▶BIR ÖMÜRDE MÜŇ ÖWÜT AÝDAN PIR

Gadymy Hindistan pähim-paýhasa bil baglap gelen künjekdir. Munda ýaşan beýik şahyrlar, filosoflar, döwlet adamlary, pähimdarlar halkyň aňynda çuňňur yz galdyrypdyr. «Bir ömürde müň öwüt aýtmagyň özi jennete barýan ýola düşmekdir» diýen pikire uýan Nyzamuddin Öwliýa hem Hindistanyň ruhy dünýäsinde baky yz goýan şahsyýetdir. Ylmyň ähli ugurlaryndan ýüki ýetik bolan bu şahsyýetiň öňünde her kim dyza çöküp, togap eýläpdir. Nyzamuddin bir görseň akyldar, bir görseň şahyr, bir görseň sazanda, bir görseň diniň wagyzçysy – keramatly sopy. Ol Hindistanyň syýasy we ruhy durmuşynda möhüm rol oýnan adam bolmak bilen, halk arasynda söýülen bir şahsyýetdir. Onuň gudraty baradaky gürrüňler bolsa halk içinde häzirlerem ýaşap ýör.
Hindistanda ýaşap geçen dört piriň biri hasaplanylýan Nyzamuddin Öwliýanyň kümmeti Abdyrahym hanyň aramgähinden onçakly uzak bolmadyk ýerde, köçäniň aňry ýüzünde ýerleşýän eken. Asyl görüp otursak, Deliniň iň uly köçeleriniň biri Nyzamuddin piriň adyny göterýän eken.
Öz döwründe Hindistanyň «ruhany soltanlygynyň soltany we häkimi» diýlip tanalan Nyzamuddin 1238-nji ýylda eneden dogulýar. Ol entek bäş ýaşyndaka atasyndan jyda düşüp, ýetimligiň şarpygyny datmaly bolýar. Onuň ejesi garypdygyna garamazdan, ýeke dikrarynyň okamagyny, oglunyň ylymly-bilimli bolup ýetişmegini isleýär. Şunlukda, on ýedi ýaşly Nyzamuddin ilkinji bilim ojagyny Bedaunda tamamlaýar. Ol öz döwrüniň tanymal şahsyýetleriniň biri bolan Ferideddin Genç Şe-kerden ak pata alandan soň, Deli şäherine dolanyp gelýär. Onuň şöhraty sähel salymyň içinde tutuş Delä ýaýraýar. Taryhçy Zyýa Baraniniň ýazmagyna görä, Allanyň haky üçin köp gowulyklary edýän piriň huzuryna baýam, garybam gelip, elini öpüp, başlaryna tahýa geýip, ondan pata alyp, dindar bolupdyrlar. Meşhur döwlet işgärleri hem onuň ýanyna tagzyma gelipdirler.
Nyzamuddin ilki Horasanda döräp, Hindistana ýaýran Çiştiýe atly sopuçylyk akymyna uýýan mürit-sopular ýaly aşa şerigatçy bolmandyr. Dine dünýewi garaýyş bilen garapdyr. Ol şahyrçylygam, sazandalygam edipdir. Şonuň üçin Deli soltanlygynyň türkmen hökümdarlary Nyzamuddine uly sarpa goýupdyrlar. Deli soltany Alauddin Halajy bolsa «Men patyşa bolup durşum bilen dünýewi işlere meşguldym, onuň ýaly tämiz zadyň (kişiniň) huzuryna nä ýüzüm bilen baraýyn» diýip, onuň ýanyna gitmekden saklanypdyr. Belki-de türkmen soltany döwlet bilen din işleriniň biri-birinden aýry bolmagyny isländir. Ýöne muňa garamazdan, Alauddin Halajynyň öz ogullaryny piriň elinde okadandygy dogrusynda käbir maglumatlar saklanyp galypdyr.
Nyzamuddin ýogalandan soň, musulman ruhanylary onuň guburynyň töwereginde onuň kultuny döredipdirler. Soňky ýüz ýyllyklarda onuň kümmetiniň töwereklerinde guburlar peýda bolup, ol ýer zyýaratçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrülipdir. Piriň kümmeti Alauddin Halajynyň ogly Hizr han tarapyndan 1325-nji ýylda gurlan Jamaat metjidiniň howlusynda bina edilipdir. Hizr han şahyr Emir Hysrowyň poemasynyň baş gahrymany hökmünde meşhur şahsyýetdir. Keramatly sopynyň ak mermere basyrylan mazarynyň töwereginde soňy bilen Ataga hanyň, Muhammet şa Raňlanyň, Emir Hysrow Dehlewiniň, Mürze Galybyň, Şajahanyň uly gyzy Jahanaranyň kümmetleriniň peýda bolmagy bu ýerini hasam mukaddesleşdiripdir.
Keramatly saýylan piriň mazarynyň üstüne ak mermerden kümmet gurlupdyr. Ol açylyp duran lotus gülüni ýadyňa salýar. Lotus güli hindilerde milli gül hasaplanýar. Ol hakynda halk arasynda birnäçe rowaýatlar hem gürrüňler aýdylýar. Hindilerde we tutuş Gündogarda söýginiň nyşany hökmünde görülýän ak lotus gülüniň şekili Hindistanyň çäklerindäki arhitekturada has ýörgünli ulanylýar. Ap-ak mermere basyrylan kümmetiň içinde ýatan Nyzamuddiniň mazarynyň üstüne gyralary zer bilen jäheklenen ýaşyl mata örtülen. Her kim piriň mazarynyň daşyndan aýlanyp, özüçe aýat töwir edýär. Kimsi gözýaş döküp, jennetiň we bagtyň ýollaryny görkezen ynsandan delalat isleýär, kimsi mazarynyň üstüne gül düşeýär. Şol ýerde bizi geň galdyran bir üýtgeşik görnüşi agzaman geçmek bolmaz. Ak mermerli guburhananyň daşky howlusynda oturyp zaryn-zaryn agyt aýdýan aýdymçy bolsa, her kimiň ünsüni özüne çekýärdi.

Baýramgeldi ÇARYÝEW.

Çeşme: www.kitapcy.ga

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir