OÝNAŞ BILEN GEZIP ADY ÇYKAN MEŞHURLAR

Dünýäde birentek sungat işgärleriniñ şahsy durmuşy oýnaş söýgi gatnaşyklary bilen lerzana gelip, halkyñ diline düşüp durýar. Olaryñ arasynda türk dünýäsindenem siziñ tanaýan birentek artistleriñiz we aýdymçylaryñyz bar..

■ Deniz Seki & Hüsni Şenlendiriji

Deniz Seki 2006-2009-njy ýyllarda maşgalaly we iki çagaly azerbaýjan klarnetçisi Hüsni Şenlendiriji bilen "gezdi". Hüsniniñ aýaly Nazira Şenlendiriji äriniñ Deniz Seki bilen arasynyñ barlygyny bilip, žurnalistleriñ öñünde Deniz Sekä agzyndan gelenini sögüpdi.
"Narkotiki serişdeleri satmakda" aýyplanyp türme tussaglygynda oturan pop aýdymçysy Deniz Seki ýakynda 2014-nji ýyldan bäri oturan Bakyrköýiñ aýallar türmesinden boşadylypdy.

■ Kaýa Çilingirogly & Feraýe Tanýolaç

Hülýa Awşar ýaly meşhur aktrisanyñ adamsy Kaýa Çilingiroglynyñ ady hemişe oýnaşly myş-myşlardan galman geldi. Awşar her gezegem ony bagyşlaýardy, ýöne Hülýa bilen Kaýa är-aýallyk gatnaşygyna 11 ýyldan soñ soñky nokady goýmaly boldular. Muña bolsa, elbetde, Feraýa Tanýolaç sebäpkär boldy.
Kaýa Çilingirogly aýaly bilen aýrylyşansoñ Feraýe Tanýolaç bilen nikalaşdy. Muña garamazdan, ýakynda Çilingirogly Hülýa Awşara hiç haçanam ýüregi bilen ikilik etmändigini mälim etdi.

■ Hülýa Awşar & Tanju Çolak

Aslynda Hülýa Awşaryñam geçmişi Kaýa begiñkiden ibaly däl. Ol geçen asyryñ segseninji ýyllarynda şol döwrüñ meşhur futbolçysy Tanju Çolak bilen "gezip" uly iliñ diline düşüpdi. Çolak aýalynyñ we bir çagasynyñ barlygyna garamazdan uzak wagtlap Hülýanyñ etegine ýapyşdy ýatdy. Hernä "Zeleliñ ýarsyndan gaýtmagam bir peýda" diýlenini edip, 1991-nji ýylda ýyldyz futbolçy maşgalasynyñ arasyna dolanyp bardy.

■ Kudret Sabanjy & Sanem Çelik

Kinorežissýor Kudret Sabanjy aktrisa Esra Akkaýa bilen ýaşaşyp ýörenem bolsa, aktrisa Sanem Çelik bilen "tutuldy".

■ Mustapa Jejeli & Selin Imer

Türkmenistanda hem konsert berip, muşdaklaryny begendirmegi başaran Mustapa Jejeli aýaly bilen aýrylyşandygyny aýdanam bolsa, aýrylyşan badyna Selin Imer bilen öñ düşen suratlary ile ýaýranda, girere deşik tapmady... Bolsa-da, Jejeli mert çykdy: ýakynda ol oýnaşy bilen nikalaşan bolsa näme... :)

■ Ziýnet Sali & Antoniý Marşall

Birnäçe ýyl bäri öz göwnüne laýyk şazadasyny tapyp bilmeýän Ziýnet Sali ahyrsoñy negr oýnaşynda "çyn söýgüsine" gowuşdy. Fotožurnalistleriñ eline düşen Ziýnet Saliniñ oýnaşynyñ öñem aýalynyñ we iki çagasynyñ barlygy hemmeleri haýrana goýdy.

■ Oýnaş tutunmak edähedine hünärmenleriñ beren düşündirişleri

"Maşgalaly erkekler bilen "gezýän" aýal-gyzlarda çagalykdan bäri ene-atasy bilen baglanyşykly problemalar bar. Wagtynda kaka mährine zar bolan aýal-gyzlar tapan erkeklerinde mähir tapmaga çalyşýar. Bularyñ çöwre tarapy bolsa, elbetde, eneleri. Aýaly barka keseki aýal-gyza gyzygan erkekleriñ aglabasy çagalykda lälik saklanylýar. Olaryñ köpüsi köplenç enesiniñ goltugynyñ aşagynda ulalan ejemogullar bolup çykýar. Olaryñ "gezýän" aýal-gyzlarynyñ sany köpeldigiçe, özlerini "erkek" we "ilden üýtgeşik" saýýarlar. Oýnaş gatnaşyklarynyñ köpüsi özdiýenli, güýçli enäniñ we gowşak, ejiz atanyñ miwesidir".

Aşkym KAPYŞMAK,
Etika ylymlary boýunça hünärmen.

* * *

"Bular ýaly gatnaşyklaryñ düýp sebäbi maddy bähbitlere esaslanýar. Meşhur aýal-gyzlar aýdym-saz albomyny çykarmak, mahabat bermek we añsat ýol bilen özlerini tanatmak isleýärler. Muña bolsa, elbetde, olaryñ "gezýän" erkekleri maddy hemaýatkärlik edýärler. Şol sanda maşgalaly erkekler hem meşhur aýal-gyzlar bilen gatnaşyk saklaýandyklary bilen öwünmek arkaly özleriniñ aýal-gyzlar tarapyndan näderejede arzuw edilýän elýetmez erkekdiklerini görkezmek isleýärler".

Alanur ÖZALP,
psiholog.

* * *

"Maşgala bir gurlandan soñ yza dolanyp bolmaýan ýoldur. Maşgalalydyklaryna garamazdan dürli-dürli kişiler bilen gatnaşyk saklaýan adamlar az däl. Käbir aýal-gyzlar we erkekler şular ýaly ýagdaý bilenem tanymallyklaryny artyryp bilýärler. Maşgalaly erkekleriñ hususanam meşhur aýal-gyzlar bilen "gezmegi" pes derejeli kompleksden gelip çykýar".

Professor Kerem DOKSAT,
psihiatr.

* * *

"Eger zenan özüni betbagt saýsa, başga bir zenanyñ bagtyna göriplik edip biler. Maşgalaly erkek özünden has gurply ýaşaýan bolsa, onda ol bu ýagdaýdan peýdalanmaga çalşybam biler. Şol bir wagtyñ özünde haýsydyr bir erkek ärli aýal bilen gatnaşyk saklasa, munuñ oña maddy we ruhy taýdan zeperi ýetmänem biler".

Selin KARAJEHENNEM,
psiholog maslahatçy, terapist.

Çeşme: www.kitapcy.ga

Täzelikler, wagt tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir