Är bardyr-ärleriň äri. Erki ýeter erkeklere. Han ärdir ol. Il derdine dermandyr hem melhemdir. Kyn-gyssaga ďüşülse sözi ýere salynmaz.

Är bardyr-aýalynyň äri. Erki ýeter aýalyna hem özünden önenlere, kän ärdir ol, il derdine derkardyr, sözi bihal bilinmez.

Är bardyr-ondanam bäri-erki käte ýeter aýalyna hem özünden önenlere, kän ärdir ol, il derdine ýaram ýarar, sözün diňläp bir karara gelinmez.

Är bardyr-pylanynyň äri-erki zordan ýeter özüne, "ärsumakdyr" ol. Il derdine ýarar ki aýaly höküm etse, sözi hiç terezä salynmaz.

Är bardyr-göýäki çory-erki ýetmez özüne, "ärhandyr" ol. Aýalynyň hyzmatyndaky aýal kysmy bir zatdyr ol, sözi alga alynmaz.

Är bardyr-kebzesi sary-erki ýeter täretine, "ärjandyr" ol. Il derdine ýarar ýaly kimmiş ol, ömür asla salynmaz.

Är bardyr-bilinmez bary-ýogy bisandyr ol. Il derdine ýaramaz, demin sanap ýatan wagty agzyna suw çalynmaz.

Edebiýat, *Hemedany tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir