1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , , ,
Fewral aýynyň 16-27-si aralygynda Şri Lanka-da geçiriljek AFK Çellenj kubogynda (AFC Challenge Cup 2010) Türkmenistanyň milli ýy­gyndy topary “B” toparçada çykyş eder. Şon­da täze bellenen Ýazguly Hojageldiýewiň tä­limçiligindäki milli ýygyndymyz Demirgazyk Koreýanyň, Hindistanyň we Gyrgyzystanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşar.Türkmen futbolçylary ilki Demirgazyk Koreýa­ly futbolçylar bilen, soňra Hindistanyň, topar­çadaky ahyrky oýnuny bolsa Gyrgyzystanyň milli ýygyndylary bilen geçirer.. “A” toparça­da bolsa Täjigistandyr Mýanmanyň, Şri Lan­ka bilenem Bangladeşiň futbolçylary özara bäsleşerler.

Her toparçada ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarym finalda çykyş etmäge hukuk gazanar. Ýarym finalyň ýeňijileri-de 27-nji fewralda fi­nal “Sugathadaş” stadionynda final oýnuny geçirer. Final oýnunyň ýeňijisi bolsa 2011-nji ýylda Katarda geçiriljek Aziýa kubo­gynda çykyş etmäge ygtyýar alar. Ýeri gelende aýtsak, Hindistanyň milli ýygynydy­sy ýeňiji bolan ýagdaýynda finalçy topar Katardaky ýaryşa gatnaşar. Munuňam se­bäbi AFK Çellenj kubogynyň 2008-nji ýyldakysynda hindi futbolçylary ýeňiş gaza­nypdy we bu arzyly bäsleşige gatnaşmaga ygtyýar alypdy. Duşuşyklar Şri Lanka­nyň paýtagty Kolombodaky “Sugathadaş” hem-de “Royal Collage” sport komplek­sinde geçiriler.


jogaplar

ine taze talimcha synag..mena bu yaryshy alarys oydemok..ynam yok
pikirin hem adin yaly derekziz eken in bolmanda goldag bir ber hickim enesinin içinde fudbolcy bolanok mena garashyan oz tagymymyza
Tagym diyip soz yok,tkmche yaz barsi tkm sayt,tkm topary gowshak,name nigeriya,algeri olar doganda futbolchy bolupdyrmy enelerinin ichinde,elbetde menem goldayan emma goldanyna degenok
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy