ŞU GIJE MEN SAÑA IKILIK ETDIM...

Şu gije men saña ikilik etdim...
Ýöne utanmadym eden işimden.
Bolşumdan
duýmadym wyždan azaby,
Çünki sensizligiñ etimden geçip
Sünküme ornaşan ajy güzaby
Jyda düşürmänkä akyl-huşumdan
Içip-içip meýin puşmansyzlygyñ
Şu gije men saña ikilik etdim.
Bäh, ilkinji gezek seni unutdym,
Hoşal boldum eşekligmiñ joşundan.
Meniñ bilen ýassygyny paýlaşan
Zenan bolsa kirpigimden,
gaşymdan,
Gözlerimiñ arasyndan düýrügip
Dişläp-dişläp gulaklarmyñ mämesin,
Pişik kimin dyrtmalanda döşümden...
Şu gije men saña ikilik etdim.
Soñ arkamy öwrüp bükülip ýatdym,
Aldym lezzetini biwepalygyñ.
Imansyzlañ muny duýaýsa şobat,
Dumly-duşdan atjak myjabatyna
Ýygrylmady señrigimden başga zat.
Sebäp seniñ daglap giden jigeriñ
Ýoluşdyryp zyñdym-da gan damaryn
Şu gije men saña ikilik etdim.
Ha bukulman etdim,
bukulyp etdim.
Şonda şol gözeliñ yhlasyn görüp
Duýdum hijem maña mähir bermäniñ.
Eger seni bir gün tutmaly bolsa,
Meniñ däl-de, tutsun şonuñ yhlasy
Jezasyn çek meñ elimde durma:nyñ...
Bolsam-da Allanyñ öñünde asy,
Şu gije men saña ikilik etdim.
Soñ seni hiç haçan ýatlamajagmy
Ýatlanymda öz-özümden hopugyp,
Duýmasam-da wyždanymyñ sesini
Ajy gözýaş içre ýykylyp ýatdym.
Sebäbi men saña ikilik etdim!

Has TÜRKMEN.

http://www.kitapcy.ga/news/su_gije_men_sana_ikilik_etdim/2019-08-11-7763

Edebiýat, wagt tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir