MUHAMMETGULY ATABAÝEW

XX asyryñ başynda özüni görnükli magaryfçy we metbugatçy hökmünde tanadan Muhammetguly Atabaýew häzirki Bäherden raýonynyñ Nohur obasynda 1885-nji ýylda dünýä inýär. Ol ilki Tejendäki rus-türkmen mekdebinde başlangyç mugallymçylyk seminariýasyny tamamlaýar. Okuwy gutaran M.Atabaýew ilki Maryda, 1913-1915-nji ýyllarda bolsa Çelekende mugallymçylyk edýär. Ol 1915-nji ýylda Nohur obasyna gelýär we onda rus-türkmen mekdebiniñ açylmagyny gazanýar. Muhammetguly her ýerde bolanda hem türkmen halkynyñ sowatly bolmagy ugrunda jan çekýär. Ol bu barada öz döwrüniñ progressiw-demokratik ideýalaryny ýaýradyjylar bolan Artykgül Tekinskaýa, Ata Myradow, Gaýgysyz Atabaýew we başgalar bilen pikir alşypdyr we olar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklapdyr. Muhammetguly türkmen halkyny sowatly etmek, onuñ medeniýetini ýokary götermek üçin metbugat sahypalarynsa yzygiderli çykyş edipdir. Biz onuñ şeýle pikirlerini Muhammetgulynyñ "Закаспийская туземная газета"-nyñ birinji sanynda ýazan "Türkmen halkyna" diýen makalasyndan başlap, ömrüniñ ahyrynda ýazan "Mollalara, Orazgylyç molla jogap" diýen makalasyna çenli aýdyñ görýäris.
Muhammetguly 1915-nji ýylyñ 3-nji iýunynda ýazan "Ylym, okamak hemmä parzdyr" diýen makalasynda halky ukudan oýanmaklyga, işan-mollalaryñ toslamalaryna gulak gabartmazlyga, okuwly bolmaklyga çagyrýar. Bu çagyryş mollalaryñ, ylaýta-da, Orazgylyç mollanyñ gonjuna gor guýýar. Şol sebäpli hem işan-mollalar Muhammetguly Atabaýewiñ oglan-gyzlary okatmagyna, olaryñ täzeçe terbiýelenmegine garşy bolýarlar, emma M.Atabaýew bu işde çetde durup bilmeýär. Ol 1915-nji ýylyñ mart aýynda "Закаспийская туземная газета"-da "Aýallar nadan bolsalar, özümiz günäkär, olary okatmaýarys" diýip ýazypdyr. Bamyly molla Orazgylyç Muhammet ogly bolsa, diñe bir aýallaryñ däl, hatda erkek adamlaryñ hem sowatly bolmagyna garşy bolýar, çünki yzagalak, nadan adamlary ezmek, aldamak ýokary gatlagyñ wekilleri üçin añsat düşýär. Şol sebäpli ol 1915-nji ýylda gazetde eden çykyşynda: "Türkmen taýpalaryna okuw-ýazuw öwretseñ, ogrulara ýarag beren ýalydyr" diýip, obany magaryflaşdyrmaklyga päsgel berýär. M.Atabaýew oña jogap edip ýazan "Okuw we türkmen mekdebi" diýen makalasynda: "Millete hemme zatdan, iýmekden-içnekden beter gerek zat okuw, ylymdyr" diýip belleýär. Mekdepler açyp, çagalary okatmak, sowatsyzlygy, medeniýetsizligi ýok etmek meselelerini öñe sürýär. Atabaýewiñ bu pikiri şol döwrüñ öñdebaryjy adamlary tarapyndan goldanylýar.
Bulardan başga-da, Atabaýewiñ ýokarda ady tutulan gazetiñ sahypalarynda "Türkmen okuw mekdepleri", "Täze çykan türkmen okuwy", "Köp aýallylaryñ bagty bolarmy?", "Türkmen aýallarynyñ zehini", "Geýilýän geýimler türkmenler arasynda" diýen ýaly onlarça makalasy neşir edilýär. Bu makalalaryñ adyndan belli bolşy ýaly, şol döwrüñ zerur çözülmeli meseleleri orta atylýar. Muhammetgulynyñ her bir makalasy reaksion dindarlara garşy urlan zarba bolýar. Atabaýew halky geljege umytly garamaga ruhlandyrýar. Ol diñe metbugat üsti bilen däl, iş üsti bilen hem asylly ideýalaryñ amala aşyrylmagynda uly rol oýnaýar. Çelekende, Nohur obasynda täze mekdepleriñ açylmagynyñ inisiatory bolýar.
M.Atabaýewiñ öz döwründe halk üçin çeken zähmeti, ýazan publisistik makalalary dilçiler, edebiýatçylar, taryhçylar üçin uly ähmiýete eýedir.

Allaberdi ORAZTAGANOW,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.

http://www.kitapcy.ga/news/muhammetguly_atabayew/2019-05-11-6870

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir