1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  ,
"maşgala basan şahyryň elegiýasy"

häzirki zamanmy,
öten zamanmy!
ýa geljek zamanmy - bermezdim ünsem,
bu gün öten zaman işligne bakyp,
ulydan dem alyp, otyrýan ümsüm...
- ¤ - ¤ - ¤ -
indi ençe ýyldyr, söýgi hakynda,
öten zaman bilen ýazýaryn şygyr.
eý, Taňrym! "söýýärin" diýmegiň ýerne,
"söýüpdim..." diýmeklik niçiksi agyr.
- ¤ - ¤ - ¤ -
"söýýärin sen gyzy, söýýärin!" diýip,
goşgy ýazýan günlem düýndi-le weli,
indi goşgy ýazsam "söýýärin!" diýip,
çykyp dur her ýandan her kimiň dili.
- ¤ - ¤ - ¤ -
goňşylarym diýýär: "alty çagaň bar..."
redaktor diýýär: "saçyňam çap-çal".
"söýýän! söýýän!" diýip, gaýtalap ýörmek,
indi bu ýaşdan soň – gelşikli gep däl.
- ¤ - ¤ - ¤ -
özüňe-de nep däl,
bize-de nep däl.
dogry, dogry, entek ýaşyňam köp däl.
bary-ýogy ýaňy ätläpsiň kyrkdan.
şonda-da on sekiz ýaşly gyz bilen
ýeri, aýt, nämişiň barmyşyn parkda?
- ¤ - ¤ - ¤ -
"a-haw, parka barýan meniň özüm däl,
liriki gahryman! liriki geroý!
ynanmasaň ynha mollanepesem,
hanha şipaçewem oka-da göräý - biri ýetmişinde, biri altmyşda,
ikisem hemişe parkyň içinde.
- ¤ - ¤ - ¤ -
ýeri, näme, meni jyn urupmyşmy,
aýny ýaşda, ýaňy kyrkyň içinde?"
diýip, her niçikdir olaň deminden,
müň bahana tapyp sypýaňam welin,
öýe gelseň çagajyklaň öňüňden,
gaçmaga gapy ýok, sypmaga delil.
- ¤ - ¤ - ¤ -
körpe ogluň diýýär: "kaka, aý, kaka, goşgyňy gazetden okadyk ýaňy.
bir gyzy söýýärin diýipsiň weli,
kaka, söýýän diýýän şol gyzyň hany?"
- ¤ - ¤ - ¤ -
ýüzüňe seredip has tokar ogluň,
gaýta has beterin üstüne goşýa:
"söýýän, söýýän!" diýip ýörsüňle, kaka,
kaka-da gyzlary söýer
oguşýa?!"
- ¤ - ¤ - ¤ -
ýene-de bir çagaň, has lälik çagaň,
gerşiňe atlanyp, saçyňdan çekip,
diýýär: "indikide parka gideňde
kaka, şol gyz bilen meni hem äkit!"
- ¤ - ¤ - ¤ -
ýeri enesine näme gerekmiş!
olam hezil edip gülmäge derek,
gaýta siltenjiräp, ýüzüni sallap,
ne-hä çaý getirýär, ne-de bir çörek.
gaýta hüňürdeýär: "çaý-suw isleseň!
şol gyzlaň ýanyna ötäýtmek gerek!"
- ¤ - ¤ - ¤ -
garaz bir tarapdan – çagaň, goňşylaň,
beýleki tarapdan – redaktoryň,
keýwanyň hem – üçülenji tarapdan,
şolara baglyrak seniň takdyryň.
- ¤ - ¤ - ¤ -
biri siltenjiräp,
biri öýkeläp,
biri akyl berip ýuwaş-ýuwaşdan,
"söýýän" diýen sözden mahrum etjekler...
mundanam bir mydar bormy, ýoldaşlar?!

jogaplar

gowja goshgy eken, özüma birinji gezek okap gördüm!
P.s: tema iki gezek cykypdyr, sorrylarsyñyzda! admin aga gayrat etde birini pozayda!
Hahaha hay bet gosgy ekeni! Thanks goool dayy!
Super goshgy! Lalijek cagasy bet diypdrmi indiki gezek menem akit diyip
In sonky 4 setir hasam manyly!
In sonky 4 setir hasam manyly!
Kerim Gurbannepesowyñ hemme goshgylary gowy düzülen. Taryplamaga meniñ dilim ejizlik etyär.
dogry hallboy!
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy