SÖÝGI BINALARYNA SEŽDE

Hindistanda söýginiň hatyrasyna bina edilen birnäçe aramgähleriň bardygy okyjylarymyza aýandyr. Haýdarabatda Muhammetguly Kutub şa Türkmeniň öz aýaly, Bagmatynyň hormatyna gurduran Çar minarasy, mogol şa aýaly Hajy Begimiň öz adamsy Humaýunuň şanyna gurduran kümmeti, Agrada Şajahanyň öz söýgüli ýary Mumtaz Mahalyň üstüne guduran Täçmahaly – söýginiň hatyrasyna bina edilen, köşkler hasap, edilýär. Söýginiň hatyrasyna gurlan binalaryň içinde aýalynyň ärine wepalylygynyň subutnamasy hökmünde gurlan – Humaýunuň aramgähi hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Pajygaly ýagdaýda aradan çykmagy bilen, öz maşgalasynyň ýüregine ot beren Humaýuny Deli şäheriniň içinde, Ýamuna derýasynyň kenarynda depin edýärler. Humaýunuň aýaly Hajy Begim öz adamsyna bolan söýgüsiniň hatyrasyna hindileriň keramatly derýasynyň kenarynda bir ajaýyp, mawzoleý gurdurmagy ýüregine düwýär. Onuň bu teklibini özünden soňra tagta  çykan mogol hökümdary goldaýar. Munuň üçin Humaýunuň ogly, tagt mirasdary gerek bolan maliýe çykdajylaryny gaýgyrmandyr.
Humaýunuň kümmeti mogollar tarapyndan Hindistanda gurdurulan ilkinji bina hasap edilýär. Taryhy maglumatlaryň söhbetine görä, bu bina 1571-nji ýylda gurlupdyr. Onuň baş binagäri eýranly Mürze Kyýasdyr. Eýranly baş binagär Humaýunyň mawzoleýini guranda Merkezi Aziýa hökümdarlarynyň çarbaglarynyň biçüwi esasynda köşkden, miweli agaçdan, saýaly bagdan (çemenlikden) we gülzarlykdan (bossandan) bolmagyny göwnejaý hasaplapdyr. Hut şol esasda hem Delide Babyryň ýetişdiren Çarbagy aramgähiň guruljak ýeri hökmünde saýlanyp alnypdyr. Binagär arämgähiň umumy görnüşinde we gurluşygynda Gurhanda ýatlanylýan Erem bagyny hyýaly esasda görmek isläpdir. Şonuň üçin bu ýerde baglara, serhowuzlara, güllere aýratyn ähmiýet berlipdir.
Binanyň durky gyzyl we ak mermer daşlardan ýylmanyp gurlupdyr. Ussat binagär mawzoleýiň gurluşygynda ilkinji gezek Merkezi Aziýada häsiýetli bolan iki gat gümmezli gurluşyk däbini ulanypdyr. Ol guburhananyň basgançaklaryny diwara berkidip, aramgähiň аrka tarapy ak mermer bilen jähekläpdir. Ol bolsa merkezi gümmeziň gelişigini hasam artdyrýar. Mawzoleýiň interýeri, aýratyn hem goşa gümmezleriň görnüşi täsindir. Ol ýerdäki biri-biri bilen sazlaşyp gidýän deň agramly geometirik şekiller haýran galdyrýar. Binagärçilik sungatynyň kämil eseri bolan Humaýunyň mowzoleýi häzir jähankeşdeleniň köp gelim-gidimli ýeri.
Kümetiň içinde Babyryň nesillerine degişli başga-da, 11 sany gubur ýerleşdirilipdir. Beşruddin Ahmediň berýän maglumatyna görä, mawzoleýiň içinde Humaýunyň aýallary Hajy Begimiň, Hamyda Banu Begimiň, Şajahanyň ogly Daro Şikonyň, mogollaryň soňky hökümdary Jahandar şanyň, Alamgir II-niň, Bahadyr II-niň hem mazarlary bar bolmaly. Magol nesilşalygynyň iň soňky şasy Bahadyr şa Zafar iňlis aňtawçylaryndan janyny halas etmek üçin, iň soňky demde özini şu kümmetiň içiňe atýar. Hut şol ýerde-mogollaryň iň mukaddes saýýan ýerinde-de onuň üç sany şazada ogluny asyp öldürýäler. Şunlukda 1857-nji ýylda bu ajaýyp kümmet mogol nesilşalygynyň dargamagynyň gözli şaýady bolýar.

Baýramgeldi Çaryýew.

Çeşme: www.kitapcy.ga

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir