Gaty täsin eken tama diýlen zat,
Bir peýda bermeýän ekeni etseň,
Emma garaşmadyk wagtyňda Amat,
Getirýän ekeni sen ony üzseň.

Tama edip sen bir Gyza Garaşan -
Wagty, dolanmaýar ol Gyz yzyna,
Ahyr bu hal bilen sen ylalaşan -
Wagtyň, görünäýýär ol Gyz gözüňe.

"Şunuň bilen meniň sözüm alyşdy"
Diýip, biri bilen dost boljak bolsaň.
Duýman durkaň ýagyrnyňdan sanyçgy.
Sançýan eken ýaňky dost diýjek kimsäň.

"Muň häsýeti başga, meňkä meňzeş däl"
Diýip, sen birinden durýarsyň gaça,
Ýöne seniň şeýle pikir edeniň,
Seň bilen bäsleşmän, saňa erjeşmän,
Öwrülýän ekeni jomart ýoldaşa.

Eger "Tama" sözün tersine ýazyp,
Goýsaň, okap bilýäň "Amat" sözüni,
Amat gelmek üçin, ortadan üzüp,
Goýmaklyk gerekdir tamaň ýüpüni.


Ýolagçy


~~~~~~~~~~~~
Essalamwaleýkum eziz agzalar, gowumy ýagdaýlaryňyz?! Sizlere türkmen websaýtlarynyň arasyna ýene bir websaýtyň goşulandygyny habar berýän. Bu saýt dek düýn agşam öz işine başlady. Saýt geljekde ulanyjylara peýdaly bolar diýip umyt edýäs. Nesip bolsa onuň içine ençeme gyzykly maglumatlar, çeper eserler ýerleşdirer. Girip görmegiňiz haýyş edýäs.

Websaýtyň ady. tolkun.ml

Ýaş programmaçy dostumyz oň adyny şeýle atlandyrypdyr.

Edebiýat, Umman tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir