
Italiýanyň aňrybaş sport awtoulaglaryny öndürýän “Ferrari” şereketi “599 GTB Fiorano” modeline meňzedilip diňe bir sanysy öndürilen “China Limited Edition” modelini 1,2 million ýewro satdy.
Bu barada metbugata beýanat beren Hytaýyň häzirkizaman sungat ussatlaryndan bolan Lu Haonyň keramika eserlerinden täsirlenilip öndürilen “Ferrari 599 GTB Fiorano China Limited Edition” modelini Şanhaýly bir müşderi satyn aldy. Satyşdan gelen puluň Tsinghua uniwersitetiniň awtoulag inženerligi bölüminiň gowy okaýan talyplarynyň Italiýadaky “Politecnico Milano” uniwersitetinde okuw we “Ferrari” merkezinde tejribe geçmek maksady bilen harçlanar. Beýanatda ady agzalýan modeliň satylmagy bilen bagly “Ferrariniň” Pekinde gurnalan dabarasyna Mihael Şumaheriň hem gatnaşandygy mälim edildi. Beýanatda habar berlişine görä, bu awtoulagyň häzirki wagtda dünýäde az mukdarda galan we diýseň gymmat bolan “Ge Kiln” keramikasyna meňzedilip açyk ýaşyl reňkde syrça nagyşly ýörite reňk bilen reňklenendigi aýdylýar.
06 December 2009, Sunday
- dereksiz
- 16 jogap
- 437 okalan
- 2009-12-15 13:21:28
jogaplar
Adamlaray etmane ishi yok yaly,mena bolsam,5-6 mun dollara jiguli alardym,galanynam betinden sowardym
tuweleme turkmen halky mun bilen almasada uly gyzyklanar sebabi uns berip taryha goz aylasan hemise atdyr at beyle bu at eyle...
-irden tur atany gor,
atany gorup atyny gor.
-irden tur atany gor,
atany gorup atyny gor.
indi bu naky beyle dal dost,irden turup mashynyn gor,mashynyn gorup pompasyny chalysh diyilya..hahaha..
sukomoto chyndanam alayjakmay...???
sukomoto chyndanam alayjakmay...???
hahahahaha olam dogry...bir zat pikirlendirya,shoncha pula aldynda shu mashyny son name son shoncha pula satyp bolarmay..
bah...maşyna höwesjen kan.menem alaysam diyyan
yorgana göra ayaka uzat diyyar türkmenaga
pula göra maşyn alayalyn.
ya prosendıne alayalynmy? olam gowy dal...
gowsy yaşyn yeten bolsa...mator(iki ayakly alalyn)
yorgana göra ayaka uzat diyyar türkmenaga
pula göra maşyn alayalyn.
ya prosendıne alayalynmy? olam gowy dal...
gowsy yaşyn yeten bolsa...mator(iki ayakly alalyn)



