Hindistanyñ gurbanlykda sygyr öldürmek meselesi bilen baglanyşykly ýüzlerçe we müñlerçe musulmanyñ öldürilmän we pajygaly wakasyz geçen bir ýyly-da ýokdur. Iñlisler bu gapma-garşylygy ýitileşdirmek üçin musulmanlaryñ arasynda bir sygyr öldürmegiñ ýedi sany goýun keseniñden has sogaplydygy barada pikiri wagyz etdirýärler. Beýleki tarapdan bolsa, induslaryñ arasynda sygyr hudaýlary ölümden halas etmegiñ sogaplygyny propoganda edýärler. Olar bu gapma-garşylygy Hindistandan çekilensoñlaram dowam etdirdiler. Muña mysal hökmünde premýer-ministr Musaddygyñ döwründe Eýranda neşir edilen "Ittilaat" žurnalynda şeýle hadysa beýan edilýär:
Gurban baýramynyñ bir gününde sakgally-sarmykly, selleli we donly iki sany musulman gurbanlyk etmek üçin bir sygyr satyn alýarlar. Soñam sygyry yzlaryna tirkäp, induslaryñ ýaşaýan ýerinden geçýärler. Birdenem olaryñ öñünden bir indus zompa çykýar we sygyry näme etjek bolýanlaryny soraýar. Olar sygyry gurbanlyk üçin alanlaryny aýdýarlar. Indus bolsa aýagaldygyna zörledip başlaýar:
"Eý jemagat! Ýetişiñ musulmanlar biziñ hudaýlarymyzy gurban etjek bolýarlar!
Sygyry alyp barýan iki musulmanam indusdan kem galman gykylyga başlaýarlar:
"Eý musulman doganlar! Ýetişiñ induslar gurbanlyk malymyzy elimizden aljak bolýarlar!"
Induslar we musulmanlar toplanýarlar we nämäniñ nämedigine düşünmän biri-birlerine garşy elleri taýakly, pyçakly topulyp, uruşmaga başlaýarlar. Ýüzlerçe musulman we indus wepat bolýar...
Emma dawa gyzyşan badyna sygyry indus mähellesiniñ içinden geçiren iki "musulmanyñ" assyrynlyk bilen iñlis ilçihanasyna girip gidendigini görerler. Bu ýagdaý bu pajygaly pitnäni döredenleriñ iñlislerdigini görkezýär. Bular ýaly wakalary gözi bilen gören ýazyjy Gurban baýramynda Hindistandaky musulmanlara nähili pajygaly wakalaryñ sowgat edilýändigini gynanç bilen belläp geçýär. Musulmanlary ýok etmäge çalşylan sütemleri we pitneleri ýatlanyñda, ýokarda agzalan bu fakt olaryñ ýüzlerçe, hatda müñlerçesinden biridir.
M.Syddyk GÜMÜŞ "Iñlis jansyzynyñ ýatlamalary" ("Hemper syrlaryny açýar"), "Hakykat" neşirýaty, Stambul-2012, 90-91-nji sahypalar.
Alynan çeşme: www.kitapcy.ga
Hindistanda Gurban baýramyndan bir gün..
-
wagt
4 months ago
- Jansyz we "casus" diýen iki sözüñem köki "jewasis" diýen sözden, gadyrdan @Nepes 29. Jewasis - bir ýurduñ başga bir ýurtda şol ýurduñ gizlin döwlet syrlaryna aralaşyp, olary özüni bu işe ygtyýarlandyrylan tarapa, ýagny öz ýurdunyñ gizlin gullugyna (kontrrazwkasyna) ugradýan adama diýilýär. Içaly başga, jansyz başga, jansyzlar öz ideallaryna ölse-de dönüklik etmeýär. Türkmen jansyzlary dan Aga Berdiýewiñ, Nury Berdiliýewiñ geçen ömür ýollaryny öwrenip gör. Adyndan belli bolşy ýaly şolar hem jansyzdy, emma içaly däldi. Jansyzlar öz yurdunyñ bähbitlerine gulluk edyaler. Hernaçe musulmanlaryñ zyyanyna hem bolsa, Hemper hem oz yurdunyñ syyasatyna gulluk eden jansyz. Sozleri dogry terjime etmek gerek. Nadogry terjimeler bilen yonekey okyjylaryñ añyny bulaşdyrmañ.
Nepes29 4 months ago- casus içaly diymek bolya, jansyz dal