HEZRETI PYGAMBER DÖWRÜNDE GÖKTÜRKLER WE TÜRKMEN MEDENIÝETI

"Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) döwründe göktürk(men)ler we türk(men) medeniýeti" atly nutuk bilen çykyş etmäge meni iteren sebäpleriñ birinjisi: Hezreti Pygamberimiz bilen döwürdeş göktürkleri, olaryñ hytaýlylar, sasanylar, wizantiýalylar, araplar bilen özara syýasy gatnaşyklaryny öwrenmek, göktürkler döwrüniñ türkmen medeniýetini jahylyýet döwrüniñ arap medeniýeti bilen deñeşdirmek.
Ikinjisi: türkmenleriñ Hezreti Pygamberimize (s.a.w) bolan garaýşy we Hezreti Pygamberimiziñem (s.a.w) türkmenler baradaky hadyslaryny ýatlatmak, göktürkler döwrüniñ türkmen medeniýetiniñ yslam medeniýetine ýakynlygyny ýañzytmakdan ybaratdyr.

• Taryhda ilkinji bolup "TÜRK" adyny halkyñ we döwletiñ ady hökmünde ulanan Göktürk türkmen döwleti öñki Beýik Hun imperiýasynyñ hem paýtagty bolan Ötükeni paýtagt şäher edinen, Muhammet pygamberiñ (s.a.w) dünýä inmeginden on dokuz ýyl öñ, has takygy 552-nji ýylda "Il kagan" ünwanyny alan Bumin Kagan tarapyndan gurulypdyr.

• Göktürk türkmen döwletiniñ iñ gülläp ösen döwri bolan Mukan Kaganyñ häkimiýetiniñ soñky ýyllarynda Pygamberimiz Hezreti Muhammet (s.a.w) 571-nji ýylyñ 20-nji aprelinde Mekgede dünýäni nura gaplady.

• Hezreti Muhammediñ (s.a.w) doglan 571-nji ýylynda birnäçe ýyllap dowam etjek Sasany-Wizantiýa urşy başlaýar. Häkimiýetlerini Horezme we demirgazyga tarap giñelden, Buhara, Daşkent ýaly sekiz uly sebiti döwletiñ düzümine birikdiren göktürkler bolsa, eýýäm 570-nji ýylda Azerbaýjana giripdiler.

• Sasany hökümdary Anuşirwan gündogarda özi üçin howp salyjy kuwwatly güýje öwrülen göktürkler bilen oñşukly ýaşamagy saýlap alyp, olar bilen dostlukly gatnaşyklary açmaga çalşypdyr. Şonuñ üçinem ol Göktürk hökümdarynyñ gyzyna öýlenipdir. Onuñ alan şol türkmen aýalyndan bolan mirasdüşer ogly Hormuz IV (579-590) daş sypaty we edim-gylymy boýunça eýranlylaryñ özüne meñzemändigi üçin oña Türkogly diýer ekenler.

• Sasanylaryñ üsti bilen başlanan türkmen-arap gatnaşyklary jahylyýet döwrüniñ arap şygryyýetine ýiti täsirini ýetiripdir. Arap şahyrlary türkmen garadangaýtmazlygyndan, gözsüz batyrlygyndan gorky we howsala bilen dil ýarypdyrlar.

• Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) doglan ýylynda diýseñ ünsüñi çekiji taryhy özgerişler bolup geçipdir. Göktürkler şol wagt özleriniñ iñ bir pajarlap ösýän döwürlerini başdan geçirýärdiler we olar Pygamberimiz (s.a.w) bakyýete göç etmegine iki ýyl galanda Hytaýyñ boýunturugy astyna düşýär. Bilnişi ýaly, elli ýyla çeken baknalyk döwründen soñ Ikinji Göktürk türkmen döwleti gurulýar we türkmenler täzeden erkinligine gowuşýar.

• Pygamberimiziñ (s.a.w) türkmenler hakyndaky hadyslaryny iki topara bölmek mümkin: Birinji topardaky hadyslar türkmenler bilen gowy gatnaşyk saklamagy we olara garşy uruşmazlygy wesýet edýär.
Ikinji topardaky hadyslar bolsa türkmenler bilen araplaryñ arasynda birnäçe uruşlaryñ boljakdygyny, türkmenleriñ Yragy we Siriýany eýelejekdigini hem-de häkimiýeti araplaryñ elinden aljakdygyny ýañzydýar.

• Pygamberimiziñ (s.a.w) we arap ýörişlerinden öñ araplaryñ türkmenleri azda-kände tanaýandyklaryny, olar hakyndaky maglumatlardan habarlydyklaryny belli bir derejede orta çykarmak mümkin. Dürli ýollar bilen musulmanlaryñ arasyna aralaşan türkmenler yslamy ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik tapypdyrlar, öz ynançlary we ýaşaýyş şertleri bilen yslamyn arasyndaky meñzeşlikleri görüpdirler hem-de gylyjyñ zoruna galmazdan peýwagtyna musulman bolupdyrlar.

• Netijede; Pygamberimiziñ doglan, kemala gelen, pygamberlik berlen we yslamyýetiñ ýaýran ýyllarynda gurlan, gülläp ösen we ýykylan Göktürk türk döwleti gündogarda hytaýlylar, günbatarda sasanylar we wizantiýalylar bilen käte dostlukly, käte duşmançylykly gatnaşyklarda bolandygyny, yslamdan öñki we soñky döwürde bu gatnaşyklaryñ jümmüşinde bolan türkmenleriñ hem-ä jahylyýet döwrüniñ araplary, hemem yslam döwründe Pygamberimiz (s.a.w) bilen bir hatarda musulmanlar tarapyndan ýakyndan tanalandygyny we goldanandygyny görmek bolýar.

Kemal GÖDE.

# Göde Kemal, "Hz. Peygamber Devrinde Göktürkler ve Türk Kültürü", III. Kutlu doğum sempozyumu: tebliğler 295 s., 2000, s. 83

Çeşme: www.kitapcy.ga

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir