Meniň bu ýylky tomus dynç alyşym geçen ýyllardakylardanam ajaýyp geçdi. Bu meniň kursdaşym Wiktor üçinem şeýle bolandyr. Biz soňky ekzamenlerimizi hem üstünlükli tabşyryp, samolýotly Sankt-Peterburgdan Aşgabada tarap uçduk. Aşgabada baranymyzdan soň, uçardan düşüp biraz dynç aldyk. Ondan soňam 18:00-däki gatnow bilen ugrumyzy Daşoguza gönükdürdik. Men Daşoguzly bolanym üçin biz şol ýere barýardyk. Kyrk bäş minudyň dowamynda-da uzak aralygy geçip, Daşoguzyň howa menziline baryp gonduk. Ol ýerde biziň öňümizden çykyp, bizi garşylanam meniň synpdaşym Kakyş boldy. Biz oň bilen salamlaşyp, hal-ýagdaý soraşanymyzdan soň az wagtyň içinde biziň öýmüze baryp ýetdik. Meniň Sankt-Peterburugdan öz ýanym bilen öýe Wiktory hem eltenimi gören Dädem bilen Ejem hem-de inilerim bizleri kiçiräk toý görnüşinde garşy aldylar. Olar bizleriň bararmyza garaşyp alada baryny edipdirler. Dädem erkeç soýupdyr, Ejemem onuň etinden salyp, palow bişirip ony demine goýan ekeni. Öýe ýetip barmagymyz, Dädem we Ejemiň hal-ýagdaýymyzy soraýyşlary bize ýadow hallydygymyzy unutdyrdy goýdy. Öýüňe dolanyp gelmek juda ýakymly. Dädeň bilen oturyp çaý içmek hasam bahasyna ýetip bolmajak ýagdaýdyr. Şol güni Dädem gumdaky düýelerimiziň ýagdaýy hakynda gürrüň açanda, biziň ýadowlygymyz düýpli aýrylyp gitdi. Ýadowlygymyz-aa bir aýryldy, üstesine bize mysaly Peterburga ýene iki gezek baryp gelmäge ýetäýjek güýç-kuwwat gelen ýaly bolaýdy. Dädem şol günüň ertesi düýelerimiziň halyny görmäge hem-de olary bakyp ýören agam Geldä harç alyp gitmegi meýilleşdirýän eken. Wiktor ikimiz hem muňa gaty begendik. Meniň üçün-ä bu: agam bilen tiziräk ýüzbe-ýüz görüşmegiň mümkinçiligidi. Imoda habarlaşýanymyz bir başga, ýanyna baryp görüşmegiň özi düýbünden başga bolýar. Wiktora hem bu: düýelerimizi hem-de Garagumuň landşaftny tomaşa etmek üçin gaty amatly ýagdaý boldy. Baran günümüziň ertesi hem Dädem, men, Wik hem-de synpdaşym Geldi bolup guma agamyň ýanyna ýola düşdük. Obadan maşynly çykyp barýarkak obamyzyň içini synlamak hem meniň üçin ýakymly pursatlardy. Uzak wagtlap obamda bolmandym. Tüweleme obam ençe üýtgäpdir. Täze hojalyklar döräpdir, şolaryň hasabyna hem ol öňkisinden giňelipdir. Köçeler hem täzeden oňarlypdyr. Ýanymdaky oturan Wiktor hem töweregi haýran galmaklyk bilen synlaýardy. Biz uzak wagt geçmänkä toýun ýerleri yzda galdyryp, çägeli ýerleriň gyrasyndan girdik. Gumuň içinde-de Dädem maşyny gowy dolandyrýar. Maşyn janawer gumuň ýollaryndan uzak aralygy geçsede hiç bir ýerde batmady. Hatda ýolda çaýkanyp gyşarmady hem. Mysaly edil deňze goýberlen gämi ýaly çägeligiň üstünden ýüzüp barardy. Eger men ýa inilerim Pikabymyzy süreninde, çägäniň içinde azyndan bir gezek maşyn janaweri oturdyp goýan bolardyk. Tüweleme Dädem ukyply bolan soň gidişimiz juda tekizdi, maşyn alaňlara çykanda hem kynçylyksyz çykardy. Ýol düşmedik ýerlerde-de çägelikde batmazdan ýöräp gidiwererdi. Hä diýmän biz agamyň ýanyna ýetip bardyk. Meni gören agam juda begendi. Ony görüp men ondanam artyk begendim. Ol maňa guwandy. Ýanym bilen baran Wiktory görüp hem şat boldy. Düýeleri, çölüň gurşawyny synlamak maňa-da Wiktorada diýseň täsirli boldy. Çölüň arassa howasy maňa gerek bolup gidipdir. Biz şeýdip şol ýerde birinji agşamy agam bilen geçirdik. Ertesi hem agamy Dädem bilen öýe goýberip gumda dört gün Düýelere Wiktor we Geldi üçümiz seretdik. Olary bakyp ýörmek aslynda kynam däldi. Ol jandarlaryň ot iýşi, şeýlede şu ýylky bolan köşekler Wiktorda uly täsir galdyrypdy. Ol olara juda haýran galyp seredýärdi. Ol ýerde bitýän ösümlikleriň hili hem kursdaş dostumy haýran galdyrdy. Agşam wagty o:t ýakyp oturanymyzyňam keýpi başgaçady. Bir hepdäniň dowamynda biziň çöldäki gezelenjimiz tamamlandy. Men soňra: hem gezelenç, hemem zyýarat etmek magsadynda Görogly etrabymyň gündogar-günorta künjeginde ýerleşýän Bedirkent galasyna barmaklygy teklip etdim. Bu teklibi diňlän Dädem, agam we Wiktor teklibi höwes bilen goldadylar. Biz onsoň teklibiň eden günümiň ertesi säher bilen ýanymyza synpdaşym Geldini hem goşup, bäş kişi bolup Batyr kente - ýagny Bedirkende tarap ýola çykdyk. Ol ýeriň sebiti bizleriň şöhratly, buýsançly we keramatly atamyz Gurbanmämmet Serdaryň biz Ýomutlar üçin duşmanlara garşy göreş alyp baran ýeridi. Elbetde muny bilmeýen ýokdur. Gurbanmämmet Serdaryň ýagny JüneýtHany keramatly diýmegimiň sebäbi onda keramat bardy. Aýtmaklaryna görä ony ruslar tüpeňden näçe atsalarda atamyzy öldürip başarmandyrlar. Atylan oklar Hanyň garnyna degip, dürtülip durýan eken. Emma içine gitmez eken. HanJüneýt bilindäki guşagyny çözüp "Bää bu orsuň oky ýaman köp eken" diýer eken. Guşak çözülenden soň donuň daşyndan garnyna dürtülüp duran oklar patyrdap ýere dökülýän eken. Muny gören onuň nökerleri hem bu hala agyzlarny açyp geň galar ekenler. ALLA TAGALLANYŇ ýolunda yhlasly bolup, takwa gezen adamlaryň keramatly bolýandyklary hakykat. Olary ALLA penalasa hiç kim öldürip bilmez. Keramatlylaň ýene biri Atajan işan hakynda hem köpler oňat bilýän bolsa gerek. Bedirkent galasyna ýetip baryp biz ol ýerleri zyýarat etdik. Gala galyndylaryna gezeleç etdik. Ol ýerde häzirem mertligiň, gaýduwsyzlygyň ruhy höküm sürýär. Ol ýerde bolan wagtymyz bu hal biziň ýüreklerimize täsir edip, ruhumuzy göteripdi. Kursdaşym Wiktora-da bu ýerleri synlamak täsirlidi. Biz soňra ol ýerden gaýdyp. Bedirkent galasyndan demirgazyk günbatarda ýerleşen Toýly ussanyň galasyna tarap ugur aldyk. Ol ýeri hem buýsançly ýer. Toýly ussa hem HanJüneýt ýaly edermen adamdy. Ol hem HanJüneýt bilen bilelikde rus basyp alyjylarna we komunistlere garşy göreş alyp barypdy. Ýöne ol hakyndaky maglumatlar näme üçindir hiç bir arhiw materiallaryna, okuw kitaplaryna girizilmändir. Ýogsa Toýly ussanyň edermenligi hem ilimiziň içinde gürrüň edilýär. Dädem ol hakynda köp zat aýdyp bererýär. Jüneýit Hana bäş atar tüpeň ýasap berenem Toýly ussady. Ençe uruşlarda hem ol HanJüneýt bilen bilekde ýaňky aýdyşym ýaly ilimizi gorapdy. Iň soňunda ähli hereketler we synanşyklar netije bermän soň HanJüneýt Eýrana geçmeli bolanda onuň arkasyndan ruslary goýbermäni duran hem Toýly ussady. "Serdar sen arkaýyn gidiber bulary özüm saklen" diýen Toýly ussa Gurbanmämmet Serdara soňky damja ganyna çenli wepadar egindeş bolupdy. Iki sagatlyk wagtdan Pirli ýerlere bolan biziň zyýaratymyz we syýahatymyz ahyryna ýetdi. Dädem dagylar bilen Ol ýerlere ýylda diýen ýaly barsak hem her gezek ilkinji gezek barýan ýaly ol ýerlerden täsirlenerdik.

Wiktor bilen dynç alyşymyzyň ýatda galyjy pursatlarynyň ýenede biri, bu gawun baýramçylygynda bolupdy. Dädemiň obanyň çetinde eken gawunlary juda tagamly ýetişipdi. Olaryň öz tagamy, gaýnadylyp toşap edilen halyndaky tagamy hem süýjidi. Hasam Daşoguzyň gürbek gawununyň tagamy başga gawunlaryňkydan üýtgeşikdir. Olardan iýmek lezzetini başga zat bilen deňäp bolmajak derejede lezzetlidi. Şu ýerde ýatlasym gelýän ýagdaýlaryň biri hem gawun toşabyndan ýüzümüzde galan yzlardy. Olar murt ýaly ýüzümizde yz galdyrardy. Dogrusy bu ýüzümize gelişmäni hem durmazdy. Uly bolsak hem çagalaryňky ýaly hereketler hem edäýýipdik.
Ine Şeýleräk wakalar biziň tomusky dynç alyşymyzy öz içine alypdy. Okuwyň başlanmagyna sanlyja günler galanda hem biz bu ýere - Peterburga dolanyp geldik. Häzir şol dynç alyşymyzyň iň täsirli ýerlerini şu ýerde mähir bilen ýatlap otyryn.

...Hä men otagyň penjiresini açyp goýupdymow. Men ony turup ýapaýyn. Otagyň içi näme üçin sowap gitdi diýsem, penjiräniň açyk galanyndan ekeni. Bu wagt Peterburugyň gijesi biraz aýazly.


Biz ýene-de dynç alyş çagynda Saparmyrat TÜRKMENBAŞY etrabyna baryp, Sarygamyş kölünde-de bolupdyk. Ol ýerde hem wagtymyzy oňat geçiripdik. Sarygamyş köli meniň üçin deňiz ýaly. Onuň aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän meýdany, suwlaryndaky balyklary, kenarlarynda we adalarynda ýaşaýan guşlary, ony deňizden pesde goýmaýar. Deňiz diýsem Sarygamyş köli meniň üçin deňiz ýaly. Biziň tomus dynç alyşymyz tas bütin Daşoguza syýahat etmek bilen jemlendi. Ysmamyt ata öwlüýäsi bilen Üç ýüz altmyş öwülýäsine hem barypdyk. Bulara barmaklyg-a maşgalamyzyň hemişeki däbi.


Ylýas Hallyýew

Edebiýat, Umman tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir