HYTAÝ BIOLOGIK ÝARAGY SYNAGDAN GEÇIRÝÄRMI? 

2009-njy ýylyñ aprel aýynda Oktaý Sinanoglynyñ taýýarlan "Ölüm tohumlary. Genetika ylmynyñ añyrsyndaky pyssy-pyjurlykly oýunlar" atly kitabynyñ birinji neşiri çykdy. Sinanogly kitaba ýazan sözbaşysynda şeýle diýýär: 
“Molekulýar biologiýanyñ düýbi ilkinji gezek 1960-njy ýyllarda tutuldy. Bu ylymyñ düýbi tutulanda fizika, himiýa ylmyna daýanan sütünlerinden başlap ýatlasak, onuñ sosial durmuşymyzda duş gelýän keselleri dep etmek, bütindünýä azyk ýetmezçiligimi çözmek ýaly umumy adamzat bähbitli işleri amala göz öñüne tutýardy. Gynansak-da, bary-ýogy on bäş ýyldan soñ bu täze ylmyñ maddy binýadyny üpjün edenler tarapyndan ony sessiz-selemsizje howply ýaraga öwrendiklerine şaýat bolduk. Täze ylymyñ alymlarynyñ küýünde adamlaryñ iýmit goruny gözegçilik astynda saklamak bilen bir hatarda dünýäniñ ilatyny azaltmak, käbir halklary bütinleý ýok etmek ýaly bet pygyllar-da bardy. Şeýtanyñam ýadyna-oýuna düşmejek erbetlikler bütin dünýäniñ halklaryny howp astyna almaga başlady".
"Ölüm tohumlarynyñ" dowamy hökmünde çapdan çykan "Emeli doñuz dümewi. Emeli iýmitler" atly kitapda bolsa adamzadyñ ganym duşmany bolan global baronlaryñ adamzadyñ sanyny azaltmak üçin nämeleri meýilleşdirýändigi, keseli ýok etmegiñ deregine kesel ýaýradýan hili pes derman önümleri arkaly adamlary nädip köpçülikleýin hassa öwrüp taşlaýandyklary gürrüñ berilýär.

Makalanyñ dowamyny şu aşakdaky linkden okap bilersiñiz:

http://www.kitapcy.ga/news/hytay_biologik_yaragy_synagdan_geciryarmi/2020-02-28-10637

Täzelikler, wagt tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir