Bu gün azan bilen maňa bir ýerden,
Eser ýazmak üçin bir ylham geldi,
Şol ylham hyjuwyndan çeper eserden -
Kem bolmajak bir zat ýazyp boljakdy.

Telefonyň zamet:gasyny açyp,
Niýetim hyjuwdan ýaňa, ýazmakdy,
Emma sanaglyja minutlar geçip,
Ýazmaklyga bolan, hyjuw gaýzykdy.

Eger ýazyp başaramda baýragym -
Hökümünde gazanardym men seni.
Seni gazanan soň ýene ýazmagym -
Dowam edip, ýazardym kän eseri.

Doly tanyşmankak bir wagt maňa,
Goldaw beripdiň sen ýazmaklyk üçin,
Şol wagtlar bilseň dessine saňa,
Öwrenşip galypdym ýakyn dost kimin.

Ujypsyzja wagtgeçmänkä aradan,
Gitdiň gabananym üçin men seni.
Gidiber dolanyp gelme ýaňadan,
Indi unutjakdeý menem gyz seni.


Ýolagçy

Edebiýat, Umman tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir