ATEIST PROFESSORYÑ MUSULMAN BOLŞUNYÑ WE ILKINJI OKAN NAMAZYNYÑ HEKAÝATY

Ateist professoryñ musulman bolşuny we ilkinji namaz okaýşyny gürrüñ berýän hekaýat okanlary biperwaý goýmasa gerek.
Makala matemika professory Jefferi Langyñ musulman bolanda beren interwýusyndan taýýarlandy.

■ Ateist professoryñ musulman bolşunyñ hekaýaty

Gürrüñi edilýän professoryñ musulman bolşunyñ hekaýaty şeýleräk başlapdyr:
"San Fransisko uniwersitetinde mugallym bolup işe başlan wagtlarym musulman bir talybym bardy. Ol gowy okaýardy, iñlis dilini suwara bilýärdi. Biz din barada söz açamzokdyk, biri-birimize haýsydyr bir zady subut etmäge çalşamzokdyk. Bir gün ol meni maşgalasy bilen tanyşdyrdy, öýlerine gitdim. Aradan birnäçe wagt geçdi, bir gün olar maña Gurhan sowgat berdiler.
Gurhany garşylyklaýyn nukdaýnazar bilen okap başladym. Hakykatdanam okap görmek gerek eken, ýöne düşünmesi kyndy. Kitap meniñ werziş bolan kitaplarymyñ dilinde däldi. Şonuñ üçin ýa oña boýun bolmalydy, ýa-da oña garşy göreşmelidi.
Bu göreşde meniñ içimi ýakan bir zadyñ barlygyny duýdum, sebäbi kitabyñ awtory meni menden has gowy tanaýardy. Hamala aklymy süzgüçden geçirip duran ýaly, her gije ýadyma düşen soragyñ jogabyny kitaby her gezek elime alanymda maña açyk-aýdyñ we gutarnykly şekilde öwredýärdi. Ençeme ýyllap kellämiñ içinde emele getiren diwarlarym ýer bilen ýegsan boldy, şübhelerim ýekän-ýekän sypyrylyp düşdi. Bu söweşde ýeñilen tarap mendim. Maña ýeke-täk çykalga galypdy: olam Hudaýa iman etmekdi.
Uniwersitetiñ buthanasynyñ bir gatynda musulman talyplaryñ namaz okaýan metjidi bardy. Ýüregimi bire düwüp, ol ýere gitdim we kelemämi öwürdim. Kelemämi öwrenden soñ öýle namazynyñ wagty golaýlaşdy.
Metjitde Hasan atly bir gardaş belent heñde azana gygyrdy. Ol iñ öñde durdy, egninde akly-garaly eşigi bardy, öñünde-de penjire, penjireden içerik düşüp duran yşyk... Eý Hudaý, bu meniñ uzak wagtdan bäri görüp ýören düýşüm bilen bire-bir gabat gelýärdi. Men ýene-de düýşümdir öýdüp şübhelenip başladym. Ýok, ýok, düýşüm bolmaga haky ýok. Endamym titräp, gözlerimden boýur-boýur ýaş akýardy.

Makalanyñ dowamyny kitapcy.ga saýtyndan şu aşakdaly linke girip okap bilersiñiz:

http://www.kitapcy.ga/news/ateist_professoryn_musulman_bolsunyn_we_ilkinji_okan_namazynyn_hekayaty/2020-02-21-10599

@ Kitapçylar.

Bilim, wagt tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir