Sen ucmak isleseñ ganat bolardym,
Sen uçmah isleseñ jennet bolardym.
Sen gonmak isleseñ toprak bolardym,
Sen saýa küyseseñ yaprak bolardym.
Seniñ islegiñçe ýaşajak bolup,
Dunyañ ahli duzgunlerini bozardym.

Sen guyzi kuyseseñ saralyp solup,
Yapragny duşuren bag dek tozardym.
Sen gyşy küyseseñ gar bolup yagyp,
Sen tomsy küyseseñ jöwza dek yanyp,
Sen ýazy kuysesen pyntygym yaryp,
Dünýäni duzgune salardym yene.

Gülleri kuysesen güller açardym,
Güli kuysemeseñ solardym yene.
Bir seniñ gownuñe yarajak bolup,
Seniñ islegiñçe yaşajak bolup,

Jan çekerdim azaba bir zat berilse,
Köne dünýäñ azabyndan gaçmazdym.
Seni çynym bilen söymeyan bolsam,
Goşga salyp bu syrlary açmazdym.

Täzelikler, Rakuten tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir