ÝOÑ BOLAN ÖZ-ÖZÜÑI SURATA ALMAK NYSAGY

■ ýa-da PSIHOANALIZI ESASLANDYRYJY FREÝD ÖZ-ÖZÜÑI SURATA ALMAGA (SELFI ÇEKMÄGE) NÄHILI BAHA BERDI?

Dünýäniñ islendik owadan ýurduna gitseñizem, baran ýeriñizde adamlaryñ öz-özlerini surata alýandyklaryna (selfi) köp duş gelersiñiz.
Selfi çekmek täze dörän nysak diýip hasap edilse edilýändir, onsoñam "selfi" sözüniñ janly gepleşige girmesi 2013-nji ýyldan başlady we şol ýyl selfi sözi "Ýylyñ sözi" diýip yglan edildi.

■ Ego, super-ego… "selfi"?

Şeýle-de bolsa “selfiniñ” taryhy suratyñ özi ýaly gadymydyr. Ilkinji selfi 1839-njy ýylda Robert Kornelius atly amerikaly tarapyndan çekildi.
Eýsem-de her gün irden oýananymyzda aýnanyñ öñünde özümize özümizden göwnühoş synlap durkak näme üçin selfi çekýäskäk? Bu geñsi häsiýeti düşündirenimizde Zigmund Freýde ýüzlenip bileris. Köp adam ilkinji selfi çekmek el telefonlaryna ikitaraplaýyn kameranyñ ornaşdyrylan wagty bolan 2003-nji ýyldan başlaýandyr öýtse-de, aslynda ol ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, 1839-njy ýylda Robert Kornelius atly amerikaly tarapyndan çekilipdi.

■ Men özümden göwnühoş bolsam, senem menden göwnühoş bolmaly!

Psihoanalitikany esaslandyryjy Zigmund Freýd ego (ýekemenlik duýgusy), añasty (бессознательный) ýaly birnäçe adalgalar bilen birlikde terapiýany halk köpçüligine düşnükli hala getirdi.
Freýdiñ üns beren meseleleriniñ biri-de adamyñ özüne bolan söýgüsi, ýagny özünden göwnühoş bolmak duýgusy diýip boljak narsisizmdir.
Gadymy grek mifologiýasynda şeýle rowaýat bar. Günlerde bir gün Narsis atly ýaş ýigit deräniñ boýuny syryp barýarka akyp barýan dury suwly bulakdan suw içmek üçin egilende suwda öz keşbini görüp haýran galypdyr. Ol özüniñ suwdaky keşbini gujaklaşak bolup, şol ýerde gark bolup ölüpdir. Görşüñiz ýaly Narsis suwda görnen keşbine aşyk bolupdyr, netijede bolsa öz janyndan el üzmeli bolupdyr.

Makalanyñ dowamyna www.kitapcy.ml saýtyna girip şu aşakda görkezilen linkden okap bilersiñiz:

http://kitapcy.ml/news/yon_bolan_oz_ozuni_surata_almak_nysagy/2019-04-07-6389

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir