Kanadanyň dünýä belli oýun konsoly “Electronic Arts” (EA) Italiýanyň “Ýuwentus” kluby sebäpli 750 million dollarlyk zyýan çekdi. “Ýuwentus” klubunyň adyny ulanmak hukugyny elinden gideren şereket “Ýuwentusyň” ýapon kompaniýasy, EA-nyň ezeli bäsdeşi “Konami” (PES oýunlaryny öndüriji) bilen şertnama baglaşmagyndan soň, “Nasdaq” biržasyndaky paýnamalaryndan 3,5 göterimlik ýitgä sezewar boldy. Bu bolsa 750 million dollarlyk ýitgi diýmekdir. Öňümizdäki günlerde muşdaklaryň dykgatyna ýetiriljek FIFA 2020-de “Ýuwentus” kluby “Piemonte Calcio” ady bilen orun alar. Futboldan başga-da birnäçe görnüşdäki oýunlary öndürýän EA şereketiniň soňky 3 ýylda gazanan girdejisiniň 14 göterimi FIFA oýunlarynyň paýyna düşýär.

Tehnologiýa, Rakuten tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir