salam ýene men. geliň köp temadan garyşyk kritika edeli!

soraglar:

1) näme üçin türkmenistanda LGBTI+ adamlaryň öýlenmesi we jynsy bir zat ýaşamagy gadagan? wi lesbian-lar munyň daşynda. lesbian-lar ok? welin näme üçin gay, trans, bisexual kabul edilenok? hemmesi gadagan wagty lesbian-lar näme üçin açyk? näme üçin bizde bolmaýa welin konsitutsiýa-da ýazylan din hukuga goşulmaýa diýip ýazygly?

2) @jeksparro agzaň ýazan blogynda yslamda minimum ýaş 16 welin ýetginjek ýaş 18 diýýäller welin meniň pikrimçe 18 ýaşdaky ýetginjegiň ne akyl, ne maddy, ne fiziologikii taýdan öýlenmäge/durmuşa çykmaga taýyn däl. ýöne nätsekde bir näçe 18 dolduran oglandyr-gyzlar tizden öýlenjek/durmuşa çykjak bolýalar, bu düýbünden ýalňyş. ýaňy 18 ýaşadyň durmuşa ýaňy çümen balyk sen häzir, ýaşlyk (uniwersitet döwürlerini) gowy geçirmeli, eliňde hünär ýok häzir nirä howlukýaň?

3) bu soragym dinçilere. näme üçin dinde öýlenmänkäň/durmuşa çykmankaň jynsy gatnaşyk etmek bolonok häzirem düşünemok. iki sany gyz oglan, ikisiem 24-25 ýaşlarynda jynsy hiç hili tejribeleri ýok, durmuş gurdular welin bir zatlar ýalňyş gitmezmi? ikisem porn-dan öwrenen zatlaryny herekete geçirjek bolýarlar, gaýta öňden tejribelenmek iki tarap üçinem gowy dälmi? näme üçin musulman ýurtlarynda virgin goragçy gaty köp? namys seniň iki aýagyň arasyndaky zat bilen ölçeýäler, ýalňyş dälmi bu zatlar? namysyň ýok diýip gyzlary ýençýäler, näme üçin? oglanlarda namys ýokmy? näme üçin gyzlar oglanlary namysyň ýok diýip ýenjip bilenoklar? meniň pikrimçe virgin diýilýän zat aslynda kän bir rol oýnamaly däl. biziň milletlerde bir zat bar bir gyz halaýan/söýýän söýgülisi bilen jynsy gatnaşyk ýaşasa, hany şol aknoda oturyp gybat etýänn daýzalar oňa "künti" peçatyny urýalar, näme üçin oglan-a künti diýenoklar? hä dogry oglan islänini eder diýäler. gaty ýalňyş.

4) näme üçin ýaşlar pikirlenmän köpelýäler? condom diýen zat bar welin ullanýan adam ýok öýtýän? meniň düşünjäm çaga dünýä getirjek bolsaňyz ilki ýaşaýan ýurduň ýagdaýy, maddy ýagdaýyň, psihikalarynyň ýagdaýy, bilimleriniň ýagdaýy rol oýnaýa. men hiç haçan çaga dünýä getirmek pikirim ýok. eger çaga ulaltmagy küýsesem, afrikadan bir çagany halas etmekçi. aslynda çaga dünýä getirmek sertifkartly bolmaly welin bolup biljek zada hem meňzänok. meniň ene-atam musulmansyraýan welin dini kitap okap görmedik, çaga ýetişdirmek barada 0 bilimi bar bolan adamlar. meni intertnet ulaltdy diýsem bolýa. ejem tarapyndan her wagt diýilýän zat "il näme diýer", menem "ilden maňa näme" diýerdim. ýagny gysgaça diýjek bolýan zadym türkmenistandaky köp bölek oglanlaryň düşünjeleri: maşyn, gyz, keýp, pul we ýene gidiberýär. gyzlaryňky bolsa köýnek/fason, gybat, owadanlyk, keýp. bu zatlary pikirlenmeýän içinden saýlanýan oglan-gyzlaram bardyr welin göterim bilen hasaplaňda az. oglan-gyzlaryň pikirlenmeýän zatlary: durmuşda näme bolasym gelýä, bu ýurt düzelermi, durmuşyň manysy näme, her bir zadyň nädip gelip çykyşyny öwrenmek ýene gidiberýä... çaga dünýä getirmek aňsat welin, çaganyň bilimi terbiýe etmesi kynrak. indi tehnologiýa bilenem çagalar aglasa eline telefon tutdurýalar goýýa aglamasyny, bu bolsa gaty ýaman zatlaryň üstüni açar.

Sorag-jogap, yashalym tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir