DÜNÝÄNIÑ IÑ TÄSIN ÖZ JANYÑA KAST ETME SYNANŞYGY

Çakdanaşa ýokary derejede ölümi arzuwlan fransiýaly bir raýat öljek bolup elinden gelenini etdi... Ýöne onuñ bu dünýäde azajygam bolsa almaly demi bar eken, sebäbi ol bu arzuwyny amala aşyrjak bolup hernäçe çytraşsa-da edeni ugruna bolmady we ölmän galdy. Gürrüñi edilýän fransiýaly kert gaýanyñ ujuna baryp özüni asmak üçin ilki öñden taýynlap goýan ýüpüni boýnundan geçirdi, awy içdi we sapança bilen özüni atdy, soñam aşak - deñze bökdi. Entek ýere gelip düşmänkä-de elindäki sapança bilen kellesine ýene bir gezek atdy. Haýran galaýmaly, bütin bu edilenlere garamazdan, ol ýene-de diri galdy. Size ýalan, bize çyn - sapançadan çykan gyzgyn gülle gyltyz geçdi we onuñ boýnundaky ýüp üzüldi. Şeýdibem ol asylmazdan suwa gelip düşdi. Suwa düşende onuñ ýanmaga başlan eşikleri söndi. Şol bir wagtyñ özünde deñziñ sowuk suwy ony depressiýa düşürip, içen zäherini gusmagyna getirdi. Dünýäden doýan we ölümden lezzet almak islän bu adamyñ deñze düşenini gören bir balykçy ony halas etmek üçin herekete geçdi. Gynansak-da, ony hassahana alyp barýarkalar, bedeniniñ gyzgynlyk derejesiniñ birden pese gaçmagy (gipotermiýa) zerarly aradan çykdy.

http://kitapcy.com/news/2019-04-12-6478

* * *
TARYHA ÝAÑ SALAN ÖZ JANYÑA KAST ETME WAKASY

■ "Eger soñ bu zatlara soñ gynanyp ýörjek bolsañyz, derhal otagy boşadyñ!"

1987-nji ýylda ABŞ-nyñ Pensilwaniýa ştatynda R.Budd Dwýer atly maliýe işgäri parahorlukdan aýyplanyp jenaýat jogapkärçiligine çekilipdi. Elli bäş ýyl azatlykdan mahrum edilen we 300 müñ dollar jerime salnan Dwýer žurnalistlere reportaž berende wezipesinden öz islegi bilen gidýändigini mälim etdi. Ýöne teleýaýlym arkaly göni efirde berlen bu reportaž aslynda Dwýeriñ iñ soñky minutlarydy. "Birnäçe sagat oýlanyp hiç kimiñ höwes etmejek zadyny etmegi netime düwdüm" diýip bilindäki sapançany çykaran Dwýer "bu alkakmyş birini ýaralaýmasyn" diýensoñ sapançany öz agzyna çenedi we "Haýyş edýärin, soñ bu görenleriñize gynanjak bolsañyz, derhal otagdan çykyñ" diýibem, mäşäni gysdy...

Taýýarlan: Suraý ATAÝEWA.

http://kitapcy.com/news/2019-04-12-6479

Täzelikler, wagt tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir