GYZJAGAZYNY DIRILIGINE GÖMEN ATANYÑ HEKAÝATY

Gyz çagalaryny diriligine gömen atalar araplaryñ jahylyýet (nadanlyk) döwrüniñ iñ wagşy adamlarydy. Emme şeýle bir din geldi welin, olar gyzjagazlaryny diriligine gömmek beýle-de dursun, ýalñyşlyk bilen garynjany basgylanyna ökünip gözýaş döküp duran adamlara öwrüldiler. Ol gelen diniiñ ady - yslamdy, hak dini - yslam.
Geliñ, şeýle hekaýatlaryñ bolup geçen ýyllaryna gaýybana syýahat edeliñ. Üns berip okañ: öz gyzjagazyny diriligine gömen atanyñ hekaýaty.

■ Gyzyny diriligine ýere gömen ata

Gûnlerde bir gün sahabalaryñ biri jumga namazyna ýetişjek bolup metjide tarap ylgaşlap başlapdyr. Metjide baran sahaba täret almak üçin suwuñ başyna barypdyr we aýakgabyny çykaryp durka özi bilmezden bir garynjany basypdyr. Garynjany basgylanyny gören sahaba "men magşarda munuñ hasabyny nädip bererkäm?" diýip aglap başlaýar. Soñra ol Pygamberimiziñ (s.a.w) ýanyna gelip:
– Eý Allanyñ Resuly, jumga namazyna ýetişmek üçin metjide tarap ylgap başladym, özüm bilmezdenem bir garynjany basgylap öldürdim. Munuñ hasaby agyr bolarmyka? - diýip sorapdyr.
Pygamberimiz (s.a.w):
– Eý eshabym, sen häzire çenli mundan has agyr günä edip görüpmidiñ? - diýip sorapdyr.
– Ýa Resulala, men gyzyny diriligine gömen adam.
Pygamberimiz (s.a.w) oña:
– Nädip beýdibildiñ? Gürrüñ ber, eşdeli - diýipdir.
– Ýa Resulallah, biz jahylyýet döwründe gyz çagalarymyzy diriligine ýere gömerdik. Meniñem bir gyzjagazym bardy. Ejesine "muny geýindir, daýylaryna äkitjek" diýdim. Ýene az wagtdan onuñ bagryndan önen jigerbendi, ýekeje çagasy gurruk guýa atylyp, uruna-uruna ölmelidi. Aýal görgüli nä alaç eýlesin. Onuñ edip biljek ýekeje zady bardy: olam aglap ganly gözýaş dökmek. Aýalym aýdyşym ýaly etdi.
Çagajygym hakykatdanam daýylaryna gidýändirin öýdüp begenjine ikiýana bökjekleýärdi. Gyzymyñ elinden tutup, ony öñden gazyp goýan çukurymyñ ýanyna eltdim. Oña çukura seret diýdim. Neresse çagajyk seredendenem ony çukura tarap itekläp goýberdim. Çagajyk nädip aslyşsa aslyşdy, eli bilen çukuryñ gyrasyndan tutup ýetişäýdi. Neressejigim hem-ä halas boljak bolup urunýar, hemem "kakajanym, üstüñ tozan boldy" diýip eşigimi kakyşdyrýar. Men eýtdim-beýtdim ony çukura togaladym, yzyndanam ony gömdüm...

dowamyny www.kitapcy.ga saýtyndan okap bilersiñiz...

@Kitapçylar.

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir