TÜRKMEN DETEKTIWINDEN NUSGALAR

(Annageldi Nurgeldiýewiñ käbir eserleri bilen gysgaça tanyşlyk)

"Jülgede bolan waka" powesti

Ýazyjy A.Nurgeldiýewiñ ilkinji detektiw eserlerinden bolan "Jülgede bolan waka" powesti respublikan edebi konkurslarda baýrakly orunlara mynasyp bolan eserdir.
Eser bu gezek raýon milisiýasyna ogly Serdaryñ ýitirim bolandygyny habar berip gelen garryja enäniñ şikaýaty bilen başlaýar. Tejribeli işgär Ymamguly aga bu işi anyklamagy täze işe başlan Kuwwat Meredowa tabşyrýar. Birnäçe günläp derek tapylmansoñ, onuñ başyna bir bolmasyz işiñ düşenligi belli bolýar. Ýöne bu "bolmasyz işiñ" añyrsynda nämeler gizlenip ýatyrka? Adamyñ başyna gelip biläýjek adaty bir heläkçilikmi? Ýa-da kimdir biri tarapyndan edilen bilkastlaýyn jenaýatmy?
Şübhelenere, yz çalmaga welin bölek-büçek deliller ýoksuzam däl. Serdar ýitirim bolmazyndan öñüsyrasy Jomman Bäbekow atly şagal mesligini edip ýören biri bilen sataşypdyr. Jomman Köpetdagyñ etegindäki Altyýabyñ boýunda, ýanyna-da iki sany gyz bilen oturmaga barýar. Tokaýçylyk hojalygynda tejribe geçip ýören ýaş alym Serdar bu orramsylygyñ gyrasynda barmy ýa-da ýok? Añtawçy Kuwwat Meredow onuñ bolýan wagonyndan ýöreden gündeligini hem tapýar. Gündelikden mälim bolşuna görä, Serdaryñ bir ýaş gyzda göwni hem bar. Ýöne bärde başga-da bir myş-myş bar. Aýtmaklaryna görä, türmeden gaçan biri şu golaý-goltumda käte görünýärmişin we agşamlaryna dagda ot ýanýanyny hem görýärlermişin... Ol gaçgagyñ barlygy çynmy? Eger bar bolaýanda-da, onuñ Serdar bilen näme baglanyşygy bolup biler?
Serdaryñ daşyndan aşyk bolan gyzy Solmaz, şol tokaý hojalygynda ýaşap ýören Sertip lakgy diýen dymma ýaşulynyñ gyzy. Birwagtlar Sertip Guduk pälwan diýen obadaşyny ýolbarsyñ agzynda goýup gaçypdyr. Pälwany ýyrtyjynyñ agzyndan serhetçi esgerleriñ biri ölümiñ öýünde halas edýär. Eden namartlygy üçin bütin oba tarapyndan näletlenen Sertip lakgy gep-gürrüñe çydaman, obadan çykýar we jülgäniñ içine göçüp gidýär. Serdar bolsa Guduk pälwanyñ agtygy.
Çaklamalar kän. Hakykat bularyñ haýsysynda gizlenen? Ençeme ýyl geçenden soñ Sertip köne wakada galan hyltyny çykarjak bolup, jenaýata baş goşaýjakmyka? Belki-de, ol Serdaryñ gyzynda göwnüniñ bardygyny bilip, gabanjañlykdan bir zatlar etdimikä? Aslynda onuñ bu pynhan duýgudan habary bir boldumyka?
Gijesine ot görünýär diýlen gowaga baryp görseler, ol ýerden Serdaryñ welosipedi tapylýar. Ýöne bu welosiped bu ýere nädip düşdükä? Serdar welin düýbünden başga ýerde. Onuñ jesedini işleýän ýerindäki goja çynaryñ aşagynda gömlen ýagdaýda tapýarlar. Kim bu mojuk işi eden? Günüñ güni jalataýlyk edip ýören Jomman jalaýmy? Gijelerine dagyñ gowagynda ot ýakyp oturýar diýlen kimdigi näbelli birimi? Ýa-da kyrk ýyl bäri içi kitüwli gezip ýören Sertip lakgymy?
Muny bilmek üçin bolsa eseri okamaly bolsa gerek....

◆   ◆   ◆

"Sary seýfiñ syry" powesti

Kolhozyñ kontorasyndaky içi pully sary seýf birdenkä gürüm-jürüm bolýar. Ýöne ol nirede we nädip tapmaly? Bu barada bilmek üçin "Sary seýfiñ syry" powestini okap çykmaly. Gyzykly başdan geçirmeler esasynda ýazylan powest ýazyjy A.Nurgeldiýewiñ ilkinji detektiw eseridir. Bu powest respublikan edebi konkurslarda baýrakly orunlara mynasyp boldy.
Ýitirim bolan seýf kontoranyñ öz içinde, poluñ aşagynda gizlenen. Ýöne nädip?.. Kim bu jenaýatçylykly töwekgellige baş goşup biler? Ýurdy belet çapar diýleni. Ýöne bu belet kimkä? Kolhoz başlygymy? Kolhozyñ sürüjisi Rüstemmi? Kontorañ öz garawulymy? Ýa-da daşyndan gelen tüýkesmelermi?
Jenaýaty agtaryş bölüminiñ başlygy Ymamguly Berdiýew we onuñ heniz stažirowka geçip ýören ýaş işgäri Kuwwat Meredow bilen bile bu çetin sowallara jogap tapyp bilerlermikä? Eseri okamazdan öñünden pylan zat diýip bolmaz...

◆    ◆   ◆

"Kezzap" powesti

A.Nurgeldiýewiñ detektiw žanrynda döreden bu powestinde beýan edilýänler talañçylykly hereketlerde aýyplanyp, sud edilýän iki sany jenaýatçynyñ işine seredýän sud prosesi (kazyýet mejlisi) bilen başlaýar. Jenaýat işi doly dellillendirilip kazyýete berilen. Jenaýatda güman edilýän Garýagdy Süleýmanowyñ talañçylyk edilen salgynyñ gapysyndan alynan el yzy we jebir çekene degişli sagadyñ onuñ howlusyndan tapylmagy, wakanyñ bolan gijesi jenaýatda güman edilýäniñ içgililigi hem doly tassyklaýar. Emma bu deliller aklawjynyñ pikiriçe ýeterlik däl.

Sebäbi: "...aýdalyñ gapyda el yzy galypdyr. Eýsem munuñ özi hälki aýdyp geçişimiz ýaly, adamyny ogurlykda aýyplamaklyga ýeterlikmi? Meniñ pikirimçe, ýoldaş sudlar, bu delil bolup bilerden juda ejiz görünýär. Eger-de şol yzlar gapydan däl-de gymmat bahaly zatlaryñ ýygnalyp goýlan ýeri bolan serwantyñ çekmesinden tapylan bolsady, onda bu faktyñ özüni hiç bir ýana çekelemäge ýol galmazdy.
Gapynyñ daş ýüzünde el yzynyñ galmagy - munuñ özi, ýoldaş sudlar, diñe bir serwantyñ ýanyna barlandygyny subut etmek üçin däl, eýsem şol otaga girilendigini hem subut etmäge-de ýeterlik däldir..."

Garalawjynyñ pikiri bolsa düýbünden başgaça: "...jenaýatçy eger-de eden etmişiniñ üstünde tutulmasa, onuñ eden jenaýatyny subut etmek mümkin dälmişin. Ine, hormatly aklawjy näme diýjek bolýar. Bagyşlañ welin, eger-de jenaýatyñ üstünde tutulmadyklary jenaýata çekip bolmajak bolsa, onda gaty köp jenaýatyñ üstüni açmak başartmazdy..."

Gapma-garşylykly dialoglara baý powestde dogrudanam jenaýaty edenler başga-başga adamlar. Ýöne kim olar?
Ynha, muny anyklamak welin, ýazyjy A.Nurgeldiýewiñ detektiw eserleriniñ gahrymanlary Ymamguly Berdiýew bilen onuñ işgäri Kuwwat Meredowyñ paýyna düşýär. Uzaga çeken derñewiñ dowamynda olar bu agyr işiñ hötdesinden gelip bilýärmi ýa-da ýok?
Öñ hem türmede oturyp gelen betpygyl Hajyly öñ gözenegiñ añyrsynda bile oturan tanşy Garýagda ýolda tötänleýin duşup, ony öz barýan ýerine myhmançylyga alyp gaýdýar. Onuñ beýtmek bilen maksady öz amala aşyrjak bolýan jenaýatyny bukmak we başga biriniñ üstüne atmak...
Ýöne tejribeli operatiwnik Ymamguly aga bilen täze işe başlan ýaş leýtenant Kuwwat sud prosesi jemlenýänçä nädip anyklap bilýärler? Ine muny bilmek üçin bolsa eseri dolulygyna okamak gerek.
Powest sud prosesi bilen başlanýar we şonuñ bilenem gutarýar. Ýöne jogapkärçilige çekilýän kim? Güman edilýän bigünä birisimi ýa-da jenaýaty başga biriniñ üstüne atan hakyky kezzap? Muny bilmek üçin welin eseri okañ.

◆   ◆   ◆

"Syrly ysyrga" powesti

"Syrly ysyrga" powestiniñ wakalary 1973-nji ýylda bolup geçýär. Eser adaty duşenbe günleriniñ birinde polisiýa edarasynyñ nobatçy gullugyna "...uly ýoldan sowarak bir ýerde kanalyñ boýunda "Žiguli" awtomaşynyñ durandygy, onuñ rulundaky adamyñ bolsa üst-başy gan bolup ýatandygy barada kimdir biriniñ..." habar bermegi bilen başlaýar.
Sag çekgesinden atylyp, eli gana boýalan altyn ysyrgaly ýatan jesediñ kimligi belli: ol bir dükanda satyjy bolup işleýän Soltan Berdiliýew. Ýöne iki çagasy bilen dul galan Gözeliñ özem "ak jüýje" däl adamsy Soltanyñ garşysyna bu jenaýaty edenleriñ kimligi welin näbelli...
Bilkastlaýyn edilen bu jenaýatyñ kim tarapyndan we näme üçin edilendigini anyklamak üçin Jenaýat agtaryş gullugynyñ başlygy, maýor Ymamguly Berdiýew tabynlygyndaky işgärleri bilen ýeñlerini çermäp işe girişýärler. Ýöne bu göräýmäge añsat iş däl. Jenaýatyñ añyrsynda başga-başga zatlar we oslanmadyk adamlar ýatyr...
Işi çaklamalardan başlan armazak añtawçylar gije-gündiz işläp, ahyrynda toparlaýyn edilen bu agyr jenaýaty kimleriñ edendigini anyklamagyñ hötdesinden gelýärler. Ýöne nädip?! Elbetde, muny bilesiñiz gelse, "Syrly ysyrgany" doly okamak gerek. Gapma-garşylykly wakalara, dartgynly sýužetlere baý bolan bu powest gyzykly başdan geçirmeler häsiýetinde ýazylypdyr. Başdanaýak okyjyny biperwaý goýmajak bu eser türkmen detektiwiniñ iñ gowy nusgasydyr

◆    ◆    ◆

"Iñ soñky şaýat" powesti

Ýazyjynyñ bu eseri-de bilkastlaýyn öldürilip gonamçylyga taşlanyp giden jeset barada polisiýa edarasynyñ başlygyna gelen habar bilen başlaýar.
Gonamçylygyñ haýatynyñ iç ýüzünde mañlaýyndan aw tüpeñi bilen atylyp öldürilen Saparmämmet Ýapanow öñ aýalyny öýünde kireýine bolýan biri bilen tutup, ony paltalap bäş ýyl türmede oturyp gelen. Tussaglykdan boşansoñ bir ýyl geçmänkä hem onuñ başyndan bu pajygaly waka başyndan inýär. Bu jenaýaty kim eden? Boýnundan paltalananam bolsa säwlik bilen diri galan Hydyrmy? Ýa-da durmuşy bozulan Näzigiñ bu işde eli barmy?
Şol bir wagtyñ dowamynda otludan hem biri taşlanyp öldürilýär. Saparmämmet türmede otyrka hem biri çişlenýär. Aýry-aýry ýerde bolup geçen bu üç jenaýatyñ nähili baglanyşygy bolup biler? Otludan oklanyp öldürilen Kiçi atly ýigit öñ Sapby atly biriniñ aýalyny ýene iki sany oglan bilen zorlap tussag edilen eken. Sapby ar almagyñ kastynda. Ol bu işi ýeke edenok. Bally hem Saparmämmediñ dosty. Bally bile oturanlygy üçin Saparmämmet türmeden çykanda ony öldürmekligi tabşyrýar. Sada ýigit bu işi asla etmejekdigini aýdýar, üstesine-de Ballyny hem bu bet pälinden dändermek isleýär. Ol öldürilen gijesi öz gezýäni Roza bilen Ballynyñ yzyna düşüp Sapbylarda oturmaga gidýär. Ol öz ölüminiñ biçilip goýlanyndan habary-da ýok. Oturşykdan soñ Bally Rozany we Saparmämmedi öýlerine düşürmäge alyp gidýär. Ilki Rozany düşürip, soñam öwlüýäniñ deñesinden geçeninde, öñünden dilleşilip gije gonamçylygyñ içinde garaşyp duran Sapby pidasyny atyp öldürýär...
Bu yzygiderli jenaýatlar bilen baglanyşykly bir adam galypdy. Olam Bally... Sapby ertesi awa giden bolup ony-da ýoklamakçydy. Emma agşamky jenaýatyñ gorkusyndan öýünden çykman ýatan Bally özü-de bilmän ölümden halas bolýar. Wakanyñ bolan ýerinden tapylan zatlaryñ jenaýatkärleriñ öýündäki tapylan zatlar bilen baglanyşdyrylşy, sypjyk jenaýatkärleriñ etmişiniñ boýnuna sabyrlylyk bilen goýluşy, garaşylmadyk şaýatlar... Dartgynly sýužetler, biri-biri bilen baglanyşykly we aýry-aýry ýerde bolýan wakalar... Bulardan sowukganlyk bilen baş alyp çykýan türkmen "Şerlok Holmslary", "Erkýul Puarolary" bolan sülçi Kuwwat Meredow bilen tejribeli añtawçy Ymamguly Berdiýewiñ sowukganlylyk bilen alyp barýan ýadawsyz operatiw işleri barada gürrüñ berýän bu powest A.Nurgeldiýewiñ detektiw eserleriniñ iñ gowusy bolsa gerek.

◆    ◆    ◆

"Duzak" powesti

Adaty sişenbe günleriniñ biri raýon merkezindäki iki gatly uniwermagyñ ikinji gatynda altyn şaý-sepleriñ talanandygy barada polisiýa bölümine habar gelip düşýär...
Etrapda öñ ogurlyk bilen sud bolan Ataly Kelow diýip biri bar. Biri ogurlyk etse şondan görülýär. Elbetde, onuñ özü-de ogurlygy edendigini göni boýun alybam otyr. Emma sud prosesinde welin onuñ aklawjysy düýbünden başga zatlary ýüze çykaryp berýär. Görlüp oturylsa ol, ogurlyk bolan güni Gruziýada gezip ýör...
Ýeri indi nätmeli? Şol wagtam uniwermagdan ogurlanan bir krossowkanyñ kanaldan tapylan bir ýigdekçäniñ aýagyndaky krossowka bilen gabat gelýändigini gören organ işgärleri jenaýatyñ pikir edilişinden has çylşyrymlydygyna göz ýetirýärler...
Gözleg işlerini uniwermagyñ öz içinden başlaýarlar. Uniwermagda işleýän satyjy Kepderi atly gelin öñ kämillik ýaşyna ýetmänkä äre gaçyp giden biri. Munuñam üstesine äre çykmanka Tuwakmyrat bilenem gezen. Tuwakmyrat bilen onuñ soñam aragatnyşygyny kesmeýär. Ol bikär bolsa häli-şindi gelip ondan pul "soýup" ýör. Munuñam üstesine Kepderi jenaýat bolan güni açary uniwermagdaky Aýna atly ýaş gyza goýup, ejem gelýär öýe diýen bolup işden ir gidýär. Ýeri, ogurlygy eden Tuwakmyratmy? Kepderiniñ bu işe nähili baglanyşygy bar? Ýa-da Aýna bu işi etdimikä? Ýeri, Kepderi bilen Aýna bu işi etdi diýeliñ? Olar kanaldan tapylan ýigdekçäniñ hem ganyna galdylarmyka? Bu jenaýat olaryñ gurnap biljek zadyndan has çökder dälmi näme? Tuwakmyradyñ daşyna geçmelimi? Aslynda ölemen humarbazyñ biri Tuwak çişik ogurlygy öñünden meýilleşdiripdi. Ýöne muny etmäge welin "ýogynja gaýrat" gerek. Muña bogny ysmadyk Tuwakmyrat deñ paý çykarma şerti bilen mekdebiñ bedenterbiýe mugallymy Atabaýa aýdýar we özü-de Kepderini razy edip alan uniwermagyñ içindäki harytlar saklanýan seýfiñ açaryny Atabaýa berip, şondan bir gün öñ Tomska uçýar.
Atabaý mugallym bu iş üçin okuwçylarynyñ birini yrýar we oña warýonka jalbar beren bolup, bu howply işe yrýar. Ogurlyk proffesional ogrynyñ etjek işinden-de beter ussatlyk bilen edilen. Ýigdekçe uniwermagyñ iş wagty içine giren we ýapylýança bukulyp duran, uniwermag ýapylansoñam signalizasiýany içinden öçürip, ikinji gatyñ aýnasyndan ýüp bilen syrylyp düşülen. Yzçy it hem onuñ galdyran yzyny köçä çykansoñ ýitirýär. Sebäp ogry soñ awtoulaga münüp gözden gaýyp bolan. Kämillik ýaşa ýetmedik çagany jenaýat etmäge yryp, soñam onuñ ganyna galmak Atabaýyñ nämesine derkarka? Elbetde, ol neresse çagajyk diline bek bolmaz öýdüp çekinýär. "Ogry syrty gowşak" diýip aýdylanok ahyryn... Biri-biri bilen baglanyşykly bu dartgynly wakalardan ussat añtawçylar Kuwwat Meredowyñ, Şäherli Gelenowyñ, Ymamguly Berdiýewiñ nädip baş alyp çykyşlaryny jikme-jik bilmek isleseñiz, dartgynly sýužetlere baý kämil detektiw eserini okap, estetiki lezzet alaryn diýseñiz, onda hökmany suratda bu eseri okamaly bolsa gerek...

◆   ◆   ◆

"Pynhan syr" powesti

Eser ýatan hassahanasyndan aldawa salnyp, daşary çykarlan we maşyna salnyp kanalyñ boýuna äkidilen, ol ýerde üç bolup zorlanan ýaş geliniñ tejribeli añtawçy Ymamguly Berdiýewe başyna inen pajygaly hadysa barada gürrüñ bermegi bilen başlaýar.
Ymamaguly aganyñ, azy ýaran Şäherliniñ, işine ezberlän Kuwwadyñ etmeli işi belli. Kişi maşgalasyny ile çykar ýaly etmedik päliýamanlar kim? Olary nädip anyklamaly? Iş añsat däl. Belki bu ar-namys bilen baglanyşykly ar almadyr? Ýa-da owadan gelne daşyndan hyllygyny akdyryp ýörenleriñ eden işidir? Hakykatdanam gelne ýatan hassahanasynda aýyn bolmasa lak atyp ýören biri baram. Gelniñ adamsy Amanşanyñ dogrudanam Aşgabatda gezýän aýaly-da bar. Komandirowka diýen bolup sypyndygy birki gün ýitip gidýänligi-de hakykat. Şeýle hem Amanşanyñ garry atasy ýaş wagtyka bir süpük neşekeşiñ aýalyny öz aýalynyñ üstüne alan eken. Belki-de birwagt aradan çykyp giden ol neşekeşiñ häzir hersi bir ýerde işleşip ýören doganlary köneden galan arlaryny ýerlerine salýandyrlar?
Soñky gözleg işleri Amanşanyñ iki ýyl bäri gezýäni Näzliniñ adamsynyñ bu pynhan gatnaşykdan habary barmy ýa ýokmy diýen sowala gönükýär. Gelniñ zorlanan ak Žigulisi ýaly awtoulag bolsa Näzliniñ gaýynagasynda bar. Ýöne ol nirede? Maşynyñ eýesi Çaryýaryñ gepine ynansañ-a ol geçen annada inisi Alty şähere sürüp gidipdir. Öý eýesiniñ garşylygyna bakmazdan çak bilen bede basylan garažy barlap görseler, maşynam garaždan çykýar. Awtoulagyñ içi süpürilip goýlanam bolsa onuñ ekspertler onuñ oturgyjynyñ arkasyndan aýal maşgalanyñ köwşüniñ aýak yzyny we haladyñ gopan bir iligini tapýarlar. Jenaýaty edendigiñ Altydygy belli bolýar. Ýöne jenaýat açanyna begenip gelýän organ işgärleri begenşip edaralaryna gelensoñlar, garaşylmadyk başga bir jenaýat bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýarlar.
Kanalyñ boýunda tapylan oturgyçlary ýatyrylan gyzyl "Žiguliniñ" içinden öldürilip taşlanan ýalañaç bir erkegiñ we aýalyñ jesedi tapylýar. Elbetde, olar Amanşa we Näzliniñ jesetleridi. Ýön kim bulary eden? Gelni zorlan Alty ele salynypdy. Wakalar wakalara sepleşip, okyjyny öz içine dolap alýar, türkmeniñ ar-namys meselesini şular ýaly ussatlyk bilen işlenen eser türkmen edebiýatynda az-az bolsa gerek.
"Haram keýpiñ yşgyna haram keýpiñ pidasyna öwrülen adamlar we olaryñ yzynda galan gözýaşly, bagry girýan perişde dek çagalar...."
Esli wagt täsirinden çykyp bolmajak bu eseri biriniñ beren gürrüñinden däl-de, özüñiz okasañyz has ýerine düşer.

◆    ◆    ◆

"Töhmet belasy" powesti

90-njy ýyllar... Ýakasy gaýyşly worzakonlaryñ ot gorsaýan döwri... Aşgabadyñ häzirki ak mermerli binalar tutup oturan baýyrlarynyñ birwagtlar ýöne bir boş baýyrlyklar wagty... Belki-de ol baýyrlar käbirleri üçin boş baýyrlykdyr... Ýok. Käbirleri üçin ol baýyrlar hasaplaşyk meýdanydy, goçsuraýanlaryñ süsüşip oýnaýan ringidi, jenaýatçylykly haklaşyklaryñ baýrydy... Käbir pully adamlar ol ýerde biline çenli gömülip, jan gerekmi pyçak edilip, tokga-tokga pullarynyñ alynýan baýry...
Ejizlere, garyp-pukaralara howandarsyran bolup, haramhorlary soýýas diýen bolup bikanun ýollar bilen pul toplap, diñe özlerini däl, türmede oturan özi ýaly hemşerilerini hem bol-telkilikde ýaşadyp ýören we jenaýatçylykly dünýäniñ "awtoritetleri"...
Hem-de şolar ýaly horazsyrap ýören bir jenaýatçy toparyñ arasyna säwlik bilen düşen ýigit Sylap...
Dogrusy, traktorçy bolup işleýän Sylap ol orramsylara ýüz tutup barypdy. Ýagny ol kolhozyñ garawulhanasynda ýaşaýardy. Başlygyna aýdan sähelçe gyşyk gepini şugullamaklary bilen dek başyny ýok ýerden bela goýan Sylaba başlygy yrsarap gün bermeýär. Näme etmeli? Biçäre ýigit "worzakonlary" penalamaga mejbur bolýar. Emma "guwananym gara dag, gata daga gar ýagdy" diýleni ýaly, olaram bu başlygyñ towugyna tok diýesleri gelenok. Sebäbi ol aýma-aý tölemelije pajyny getirip dur. Munuñam üstesine göreniñ gelnine göz gyzdyryp ýören zynakär başlyk Sylap öýde ýok wagty baryp, onuñ aýalyna sürtenmäniñ ebeteýini tapjak bolup ýör. Munu-da añan Sylap başgarak usula ýüz tutýar. Ol Hally agadan ketegime ýabany pişik giripdir diýen bahana bilen aw tüpeñini alýar we başlygynyñ suratyny atýar-da gijäniñ içi go-golamynam ýygnap göçüp gidýär. Edil şol gije-de zannyýaman başlyk Berkelini kimdir biri ýeke oka tabşyryp gidýär. Arasynda bolan sene-mene üçinem polisiýa we tanyş prokurorlaryna arz edip ýören başlygyñ ölümi gelýär-de bigünä traktorçynyñ boýnundan düşýär...
Onuñ özüniñ bigünädigini prokururyñ sülçüsine ynandyrmak welin ýeñil iş däl. Sebäbi ýüp toýnukdan syrylyp, ähli delilleri tasa getirip Sylaba gönükdiripdiler... Sylap üçin bu töhmetden sypmaga ýeke ýol galypdy. Olam ýalançy panynyñ azabyndan öz eliñ bilen özüñi dyndarmak. Şeýle hem edýär. Wagtlaýyn saklanýan gabawhanada ertesi gün Sylabyñ ýüpden asylgy sowap giden meýdini görýärler...
Jübisinden şu hat çykýar:
"Näme üçin meniñ sözüme hiç kim ynanmaýarka? Ony öldürmänimi nädip subut ederkäm? Men jezadan gorkamok, ýöne özge kişiniñ eden işi üçin başa düşjek töhmetden gorkýan..."

Öwezdurdy Nepesowyñ "Gyrnak", Oraz Ýagmyryñ "Duman daganda" romanlary ýaly wezipeli işgärleriñ mafiýa bilen gol-gola tutuşyp gezen döwürlerinden söz açýan "Töhmet belasy" powesti okanlary biperwaý goýmajak nusgawy bir eser...

◆   ◆   ◆

"Ganhoryñ soñky sözi" powesti

Sud prosesi. Iki adamy bilkastlaýyn öldürmekde aýyplanyp jeza çäresini almagyñ öñüsyrasynda duran Sazak Seýtiýew. Sudýa höküm okamazdan öñ oña iñ soñky sözüni okamaga ygtyýar berýär. "Ganhor" başdan başlaýar. Ol Russiýada okap ýörkä Mähri atly gyzy gowy görýärdi. Ýöne Mähri heläkçilige uçrap ýogalýar. Sazagyñ garabagyr ejesi ogluny öýermegiñ ugruna düşýär. Sazak Mähriden başga gyzy hyýalyna-da getirmänsoñ, öýlenmegi kellesine-de getirmeýärdi. Ýöne ejesi özelenip duransoñ, goñşusynyñ gyzy Gözele gudaçylyga gitmäge, oña razylyk berýär. Sebäbi Gözeliñ halaşýanynyñ bardygy gulagyna ilensoñ, birinji gidende yzyny ýel çalmanka gaýdyp geler öýdýärdi. Emma beýle bolmaýar. Gyzyny kimdir birine çatjak bolup ýören Hesel eje "geliberiñ" diýýär. Şeýdibem goş birikdirilýär. Ilkinji gije gelen gelniñ "gyz" bolup çykman namys astynda galandygyny bilse-de keselbent ejesiniñ ýüregini agyrtmajak bolup, dişini gysýar. Emma Sazagyñ bagty açylan güni ýapylandygyndan habary ýokdy. Gözel urulanyny bahana edip ärini iki gezek basdyrýar. Ikinji gezek boşap gelende bolsa, ony yzyna it salyp kowup goýberýär. Ýer urup ýerde galan Sazak gije öýüne golaý bir ýerde garawul ýaşulynyñ çaýyny içýär. Gije ýarymdan agansoñ, ol ýene-de janyny barlap görýär. Has dogrusy, aýalyny öldürmegiñ kastyna çykýar. Sebäbi onuñ öñ organda işläp kowlan Maşdy milisge bilen ham-çam bolup ýörendigini bilýär. Gapyny onuñ ejesiniñ ady dakylan mähriban gyzy açýar. Garamañlaý Sazagy gyzy-da kowýar. Gyzyna gaty-gaýrym söz diýmäge bogny ysmadyk kakasy ony diñlemäb howlynyñ burçundaky döläniñ ýanyna geçip aýalyna garaşýar. Gyzy kakasynyñ elinden tutup "bize sen ýaly kaka gerek däl" diýip südenekläp başlaýar. Sazak ony urmaga dözmän itekläp goýberýär. Nerease gyzjagaz şol ýerde kellesi bijaý ýere degip ölýär. Şol wagtam aýaly howla gelip girýär. Sazagyñ eline ilen çopan taýagyndan kiçiräk turba bölegi bolýar...
Ençeme wagt gaçyp-tozup gezen Sazak çölde öñ organda işläp çykan Baýram balçy diýen päk ýürekli biriniñ maslahatyny alyp, günäsini boýun alyp, polisiýa göni barýar. Sudda bolsa ähli zat onuñ garşysyna gyzynyñ ganyna seresapsyzlyk bilen galanam bolsa, haramhor Maşdynyñ görkezmesi bilen onam bilkastlaýyn hasaplaýarlar.
Suduñ gelen netijesi atuw!

"...Şu ýere gelen adamlar meni, goý, ýazgarmasynlar. Sebäbi meniñ ilden çykma eden işim ýok. Bar eden işim, türkmençilikde bolmalysy ýaly, ilden çykanyñ hakyky jezasyny berdim. Biwepalyk edene türkmen mydama-da şeýle darapdyr. Ýöne biz ony soñky döwürde unudyp barýarys. Munuñ özi sähelçe suw meýillilere tüýs meçew bolup bilýämikä diýýän. Öýde ýaşmagyny agzyndan aýyrman ýören käbir gelinleriñ näjüre wejeralyklary edýändiklerini siz bir bilsediñiz. Hyrçyñy dişledýän ýeri bolsa - olarda döşüni gaýşardyp ýören är-de bar, men diýip ýören ýüwürji-de..."

"Ol bu hökümi eşiden dessine özüni lampa aşak goýberer öýtdüm welin, näme-de bolsa saklandy. Ýöne gamly başyny sallady".

"...Bir aýdan soñ... hökümiñ sökülip, atuw jezasynyñ 15 ýyl möhlet bilen çalşylanlygydy... Bu gezek, men onuñ keşbini näme üçindir çökder gaýgy-hasratsyz göz öñüne getiresim geldi. Ol hut şeýle-de göz öñüme geldi - HAKYKY TÜRKMENIÑ KEŞBI".

Bu powesti wagt giderip okanlaryñ türkmen edebiýatynyñ ar-namys, maşgala... ýaly mukaddes gymmatlyklary barada ýazylan iñ gowy eseri okandyklary üçin sarp eden wagtlaryna ökünmejeklerine ynanýarys...

◆    ◆    ◆

"Ýalñyz şaýat" powesti.

A.Nurgeldiýew türkmeniñ ahlak, ar-namys, maşgala gymmatlyklaryny we bu gymmatlyklara ysnat getirýän durmuş nogsanlyklaryny öz eserlerinde inçelik bilen suratlandyrmagy we okyjyny täsirinde goýmagy başarýan ussat ýazyjy. Onuñ "Ýalñyz şaýat" powestinde-de şeýle.

Jenaýat bolandygy baradaky habar alan polisiýa işgärleri wakanyñ bolan ýerine baranlarynda dañ ýañy atyp başlapdy. Organ işgärlerini bir kiçijek gyzjagaz garşylaýar. Gyzjagazyñ aýtmagyna görä, onuñ ejesi Heseliñ ýüwürjisi Atajan çopan agasynyñ öýde ýok günini peýläp, öten agşam gapyny kakypdyr we ejesine süýkenipdir. Niýetine düwüp gelen maksadynyñ bolmajagyny bilibem ony urup-ýenjip, elini-aýagyny dañyp, agzyna esgi dykyp, soñam poluñ aşagyna dykyp gidipdir. Atajan ele salynýar. Emma wakanyñ bolan ýerindäki käbir nätakyklyklardan, jebir çekeniñ görkezmesiniñ gümürtikliginden, Atajanyñ görkezmesindäki başga-başga zatlardan polisiýa işgärleri bu ýerde başga bir zadyñ bardygyny syzýarlar. Näme etmeli? Hesel öñ şäheriñ ýakasy gaýyşly jelebi. Munuñam üstesine Atajan bir gezek dört oglan bolup keýp çekmäge gidende, bile oturan dört jelebiniñ biri - şol Hesel, hatda ol şol oturylyşykda lül bolup çuw-ýalañaç tans hem edipdir...

Hesel äri ýok wagty gijäni bir oýnaşy bilen geçirmegi meýilleşdirip durka, howla Atajanyñ gelmegi onuñ ähli etsem-petsemine sogan dograýar. Delillere seretseñ-ä etmişiñ edilendigini arkaýyn Atajanyñ boýnuna ýükläbermeli. Sebäbi onuñ "Moskwiç" awtoulagy agşam agasynyñ howlusynyñ agzyna baranlygy hakykat. Sebäbi onuñ maşyny ýag dökýär... Bu we başga-da birnäçe deliller esasynda derñew bölüminiñ başlygy Esenow Atajana günäsini boýun aldyryp, meseläni birýañalyk edip dynaýjak bolýar. Emma bular ýaly gümürtik wakalardan ussatlyk bilen baş alyp çykýan jenaýat agtaryş bölüminiñ başlygy Ymamguly aga welin başgaça hereket edýär. Ol Heseliñ aragatnaşykda bolup ýören oýnaşynyñ kimdigini anyklap, işine yhlasly işgäri Kuwwat Meredowy ony yzarlamagy tabşyrýar. Kuwwat neşe söwdasyny hem edýän Akynyñ garažynyñ bir diwar beýlesinde doñuz diñini salyp ýatyrka garaşylmadyk "hezilligiñ şaýady bolýar. Garañky düşen bada garaža girip içinden gulplan Akyny göreninde ol garažyñ içinde Hesel bilen neşeden keýpini kökläp soñam haram keýpe gark bolyp duran azgynlaryñ gözli şaýady bolýar. Has dogrusy ol görenok. Eşidip ýatyr. Sebäbi arada diwar bar. Ertesi işe gelip bolan zatlart Ymamguly aga gürrüñ berýär.
Birdenem oslagsyz ýerden ýene bir habar gelip düşýär. Petik ýerde çekjek keýplerini çekip, ýetjek derejelerine ýeten işigaýdanlar agşam üşäp "Wolgany" işledip ýatýarlar. Özlerem çuw-ýalañaç. Gaz tutup boglup ölen haramhorlaryñ öñi bolsa akly-gyzylly çüýşeler...
Polisiýa işgärleri, birbada Akynyñ ýanyna gelen jelebiñ kimdigine birbada ähmiýet bermedigem bolsalar, onuñ Heseldigini görensoñlar, wakalaryñ bolşy hemme zady ýerbe-ýer edýär... "Suw küýzesi suwda synar" diýleni bolýar. Masgaraçylykly etmişden birki gün geçensoñ Heseliñ gyzjagazy kakasy bilen gelip hemme bolan zady bolşy ýaly aýdansoñ-a organ işgärlerine başky bolan wakada nämeleriñ bolandygy aýan bolýar. Asyl ol gyzjagazyna öwredip, öz-özüni dañdyran bolsa näme... Heseliñ dañlyp pola salynan ýerinden iki halta neşe hem tapyp alýar. Polisiýany täsin galdyran ýene bir zat, olam - "Heseli çöle, çopan goşuna eltip, Dañatara dakyp gaýdanam Akynyñ hut özi eken".

"Ile-güne ýaýylan wejeralyklar zerarly ynsan kalbynda dömýän harasatlaryñ üstüne-de käte şeýdip ak gar ýagsa bolmaýarmy?!
Arman, onuñ petine gar ýagýar..."

Alynan çeşme: www.kitapcy.ga

Bellik: Ýokarda agzalan powestleri www.kitapcy.ga saýtyndan okap bilersiñiz.

Edebiýat, wagt tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir