Näbelli bir zamanada bir Möjek,
Öz dogulan Sawannasyn özgerjek -
bolup, onuň patyşasy Şir bilen,
Jeň edipdir oňa ýazyp şygr bilen,

Ol ýerleri mydam ala-ýaz eken,
Gaýgy-gam bar. Emma juda az eken.
Jandarlary meýdanlarda ýaýnarmyş,
Ot ýerine güller iýip baýnarmyş,
Emma olar soňky geçen üç ýylda,
Ýaşapdyrlar birazrak keç günde

Şu zatlary görüp ýören gök möjek,
Bu halaty bolup biraz özgertjek.
Ýazanmyşyn setirleri ençeme -
Umyt bilen garap durup geljege.

"Şiir aga, Şiir aga, Şiir aga,
Wagtyň boldy indi tagtdan tur aga,
Bu boluşda sen bu ýurdy syndyrýaň,
Seret, halkyn daş ýurtlarda ygdyrýaň,
Birazyrak bu halkymyz ýaýnasyn,
Seň ornuňa başga serdar saýlasyn.

Özem agam soňky döwür garraýaň,
Garrasaňam boldugyndan arlaýaň,
Goý baş bolsun, senden biraz ýaşyrak,
Başarnygy seňkä görä ýagşyrak
Eger söýseň Şiir aga şu halky,
Terk eýlegin indi aga şalygy!"

Möjek şeýdip ýazanynda şygyrlar,
Muny görüp Jeren, Zebre, Sygyrlar,
Diýenmişler: "serediň heý Möjegi,
Bilmezmikä bir hemlede öljegni"
Emma Möjek zady alman piňine,
Gezberenmiş Haktagalla sygyna.

Onsoň biraz wagt geçen aradan,
Aman saklan ol Möjegi Ýaradan.

Bossanynda Möjek bir gün seýil eden,
Şol wagtam ol şu zada meýil eden:
"Ýok, bu patşa ömrün tagtda ötürsün,
Özünden soň tagta ogly otursyn!!!
Bu patyşa niçik bolsa ýagşydyr,
Ýerne başga boljak kişler -- wagşydyr"

"Şiir aga, Şiir aga, Şir aga,
Gökler bilen ýer durýança dur aga
Bu ýaýylyp ýatan gözel Sawanna,
Erkli bolup, höküm etjek Sen aga,
Sen bolaýsaň Ýurda gelmez hiç ýagy,
Ýagny (tilki) (doňuz) (şagal) (guş) (aýy)

(Syrtlanlaram) gorkup, bäri hekgermez,
(Ýylanlaram) çakjak bolup diklenmez,
Bu döwletim bolsun aga has seňki,
Sen ötensoň inşallahu nesliňki,
Indi aga monarhiýaňy dikelt Sen,
Munuň üçin çolaşagy ýok et Sen.

Şiir agajan gutly bolgaý Seň ornuň,
Mydamada murtly bolgaý hem erniň,
Sen bolaýsaň rysgal ýagyp durjakdyr,
Jandarlarmyz ýaýnap-ýaýrap ýörjekdir.

Şir agajan menden Saňa haýyş bar,
Bu haýyşym gaty uly haýyş däl,
Senden aga birki zatlar sorajak,
Onsoň aga saňa päsgel bermejek.
Senden biter bu haýyşym inşalla,
Ynanýaryn biter diýip men muňa,

Eger meniň soranlarmy bermeseň,
Ýa-da guduz açanlary diňleseň,
Seni meni synag üçin Ugradan,
Gaýtsak seni Tu:r dagy deý owradar,
Şonuň üçin meň haýyşym bitir Sen,
Alla saňa jennetini ýetirsin.

Meni nirde ýörenimi tapaňda,
Aýdaryn men haýyşlarym hakynda!
Şu güne çen ýaran bolan Allahym,
Bize ýene ýaran bolsun Patşahym,"
Diýip, Möjek şygryn düzüp Arslana,
Bakanmyşyn şeýle diýip asmana:

- Arslan aga şöhrat, Arslan aga şöhrat,
Arslan aga şöhrat, Arslan aga şöhrat!!! -

Şygryn ýazyp bolan soňra gök Möjek,
Iberipdir "howa atdan" elinjek.


Ýolagçy

Edebiýat, Umman tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir