Tanyşlyk, ysnyşyk, ýakyn aragatnaşyk, ilki bilen salamdan başlanýar. Adamlaryň biri-biriniň güler ýüz bilen ysnyşyp salamlaşmagy göwnüňi göterýär, şatlygyňy artdyrýar, şol adama bolan gowy garaýyşlary döredýär. Salamlaşan wagtyňda edep-ekram bilen görüşmek gerek. Şeýle pursatlarda adamlaryň synçy nazary diňe saňa gönügýär. Salamlaşmak birek-birege mähri güýçlendirýär. Onda jadylaýjy güýjüň bardygyna asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halk döredijiligine, parasatly akyldarlaryň aýdan dana sözlerine nazar salsaňda göz ýetirmek bolyar. Adamlar salamy söz bilen berýärler, elleşmek arkaly hem berkidýärler. Elleşmegiň sebäbi barada il içinde ençeme rowaýat saklanyp galypdyr. Elleşip görüşilende adamlar biri-biriniň başam barmagyny gysyp görýärler. Munda "Belki, sen Hydyr ata bolaýma" diýen many bar. Başam barmagyň süňki bolmadyk adam Hydyr ata bolýarmyş. Eger onuň barmagy süňksiz bolsa, ol adama göwün matlabyňy, isleg arzuwyňy mälim etseň, hasyl bolýarmyş diýip aýdýarlar.
Gadym zamanlardan bäri düýeli atla, atly eşeklä, eşekli pyýada, pyýada oturana, oturan bolsa ýatana salam beripdir. Uly adam kiçä salam beräýende-de ýalňyşlyk däl. Sebäbi erkek adamlar salamlaşanda, "Essalawmaleýkim" diýip salam berýärler, "Waleýkimesselam" diýip hem jogap gaýtarýarlar. Munuň özi birek-birege dynçlyk, parahatlyk, asudalyk dilemekdir. Alymlaryň pikirine görä, salamlaşmak üçin ýokary galdyrylýan el, şonuň ýaly-da görüşmek üçin uzadylan gol "Ynha, mende saňa hic hili duşmançylygym ýok, diňe rahatlyk dilemek niýetim bar" diýen manyny aňladýar.
Türkmençilikde her bir öýe giren oturanlaryň ýaşyna garamazdan, icerik salam berip girse, edeplilik hasaplanylýar. Öýde hic kim bolmasa-da öýüň hormaty üçin salam berip girilýär. Adamlaryň döwre gurap oturan ýerine baryp, salamlaşyp çykmagyň-da edebi bar. Salamlaşylanda sagat diliniň tersine, sagdan başlap çepe görüşilýär. Eger köpçülikde ataň, kakaň ýa-da ýakyn hossarlaryň bar bolsa, ilkinji nobatda, şolar bilen salamlaşmaly. Oturan adamlaryň-da salamlaşylan wagtynda sähelce ýerinden gozganmagy hormaty aňladýar. Ýöne salam bermekden saklanmaly pursatlaryň bardygyny hem ýatlasak artykmaçkyk etmese gerek. Nahar iýýäne, ukuda ýatana, hajathanadaka, hammamda suwa düşüp durana salam bermekden saklanmaly. Çagalara uly adamlara salam bermegiň kadalaryny kiçilikden öwredip bilsek, geljekki nesliň sylag-salamly bolmagy ugrunda alada etdigimiz bolar. Çünki salam bilen görýän adamlaryňyzy tanyşa, tanyşlaryňyzy dosta öwrüp bolýar.

Edebiýat, *Hemedany tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir