Yurdun patyshasy duysh goryar. Duyshunde onun gulagyna “Her gun pylan yerdaki guya bir sacak corek okla” diyen owaz eshidilyardi. Ol tisginip oyanyar we sargydy berjay etmegin ugruna cykyar Aradan ep esli wagt gecyar/ Bir gun ol “Her gun guya bir sacak corek oklandyryn Gel shol guya girip goreyin getiryan coreklarim nama yal bolyaka.” Diyen netija gelyar Ol guya sallananda giden bir dunyani goryar. Diyen dunyasinde yashayysh barmysh, Adamlar zahmet cekyamishler. Olaryn bir agyz sozunede dushunmedik patyshany o dunyan patyshasynyn yanyna getiryarler. Ol sha bolsa “Bu mana giyewi edilip yorite goyberlen bolmaly” diyip ony oz gyzyna oyeryar. Olardan bir caga dunya inyar. Ol caga doglan gununden hem atasynyn hem-de enesinin diline dushunyar. Yer ustunden gelen sha oglunyn usti bilen ozunin bu yere name maksat bilen gelendigini taze gayyn atasyna malim edyar. Hatda ona yureginin yerin ustuni kuyseyanini hem aydyar. “Asyl sheylemi onun yaly bolsa rugsat Yone shu okara uny yanyn bilen alyp git. Baranson ondan kulce tayyarlatda iy.” diyp gayyn atasy ona un beryar. Yerin ustune cykan sha oyune gelip ayalyna kulce bishirmegi buyuryar. Ayaly tamdyryn bashynda guymenip kulcani oda gacanynyda bilman galyar. “Yanan kulcani na yuzum bilen eltip bererin Sheytsem ol etimi duzlamazmy? ” diyen gorky bilen ony golaydan gecip baryan bir yeniyolugyn onune zynyp goyberyar. Oz unundan hamyr yugrup bashga kulce bishiryar. Sha kulcani iyip gudratyna garashyar. Emma hic gudrat gormeyar. Shonun ucin ayalyny yanyna cagyryp “Dogryndan gel menin iyen kulcam shol getiren unumdanmy? ” ony gyssap ugrayar. Ayaly gyssalyberenson dogrusyndan gelyar : -Shol yeniyolugy derrew tapyp getirin! –diyip sha perman beryar. Ony ha diyman shanyn gapysyna getiryarler. -Hany ayt yeniyoluk shol yanan kulcani iyip nahili gudrata satashdyn? – diyip sha ondan sorayar. -Ullakan gudrata satashdym merhemetli shahym. Shol kulcani iydim welin osumliklerin oz aralarynda gurleshyandiklerini bildim- diyip yeniyoluk jogap beryar. -Bar goren gudratyn shu bolsa diyip gozuni yashardyp gulyarde –Men ol baylygymy artdyrarmyka oytyardim.Yer astyndaky dunyaden berilen sowgadyn bar gudraty shol bolsa , onda jahennem bol shu taydan.-diyip ony kowp goyberyar Ol yeniyoluk osumliklerin diline dushunip olaryn hersinin haysy derde dermanlygyny bilyar. Tebipcilik edip koplerin derdine em edyar. Sheydibem ol Lukman Hekim ady bilen halk arasynda meshgurlyk gazanyar

Perhat Sabirow

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir