"Daşlydepe" obasynda önüp ösen Täçli atly ýigit şol obanyň ýaýlasynda ýaşylja welsopedi bilen goýun-geçi bakardy. Dogulanda onuň ýagyrnysynda göwrejigne bezeg berip duran täji bolany üçin, ejesi-dädesi ady bilen gelen çaga diýip oňa Täçli adyny dakypdylar.
Onuň goýunlarynyň sany yzynda arman-ýadaman gezeni üçin zähmetine görä ençeme bardy. Ol goýunlaryny kä güni gijesine hem tä daň atýança meýdanda gezdirerdi. Goýun-geçileriň özleri gijeleride aýyň ýagtysyna otlardylar, ýataslary gelseler ýatardylar. Täçliniň ýanynda iki sany kömekçileri bolan Peleň we Ýolbars atly tohum itleri bardy. Olaryň barlygy sebäpli goýun-geçä şagal-tilk-ä beýlede dursun, möjek hem degip bilmezdi. Täçli bu iki tohum ite güjükliginden bäri özi seredip ýolbars syratly, möjek häsiýetli edip ýetişdiripdi.

Ol:
- Men öz saýlan kärimden yhlasymy, söýgümi aýmadym. Goýun-geçilerimiň her haýsyny mährimden suwa ýakdym, owlak-guzylarny ýetim etmedim. Şu hünärim meniň bereketimiň çeşmesi. Şundan öý saldym, maşyn aldym, hojalyga traktoram aldym şuň arkasyndan. Söwer ýarymy duşuramda ejem-dädem meni şul hünärimiň bereketinden öýerdiler - diýip, söhbetdeşlik guralsa ýat-tanyşa buýsanç bilen gürrüň bererdi.
Bir güni ol goňşusy Seýidiň täze öý gurup başlandygyny eşidipdi. Seýit bolsa gurluşyk harytlarynyň gymmatlygy sezarly kynçylyk çekýärdi. Ol muny töwerekde ýaşaýan käbir adamlara gürrüň edip beripdi. Emma Täçliniň ýanynda entek bu gürrüň hakda Seýit dil ýarmandy. Megerem kynçylyk çekýänini aýtmakçy däldir ýa-ha soňrak gozgamakçydyr ol bu gürrüňi. Ýöne Täçli onuň kynçylyk çekýänini gaty gowy bilýärdi. Şonuň üçinem ol: "Seýidiň ýanyna baryp ondan hal-ahwal soraýyn, eger gerek diýse ondan kömegimi aýamaýyn" diýen netijä geldi we şeýle netijä geleniniň ertesi ir bilen goňşusy Seýidiň dädesiniň öýüne ( Seýidiň çagalykdan ýaşap oturan öýüne) bardy.

Ol baran wagty onyň howlynyň gapysyndan girenini gören Seýit ony garşy aldy.


- Gel, gel Täşli nähili ýagdaýlar? Gowymy öýdäkiler? Ejeň-Dädeň?

- Şükür ýaman däl gowy. Nähili özüňiz? Tüweleme jaýam-aa başlap goýbersiňiz. Ugurna bolsun işler.

- Sagbol, sagbol Taňrýalkasyn başyny başladyk öz-ä buýanynam nesip bolsa howlukmany assa ýuwaş alyp gideris diýip otyrys.

- Eý bolýa, nesip bolsa alyp çykarsyňyz. Bir başlansa iş diýeniň derrew gutarýa.

- Aýdanyň gelsin Täçli. Howwa, ýör öýe gireli. Çaý-paý içeli.

- Ýok sagbol Taňryýalkasyn. Meň häzirjek öýden çaý içip gelşim. Seýit men seniň kynçylyk çekýäniňi eşitdim. O näme üçin meň ýanyma barmadyň - diýip, Täçli Seýide özüniň näme niýet bilen gelendigini aýtmaga başlady.

- Hä, eý ýa agyr kynçylyk ýok. Birazajyk bolup dur, ony hem ýeňip geçmek özüme başardar nesip bolsa.

- Ýok, ýeňmek ýeke özüňe başartmaz. Bökdäp durar işiň. Şoň üçin men saňa güýjümiň ýetdiginden kömek etjek bolup ýanyňa gelişim. Häzir gurluşyk materiallarynyň nyrhy galan. Öňküler ýaly gidagada baryp satyn alyp gaýtmak aňsat, aňsat başartmaýar.

Seýit:
- Maşynymy satsam, material almak agyr düşmez.

Täçli:
- Ýok, aýdanymy ediber Seýit maşynyňy satma. Satsaň ertir ökünersiň. Muny Dubaýdan özüň ýörüte getirdipdiň. Şoň üçin biraz sür entek. Seret, beýdýäs. Sen materiallaryň jemi nyrhyny çykar, soňundanam maňa aýt. Onsoň bile bazara baryp materiallary şakur-şukur gözden geçirip alalyda, tiziräk jaýyňy bitireli.

- Sagbol Täçli maňa uly kömek etdiňeý senä.

- Bolýa Seýit, arkaýyn bol. minnetdarlyk bildirip otyrma. Kömegim degse men begenýän. Men indi turdum. Seýit diňle bir günüň gadry müň günüň gadry. Wagt geçirmäni işlere girişeli - diýdi-de, gürrüňdeşlik gutaran soň. Täçli Seýitlerden çykyp öýüne gaýtdy.

Onuň aýdyşy ýaly öýüň gurluşygy üçin çykjak ähli çykdaýjylarny hasaplan Seýit iki gün geçenden soň onuň öýüne bardy. Olar onsoň harytlary getirmek üçin bazara tarap ugur aldylar. Bazara baranlarynda bir çetden aýlanmaga başladylar. Ilki semendiň, soň bolsa agaç materiallaryň ýanynda durup olary bahalandyrýardylar. Nyrh-nowa belentdedi. Hatda harytlaryň nyrhy geçen bazardakydanam ýokarlanypdyr. Olar şonlyk bilen bazaryň içinde biraz gezenlerinden soň gerekli materiallaryň söwdasyny etdiler. Sement alyndy, polluk üçin gyrylan tagta alyndy, poluň teýinde durjak sallyk şpal alyndy. Salyň aşagynda goýmak üçin göz öňünde tutulan beton bloklaram alyndy. Kerpiçleri bolsa Daşoguzda adyny tanadan kerpiç zawodlardan almak bolardy. Olaryň meselesini "şor bazardan" çözmeseňem boljakdy.

Täçli bilen Seýit şeýlelik bilen satyn alan harytlaryny alyp oba gaýtdylar. Olary hakyna tutulan ulagdan düşürip ussalaryň gelmegi üçin taýýar edip goýdular. Ýene-de başga gerekli materiallaram alynan soň aradan köp wagt geçmäni gurulmaly jaý dessine bitip girip ýaşabermek üçin taýýar boldy.

Täze jaýyň sadakasyny bereninden soň Seýit maşgalasy bilen oňa göçüp bardy. Seýit Täçliden gaty minnetdardy. Ol şeýle diýdi:

- Dört çaryýarlar ýaly Täçli kömek bermek üçin meň ýanyma geläýdi. Eger goldaw diýip maňa göterimsiz karz bermedik bolsa onda meň öýümiň bitmegi gümanady. Nesip bolsa, Alla kuwat berse men bu adamyň eden kömegini gaýtararyn. Onuň karzyny uzak wagt geçirmäni üzjek bolaryn.


Awtory: Ýolagçy

Edebiýat, Umman tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir