1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , ,
Roçester uniwersitetiniň geçiren ylmy-der-ňew işi tebigatyň ynsany has-da gözelleşdir­ýändigini subut etdi. Derňewiň barşynda 400 adamyň tebigatyň suratyna we şäheriň sura­tyna seredişi synlandy.

Soňra synaga gatnaşyjylar özleri hakynda berlen soraglara jogap berdiler. Soraglar yn­sanlaryň özara gatnaşyklarynyň wajyplygy, şöhrat we baýlyk hakyndady. Derňewiň do­wamynda käbir adamlara 5 amerikan dolla­ry berildi we bu maddy gymmaty özlerinde saklap biljekdikleri ýa-da birine berip biljek­dikleri barada soraldy. Tebigatyň suratyna seredýänler öz durmuşlarynda ynsanlaryň özara gatnaşyklarynyň diýseň wajypdygyny aýtdylar we şol bir wagtda özlerinde bar bo­lan 5 amerikan dollaryny paýlaşmaga taýýar­dyklaryny bellediler. Şäheriň suratyna seredýänler bolsa bu gatnaşyklaryň juda zerur däldigini nygtadylar. Olar üçin şöhrat we baýlyk has-da möhüm bolup gö­ründi. Ýanlaryndaky 5 amerikan dollaryny bolsa paýlaşmakçy däldiklerini aýtdylar.

Derňewi geçirenleriň arasyndan psihologiýa boýunça professor Riçard Rýan ynsa­nyň tebigat bilen özara gatnaşygynyň kesilmeginiň diňe bir özbaşdak adama däl, eýsem-de bolsa, jemgyýetçilige-de oňyn bolmadyk täsiriniň bardygyny aýratyn belläp geçdi. Alym Netta Weýnşteýn: “Biz- ynsanlar tebigatyň täsiri astynda galýa­rys we käwagtlar muny duýmaýarys. Bu derňew bize ýaşaýan ýerlerimizde ýaşyl meýdanlarymyzy köpeltmelidigimizi, biziň tebigata mätäçligimizi tassyklaýar” di­ýip, sözüni jemledi.



jogaplar

hakykatdanam tebigaty köp gezen adam bilen görmeyaninki tapawutly şaherdakiler bılen dagdakylar...olaryn gowresındede tapawdy gorsen bolyar...
ýöne dagdakylaryňam görmedik zatlary köp. aý men aslynda mowzuga dogry düşündim. meň aýdýanym düýbünden başga zat...
Bagt her bir adama yetdiryan zat dal. Depane BAGT GUSY gonyar diyip yonelige aydylanok. Sol bagt gusy her bir adamyn basyna bir gezek gonyamyka diyan mena. Sol bagt gusynam ucurmajak bolmaly. Bagtyn syry bolsa jan saglykda. Agzybirlikdedir. BAGT PAYLANSA ILKI BN SAGLYK BN GULKI AL. SON TAPYLAR GALAN ZADY ZYNYP GIT. Diyip KERIM sahyrymyzam bellap gecipdir
lukman hekim slm...
saglyk in uly bagt - şona sözüm ýok.
dostlar diyjek boldum
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy