1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , ,


Ýakynda ýurduň futbolyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Aşgabatda maslahat geçirdi.Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň geçiren maslahaty futbol klublarynyň maliýe meselelerine ýaňadan seretmeklige, olara sponsorlary tapmaklyga, şeýle hem türkmen futbolynyň abraýyny galdyrmaklyga bagyşlanyldy.Bu maslahatda ýurduň her bir futbol toparynyň býujetiniň azyndan 1 million ABŞ-nyň dollary bolmalydygy kesgitlenildi. Bu serişdeler futbol toparlaryndaky oýunçylary saklamaga hem-de ýerli we halkara ýaryşlarynda çykyş etmek üçin çykdajylaryny ýapmaga gönükdiriler. Futbol klublaryna ýurduň nebitgaz toplumy ýaly baý edaralary sponsorlyk ederler.

Futbol federasiýasynyň geçiren maslahatynda täzelikde döredilen «Altyn täç», «Aşgabat», «Ahal», «Bagtyýarlyk», «Talyp sporty» futbol klublarynyň şu ýyldan ýurduň milli çempionatyna goşulýandyklary aýdyldy.Şeýle hem maslahatda türkmen futbolynyň legendalary bolan «Köpetdag» hem-de «Nisa» toparlaryny ýaňadan dikeltmek barada-da maslahatlaşyldy. Bu iki klub maliýe ýetmezçiligi sebäpli indi üç ýyl gowrak wagt bäri ýurduň milli çempionatyna gatnaşyp bilmeýär.


jogaplar

belki allajan,mashlahatyn peydasy degsinda...
howa kim bilyar yene 1-2 yyldan legionarlar oyunchylar bolar bizde-de, Yone nasha russiadaly yaly bir ayagy yok futbolist bolmasyn yene
Ay 1mln pul aza dal,belki ronaldinho dagam geler
Futbol federasiýasynyň geçiren maslahatynda täzelikde döredilen «Altyn täç», «Aşgabat», «Ahal», «Bagtyýarlyk», «Talyp sporty» futbol klublarynyň şu ýyldan ýurduň milli çempionatyna goşulýandyklary aýdyldy.

ýokardaky klublar şu wagtam oýnaýar dälmaý?
Futbolçy! Men $ol konferensiýa Türkmenistanyñ futbol boýunça çempiony HTTU komandasynyñ adyndan gatna$dym. Türkmenistanyñ sport komitetiniñ býujetini 2010 ýyla 16 esse köpeldildi. Ýagny 8 million dollar beriljek. O diýmek nesip bolsa Türkmenistanyñ sporty gün-günden öser!
türkmenistanlı kardeşlerimizi seviyorum.herkese selam
Zhirkov dine futbolamy ya ahli sport gornushine,yokarda habarymda her topara 1mln dollar upjun etmek barada aydylan
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy