MAHY ÇIÇEK BEGIM

● ýa-da Baýram han Türkmeniň aýal doganlary barada söhbet

"– Hindistan – türkmen halkynyň taryhynyň bir ülşi. Hindi topragnda türkmeniň men-men diýen ärleri ýatyr. Hindi topragnynda türkmen halkynyň gahrmançlyk, mertlik yzlary ýatyr".

Saparmyrat TÜRKMENBAŞYNYŇ "Ruhnamasyndan".

Türki halklar tarapyndan Hindistanda berkarar edilen Mogollar döwletiniň ikinji hökümdary Humaýunyň aýaly Mahy Çiçek begim barada gyzykly maglumatlar taryhyň saralan sahypalarynda saklanyp galypdyr. Hindi taryhçysy we ýazyjysy Muni Lal özüniň «Humaýun» atly kitabynda, Gülbeden begim «Humaýunnama» eserinde döwrüniň wakalaryny, Muhammet Zahyreddin Babyryň, onuň ogly Humaýunyň we hanlar hany Baýram hanyň hem-de köşk aýallarynyň (begimleriň) durmuşyna degişli başyndan geçiren wakalary sünnäläp beýan edýärler.
Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamynyň raýatlary üçin bolsa, XVI asyrda ýaşap geçen türkmen şahsyýetleriniň ykbaly gyzyklydyr.
Taryhy maglumatlarda beýan edilişine görä, Mahy Çiçek begimiň nebereleriniň şejeresi 1380-1468-nji ýyllarda iň bir güýçli hökümdarlyk bolup dörän Garagoýunly türkmenleriň döwleti bilen baglanyşýar. Mahy Çiçek begimiň doglan ýyly barada anyk maglumatlar ýok. Şeýle-de bolsa, onuň agasy Muhammet Baýram han barada möhüm çeşmelerden ugur almak bilen, Mahy Çiçek begim, takmynan, 1520-nji ýyllarda Badahşan welaýatynda dünýä inendir diýen netijä gelinýär. Onuň kakasyna Seýfaly beg, ejesine Nakiba hanym diýer ekenler.
Maglumatlara görä, Mogol hökümdary Humaýun bilen Mahy Çiçek begimiň ilkinji tanyşlygy 1543-nji ýylyň Sanjar aýynyň 15-inde Kabul şäherinde bolup geçipdir. Humaýunyň hormatyna gurnalan bir şagalaňa Mahy Çiçek begim hem gatnaşýar. Şonda Mahy Çiçek begimiň kaşaň lybasy, aý jemaly, görk-görmegi ýaş hökümdary aňk edipdir. Humaýun şagalaňa ýygnanan begzada zenanlaryň içinde özüniň gözelligi bilen aýratyn saýlanyp duranyň kimdigini ýanyndakylardan sorapdyr. Şonda Humaýunyň aýal dogany Gülbeden begim onuň adynyň Mahy Çiçekdigini, Baýram han Türkmeniň uýasydygyny aýdypdyr. Humaýun peri sypat türkmen gözeline özüniň aşyk bolandygyny Gülbeden begime aýdýar we onuň adaglananmy ýa-da adaglanan däldigini bilmegi oňa tabşyrýar. Şol wakadan soň, Humaýun Mahy Çiçegi öz köşgünde gurnalýan toý-şagalaňlara köp gezek çagyrypdyr. Bir gezek Mahy Çiçek begim Mogol hökümdaryna pars dilinde ikileme goşgy aýdyp beripdir. Humaýun Mahy Çiçegiň şygryýetden ussatlyk bilen baş çykarýandygyna haýran galypdyr. Şol şagalaňlardan, ýakyn tanyşlykdan üç ýyl geçenden soň, Humaýun 1546-nji ýylda Mahy Çiçege öýlenipdir. Şu ýerde biz bir zady aýratyn bellemelidiris.
Serdarymyzyň "Ruhnamasynyň" birinji kitabynda: «Garagoýunlylaryň nesilleriniň Hindistanda özlerini aldyrandygy, şol ýerde görnükli şahyr hem döwlet işgäri Baýram hanyň «Hanlar hany» derejesini alandygy mälimdir» diýip, jaýdar belleýşi ýaly, Muhammet Baýram han Türkmeniň nebereleri Teýmirleňiň nesilleri bilen nika garyndaşlygy has öňräkden, baryp Alyşükür beg garagoýunlynyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu nika garyndaşlygy baharlylar bilen teýmiriler arasyndaky bozulmaz birleşik hasaplapdyrlar.
Humaýun bilen Mahy Çiçek begimiň nika dabarasy döwlet derejesinde geçirilipdir. Otuz sekiz ýaşly Humaýun türkmen gözelinden ýaşynyň birazrak uludygyna garamazdan, ony beýleki nikaly aýallaryndan has gowy görüpdir. Maglumatlara görä, Mogol hökümdarynyň Mahy Çiçek begimden başga-da dokuz sany nikalaşan, iki sany nikasyz aýallary bolupdyr. Nika toý-dabarasynda Humaýun Baýram hana gymmat bahaly sowgatlary beripdir. Hindi taryhçysy Muni Lalyň ýazyp beýan etmegine görä, Humaýun özüniň söýgüli ýaryna bir mejime iň gymmat baha daşlary, olaryň içinde «Günden görkli» hindi göwherini sowgat beripdir.
Humaýun bilen Mahy Çiçek begimiň nika-toý dabarasyndan on bir aý geçenden soň, olaryň maşgalasynda bir gyzjagaz dünýä inipdir. Bu wakany Gülbeden begim özüniň «Humaýunnama» eserinde: «Haçan-da hezret (Humaýun – B.Ç.) Badahşana gidenlerinde Mahy Çiçek begim gyz dogurdy» diýip beýan edýär. «Humaýunnamanyň» söhbetine görä, Humaýun gyz perzendi dünýä injek güni Badahşanda ýatyrka, düýş görüpdir. Şol gije ol düýşünde Fahrynnisa atly mamasynyň we Döwletbagt atly bir aýalyň gapydan girip, Humaýuna bir zat getirip, onuň ýanynda goýandygyny görüpdir. OL «Munuň ýorgudy näme bolarka?» diýip, köp oýlanypdyr. Ahyry oňa gyzynyň bolandygyny buşlapdyrlar. Humaýun düýşüniň ýorgudyndan, iki aýalyň adyndan, ýagny, mamasyndan Nisa, beýlekisinden Bagt (sözüni) gysgalan görnüşinde alyp, ilkinji gyzyna Bagtnisa diýip at goýupdyr. 1551-nji ýylda bolsa, Mahy Çiçek begimiň ilkinji ogly bolupdyr. Oňa Muhammet Hekim diýip at goýupdyrlar. Käbir maglumatlarda oňa Mürze Hekim hem diýilýär.
«Humaýunnamada» şeýle sözler bar:

«Mahy Çiçek begim üç gyz we üç ogul dogurdy. Bagtnisa begim, Sekine Banu begim, Emine Banu begim, Muhammet Hekim Mürze, Ferruhfal Mürze hem-de Ybraýym Soltan Mürze».

Mahy Çiçegiň ikinji ogly Humaýun Hindistana ugranda dünýä inipdir. Onuň adyna Ferruhfal (üstünlikleriň buşlukçysy) diýip at goýýarlar. Ýöne Mahy Çiçegiň bu oguljygy agyr keselden aradan çykypdyr. Oguljygynyň ölümi Humaýuna agyr urgy bolupdyr. Ol:

«Asmandan inen ýagty ýyldyzy öz gözlerim bilen görüp bilmändigim, meniň üçin ömürlik armandyr» diýipdir.

Humaýun 1554-nji ýylda Hindistana ikilenji sapar basyp almaga ýörişe ugranda, ol öz şazada ogly Muhammet Hekimi Owganystana degişli welaýatlary, Gandagary, Kabuly tabşyrypdyr. Kiçijik şazada şol wagt 4 ýaşynda eken. Onuň atalygyna bolsa öz neberelerinden Munim hany belläpdir. Oglunyň häkimiýeti dolandyrmak işlerinden juda ýaşdygy zerarly, Mahy Çiçek begim Owganystana, Kabula häkimlik etmegi, köplenç, öz üstüne alypdyr. Ol özýanyna ynamdar, üç sany kömekçileri belläpdir. Humaýun bolsa Hindistany ikilenji gezek Mogol hökümdarlygynyň golastyna geçiripdir. OlHindistana ýörişiniň ýeke-täk ýolbaşçysy hökmünde Baýram han Türkmeni belläpdir. Humaýun bu gezek hem Baýram han Türkmeni Hindistana ýörişiniň ýolbaşçysy bellemek bilen, onuň uly ýeňiş getirjekdigine, Mogol hökümdarlygyny täzeden dikeltjekdigine tüýs ýürekden ynanypdyr. Baýram han ynamy aňryýany bilen ödäpdir.
Mahy Çiçek begim öz ogluna atalyk hökmünde bellenen Munim hany döwlet işlerinden çetleşdiripdir. Dogrusy, Mahy Çiçek bilen Mogol dikmesiniň arasynda birek-birege ynamsyzlyk, düşünişmezlik emele gelipdir.
Bir gezek Mahy Çiçek begim öz ogluna atalyk bellenen Munim han Gur şäherine – Jennet bagyna (şol wagt bu şäheri şeýle atlandyrýar ekenler – B.Ç.) gezelenje çykanda, ony gaýdyp Kabula goýbermändir.Kabuldan kowlan Munim han Humaýunyň ýanyna gelip, Mahy Çiçek begim barada öz aralarynda bolan ýagdaýlary, başga-da bolan-u-bolmadyk gep-gürrüňleri oňa ýetiripdir. Munim han Mahy Çiçek begimi öz är ne wepasyzlykda aýyplapdyr. Humaýun öz dikmesiniň ýalan-ýaşryk gepine ynanypdyr. Ol Munim hany Kabula, Mahy Çiçek begimiň üstüne geregiçe goşun bilen ýörişe ugradypdyr.
Mahy Çiçek begim bu bolyan zatlary diňe özüniň mertligi, gaýduwsyzlygy bilen ýeňmelidigine, örän inçelik hem düşbülik bilen baş alyp çykmalydygyna gowy düşünipdir. Ol özüne garşy sürnüp gelýän Munim hanyň agyr goşunyny Jelalabadyň golaýynda garşylapdyr. Iki goşun çaknyşypdyr. Eli gylyçly at üstüneçykan Mahy Çiçek begim garşydaşyny«itmasgarasy» edip, ýeňipdir. Ikiýüzli Munim han Hindistana, Agra gaçyp, öz janyny zordan halas edipdir.
Mahy Çiçek begim Kabuly 1561-nji ýyla çenli dolandyrypdyr. Ol öz agasy Baýram hana hem onuň daş-töwereginde gurnalýan dildüwşüklerden herdaýym hüşgär bolmagy ündäpdir. Baýram hana garşy gurnalan dildüwşük owal-ahyr ony Mogol hökümdarlygyny, Hindistany taşlap gitmäge hem mejbur edýär.
Mahy Çiçegiň uly ogly Muhammet Hekimiň akylly-başly, edermen, batyr şahsyýet bolup ýetişmeginde onuň ejesiniň hyzmaty uludyr. Ol öz ogluna durmuşyň islendik sapaklaryndan akylly-başly, batyrgaý baş alyp çykmagy erjellik bilen öwredipdir. Soňsuz dildüwşükleriň gurnalmagуndaMahy Çiçek begim bilen Humaýunň arasyna sowuklyk aralaşypdyr.
Humaýun öz aýalynyň garşysyna belli mogol wekili Abul Maaly taýynlapdyr. Abul Maal hökümdarlykda ýakasyny tanadan goşun serkerdesi bolupdyr. Humaýun ony Penjap welaýatyna hem häkim belläpdir. Humaýunyň ynamyna ymykly giren Abul Maal Mahy Çiçegiň kastyna çykypdyr. Ol öz daş-töweregine geregiçe, ynamdar goşun wekillerini ýygnap, Kabula tarap ýörişe çykypdyr.
Mahy Çiçek begimiň ogly Muhammet Hekim Badahşanyň häkimi Garam begime harby kömek bermegi sorap, ýüz tutupdyr. Abul Maalyň goşuny Kabulyň eteginde çym-pytrak edilipdir. Mogol Abul Maal bolsa, ýesir düşüpdir. Ol eli-aýagy gandally Humaýuna ugradylypdyr.
Bu ýeňişleriň ählisiniň gözbaşynda Mahy Çiçek begimiň edermenligi, paýhasy, harby sungatdan, syýasatdan inçelik bilen baş çykaryşy durupdyr. Ýöne Mogol goşunynyň agdyklyk etmegi, yzly-yzyna söweşleriň bolup durmagy netijesinde Mahy Çiçek begimiň ömür-durmuşy harby-gahrymançylyk ýolunda pajygaly ýagdaýda tamamlanypdyr. Ol 53 ýaşynyň içinde ganhor Abul Maal tarapyndan öldürilipdir. Elbetde, türkmen zenanynyň we onuň ogly Muhammet Hekimiň öz döwründe görkezen gahrymançylyk ýollary taryhda ölmez-ýitmezdir.
Çeşmelerde Muhammet Baýram hanyň beýleki bir aýal dogany hakynda hem gürrüň edilýär. Belli bolşuna görä, Baýram hanyň aýal dogany Hindistanda Weli beg Zülkadyr atly türkmene durmuşa çykypdyr. Weli beg Zülkadyryň ondan Hüseýinguly we Ysmaýylguly atly iki sany ogly bolupdyr. Olar Baýram hanyň ýegenleridir.
Mahy Çiçek begim Mogollar döwletinde öz agasy Baýram hanyň abraýynyň uly bolşy ýaly, bu döwle- tiň syýasy durmuşynda onuň aýratyn orny bolupdyr. Mahy Çiçek we beýle- kiler barada Humaýunyň aýal dogany Gülbeden begim özüniň «Humaýunnama» atly eserinde «begimler» döwletde uly orunlar eýelediler diýip belleýär.
Mahy Çiçek begim elli ýaşy arka atsa-da, özüniň görmegeýligini saklapdyr. Ol öz ýaşyndan ep-esli ýaş görnüpdir. Ol Mogol hökümdarlygynyň taryhynda ilkinji häkim bolan, eline gylyç alyp, duşmanlaryna garşy batyrgaý baş göteren zenandyr. Mahy Çiçek begim ömrüniň iň soňky pursatlaryna çenli öz çagalaryny daşyna üýşürip, hökümdaryň aýaly, wepaly ýanýoldaşy hökmünde ýaşapdyr. Şunuň ýaly edermen, batyr aýal Mogol hökümdarlygynyň taryhynda başga duş gelmändigini taryhçylar öz işlerinde belleýärler.

Baýramgeldi ÇARYÝEW.

Çeşme: www.kitapcy.ga

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir