Gözellik ýurdy üçin, sizsiňiz melike.
Men bolsa ne şah, nede bir ýat.
Bilemok ne sebäb, bilemok nämä.
Gaty görýäniňizden, gaty görýärin.

Göz ýaşym, syryp, gaty höl ýeňim.
Şunýaly dünýäde gedamy deňim.
Almazdyr zerlerden bi baha söýgim.
Gaty görýäniňizden, gaty görýärin.

Bir dälä meňzäp, gürleýşim meň.
Diňe siz barada gürleýşim hem.
Siz diýip gam çekişim, pikleşim meň.
Gaty görýäniňizden, gaty görýärin.

Adyňyz gaýtalap gabardy lebim.
Näzikmi şunçalar, yşk babynda pikrim.
Siz sebäp kemisdir, sessiz bu kalbym.
Gaty görýäniňizden, gaty görýärin.

Kalbyma saldyňyz ajy armany.
Galdyrman gitýäňiz, derde dermany.
Yşgyňyzda köýen, Däli Päliwany.
Gaty görýäniňizden, gaty görýärin.

Awtor: Pälwan Akmyradow!

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir