Daşoguzdan Görogl-a çen uzalan,
Ýoly söküp geldik ýaňja ulagly,
Gün çogundan gün reňkinden reňk alan,
Gördük ýolda atyzdaky bugdaýy.

Bugdaýlar bişipdir. Oruma taýyn,
Gyrasynda garaşyp dur Kombaýn,
Nesip etse az pursatdan HUDAÝYM,
Kombaýn orjakdyr. ( Orandyr ) ony.

Ýöne hasam ünsümizi şol bada,
Çeken zady gördük bizler ulagdan,
Daşoguzdan bärik gaýtsaň, soluňda,
Ýerleşýändir ýol gyrada post GAÝY.

Şol ýerde GAÝY-laň durýan postunda,
Skameýka bardyr telär astynda,
Skameýkaň sag ýarynda - üstünde,
Bir oglan ot:yrdy çekip çilimi.

Çilim çekip otran däl işsiz oglan,
Ol şol Kobaýna "seret" - diýip goýlan,
Görogly etrabynyň häkmniň ýollan,
Adamy. Özi hem onuň ornuny,
Şul etrapda basjak orunbasary.

Gadyrdan häkimiň orunbasary,
Saňa maslahatym algyn sen muny,
Çilm çekme zyýan. Taşla sen ony,
Ýogsam ýakyp taşlar çilim ömrüňi.

Haýpyň gelsin entek barka saglyňňa.
Häzir möwsüm. Nazar aýla sag-solňa,
Uçgun düşrip birden bugaý samanna,
Otlamagyň mümkin tutuş sen ony.

10 Iýun
Ýolagçy

Edebiýat, Umman tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir