Hemişekisi ýaly irden sagat 07:30-da turdy we el-yüzüni ýuwdy. Azajyk işe taýýarlyk görensoň, aýaly we gyzy bilen bilelikde ertirlik edinmek üçin 07:45-de saçaga oturdy. Gelni örän oňat ertirlik taýýarlan ekeni daňdandan turup. Ertirligiň dowamynda hoşamaýlyk bilen aýaly hem-de gyzy bilen gepleşdi. Ertirlikden soň, adatdakysy ýaly 08:00-da saçakdan turup, işe gitmek üçin öz sumkadyr resminamalaryny almak maksady bilen otagyna tarap ýöräp ugrany hem şoldy welin, stoluň gyrasynda goýlan käsä elip degip çaýy üstüne agdardy. Muňa girre gahary geldi we aýalyna erbet edip igendi. Käse stoluň gyrasynda goýularmydy, eýsem?! Aýaly muňa gahar edip we öýkeläp, gepleşmän ikinji gata öz otagyna çykdy. Gyzy ara girjek bolsa oňa-da birgiden takal okady. Gyzy aglap başlady. Ol çaý dökülen egin-eşigini otagynda täzeleri bilen çalyşandan soň täzeden aşak düşdi, görse gyzy aglamakdan ýaňa okuw eşiklerini hem geýmän ekeni. Oňa derrew eşiklerini geýmegi üçin azgyryldy we geýinen badyna gyzyny okuwyna ýetişdirmek üçin maşynyna mündürip ýola düşdi. Sagat 08:15 bolupdy. Okuwa gyzyny 08:30-a ýetişdirmelidi. Ýollar hem maşyndan doludy. Garaz, ýoluň käbir boşlañrak ýerlerinde batlyrak sürmeli boldy we ýol düzgünlerini bozanlygy üçin Polisiýanyň Ýol Gözegçilik işgäri ony saklady. Düşünişmek, protokol we jerime diýip hasam köp wagt ýitirdi. Muňa-da beter jany ýandy. Gyzyny okuwyna 10 minut giç eltdi. Gyzy onuň bilen hoşlaşman düşüp gitdi maşyndan... Öz işine-de gijä galypdy. Başlygyndan hem igenç iýdi. Günüň dowamynda hem işleri oňuna bolmady we örän keýpsiz bir gün geçirdi. Işden soň öýüne gelende bolsa, özi bilen gepleşmeýän öýkeli gyzy we aýaly bardy. Olaryň biderek ýere göwünlerine degipdi... Muňa kim sebäp boldy? Özümi, aýalymy, gyzymy, polisiýa işgärimi, ýollardaky ulag dykynymy, başlygymy ýa kim? Bu ýagdaý üçin sanalan daşky gurşawyň täsir möçberi, belki, diňe %10 böleginiň dahyly bolup, galan %90-lyk bölegi özümize degişlidir. Näme üçin? Isleseňiz wakalary başyndan başlap seljerip göreliň: Irden çaý üstüne dökülende, aýalyna sögüp-gygyrman, "bu-da geçer, zerur däl-le" diýip derrew 3-5 minutda üstüni çalyşan bolsa, gyzyna sögmedik bolsa, wagtynda ýola çykardy we hemme zat wagtly-wagtyna bolardy. Gyzy we aýaly bilen hem öýkeleşmezdi, başlygyndan käýinç hem iýmezdi, polisiýa işgärine jerime hem tölemezdi we ş.m. beýleki erbet ýagdaýlar hem bolmazdy. Agşam öýe gelende bolsa ony hemişekisi ýaly “kakajan” diýip boýnuna bökýän begençli gyzy we gülerýüzli gelni garşy alardy... Günüň ýadawlygy öýe ädim ädeninden zym-zyýat bolardy... Hemişekisi ýaly söýgi bilen taýýarlanan saçaga oturar we hemişekisi ýaly öz bagtynyň sebäpkärlerine mähir bilen garardy... Netije taýdan: her eden işimizi alňasaman, hemme zady ýerbe-ýer we doly ýerine ýetirmäge çalyşalyň we kiçi-girim säwlikler zerarly ýakyn dost-ýardyr maşgalamyza ýerliksiz yrsarap, olaryň göwünlerine degmäliň! Şeýlelikde, özümizi hem gynandyryp ýörmäliň!

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir