ýetdi,
Bedasyl beg boldy beglermiz ýitdi,
Kimseler sud edip imany satdy,
Döwlet nirde hyrsyz ile barypdyr.

Zynhary diýr ilde kasam köp boldy,
Her kisi kim ýoksuz boldy, ýok boldy,
Deñsizler ajykdy deñli dok boldy,
Sarpa, hatyr, hemme pula barypdyr. 

Edebiýat, Yylgyn tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir