1 ýaşyňda:Seni elleri bilen bezäp besledi, ýuwundyrdy. Bütin gije ýatyrman aglap, sagbolsun aýtdyň. 2 ýaşyňda:Saňa ýöremegi öwretdi. Seni çagyryp seslenende ondan gacyp, sagbolsun aýtdyň. 3 ýaşyňda:Saňa nahar taýýarlap berdi. Döküp-saçyp iýip, sagbolsun aýtdyň. 4 ýaşyňda: Eliňe reňkli galamlar berdi. Bütin diwarlara surat çekişdirip, sagbolsun aýtdyň. 5 ýaşyňda: Seni owadan geýimler bilen bezedi. Guma bulaşyp oýnap, üst-başyňy poh edip sagbolsun aýtdyň. 6 ýaşyňda: Saňa birtopar sowgatlar etdi. Goňşyň äpişgesini döwüp, sagbolsun aýtdyň. 7 ýaşyňda: Mekdebe äkitdi. Köçede "gitjek däääl" diýip aglap, sagbolsun aýtdyň. 10 ýaşyňda: Doglan günlere, tans mekdeplerine äkitdi. Maşyndan böküp düşüp, yzyňa seretmän gidip, sagbolsun aýtdyň. 11 ýaşyňda: Seni dostlaryň bilen kinoteatra äkitdi. Sen:"Biz bilen oturma" diýip, sagbolsun aýtdyň. 12 ýaşyňda: "TW-da erbet peredaçalary görme" diýdi. Ol öýde ýok wagty seredip, sagbolsun aýtdyň. 15 ýaşyňda: Seni lagerlere göýberdi, ýekeje hat ýazman sagbolsun aýtdyň. 17 ýaşyňda: Oturşyklara goyberdi, birje gezek jaň etmän öýüňe giç gelip, sagbolsun aýtdyň. 18 ýaşyňda: Mekdebi gutaraňda hemme gerek zatlaryňy alyp berdi. Ony dostlarym üstumden gulmesin diyip yanyňa eltmän, sagbolsun aýtdyň. 21 ýaşyňda: Saňa okuw, iş bilen bagly maslahatlar bermek isledi. "Men sen yaly boljak dal" diyip sagbolsun aytdyň. 22 ýaşyňda: Okuwy gutaraňda saňa guwanyp gujaklady. Syýahat ucin pul islap sagbolsun aytdyň. 24 yaşyňda: Durmush gurjak bolýan ýanyoldashyň bilen tanysmak isledi."Entek ir, hokman dal" diyip sagbolsun aýtdyň. 25 ýashyňda: Toy tutup berdi, begendi, duýgulandy. Sen bashga ýerlere göcüp gidip, sagbolsun aýtdyň. 30 ýaşyňda: Caga terbiyesi hakda akyl bermek isledi. "Indi beyle terbiye berlenok, ol diýýänleriň gadymy dowurde galdy" diyip sagbolsun aytdyň. 40 ýashyňda: Saňa jaň edip, bir ýakynyň doglan gününi ýatlatdy. "Işim başymdan agdyk, wagtym ýok" diyip sagbolsun aýtdyň. 50 ýaşyňda: Ol erbet keselledi, ony görmäge baranyňda ol örän begendi. Oňa "Garrylar çaga ýaly ejiz, näzik, ynjyk bolyar" diýip sagbolsun aýtdyň. Diýeli bir gün.. Ol öldi.. Bu güne çenli onuň bilen geciren wagtyň, eden işleriň ýyldyrym bolup kalbyňa urdy. Şonuň ücin entek wagt barka, entek ol dirikä, wagt aýryp gidiň, gyzyklanyň onuň bilen. Şu güne çenli berip bilmedik söýgiňizi beriň oňa... Pursat barka söýgiňizi bildiriň. Bagtly ediň. Gijä galmaň!
Howluk...
Seret wagt geçip dur!
Ene saňa ýeke gezek berilýär. Söý eneňi! Söýmegiňi dowam et! Enäniň gadyryn bilmeýän bolsaň, Enesini ýitirenden sowal et!

Edebiýat, *Hemedany tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir