Duşuşyk sagat bäşde,
Indi wagtam uzaldy.
Meniñ sabrym käsedi,
Seniñ sabryñ gazandy.


Dolmasyn tiz gazanyñ,
Käse bolsa,tiz dolýar.
Gör,wagtynda gelmeseñ,
Duşuşmaly ýermizde,
Oglan dolýar,gyz dolýar.


Bil,bolmasa çolalyk,
Galmasak biz başa-baş.
Ýürek sesim eştmegi,
Bilmersiñ sen başaryp.


Bor,bu gün zat diýjek däl,
Duşsak indiki hepdä,
Nesip bolsa şonda bir,
Gijä galma,Humaýym,
Sen şonsuzam edepl-ä!

N.Rejepow

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir