Matematik gyzy hiç haçan söýmäñ,
Kök astyna salyp har eder seni,
Seni söýýän diýip örtenmäñ,köýmäñ,
Ýalynsyz ot bilen zar eder seni.

Seniñ päk söýgüñi köpelder,böler Söýgüden,söýgiñi aýyryp nul eder,
Öz söýgüsin sorasañ kwadrata götär
Sagdan çepi aýryp kör eder seni.

Gidere ýer ýok skopka salsa
Senden derek galmaz bir önüm alsa
Birdenem depäñden aýyrmak gelse
Derejä göterip kül eder seni.

Integrala ýetmän sözi goýaly
Alaç ýok señkini dogry diýeli
Ol diýse dessine jany bereli
Ine sondan soñra ýar eder seni.

Beýle diýsem gyzlar öýkelemäñ
siz Gyzlaryñ seresi matematik gyzlar
Pullary tygsytly sowýandyr olar
Gyzlaryñ seresi matematik gyzlar!!

Avtor ????

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir